Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda özbek wizasyny almak üçin her gün ýüzlerçe adam nobata durýar


Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde wiza almak üçin nobata duran adamlar. “Türkmen.news” websaýtyndan alnan surat

Şu günler Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde ýüzlerçe adamyň syýahatçylyk wizasyny almak üçin nobata durandygyny görse bolýar diýip, “Türkmen.news” neşiri habar berýär.

Neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 13-nji noýabrda çap eden maglumatynda nobata durýan adamlaryň sanynyň irden sagat 7-de eýýäm 250 adamdan geçýändigini aýdýar.

“Günüň dowamynda adamlaryň sany has-da artýar. Nobata duranlaryň aglabasy Lebap we Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary bolup, olaryň arasynda eli taýakly ýaşulular we kiçi ýaşdaky çagalar hem bar” diýip, neşir belleýär.

Aýdylmagyna görä, türkmenistanlylaryň aglabasy goňşy Özbegistana esasan ilatyň sarp edýän harytlaryny satmak we türkmen bank kartlaryndaky puly özbek bankomatlarynda nagtlaşdyrmak üçin gidýär.

“Özbegistana 20 günlük wizany alan adam birnäçe gezek ýurda girip-çykýar. Ol özüniň, dogan-garyndaşlarynyň, tanyş-bilişleriniň bank kartlaryny alyp gidýär we olaryň kartlaryndaky puluny nagtlaşdyryp getirip berýär. Ol munuň üçin kart eýeleriniň her birinden 100-150 manat pul alýar. Bank kartyna 1 dollary 3,5 manatdan salan adamlar, goňşy döwletde nagtlaşdyrylan dollary gara bazarda 19 manatdan satýarlar” diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Şol bir wagtda, neşiriň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň käbiri ilatyň bu gazanç çeşmesiniň-de çäklendirilýäne meňzeýändigini aýdyp, şeýle diýýär:

“Oktýabryň aýagynda Özbegistanyň Şawat etrapçasyna baranymda, bu ýerdäki bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bolmady. Tomus paslynda günde her kartdan 45-50 dollar nagtlaşdyryp bolýardy. Bu gezek öýe diňe $10 bilen dolandym” diýip, neşir özüni Rozymbaý diýip tanyşdyran türkmenistanlynyň sözlerini getirdi.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, bu barada Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Ýöne Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtda ykdysady şertleriň agyrlaşmagy bilen baglylykda, eklenç gözleginde ýa-da ýaşamak üçin daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlary has köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almaga synanyşýandygy, raýatlarynyň öz ýollaryndan saklanyp, hereket azatlyklarynyň çäklendirilýändigi barada hem maglumatlar bar.

Sentýabryň başynda ýurduň döwlet edaralarynyň Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň dokument işleri bilen bagly dürli kynçylyklary döredýändigi mälim boldy.

“Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň Russiýa hemişelik göçüp barmak üçin türkmenistanlylara hödürleýän programmasyna isleg artýar. Şu gün Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňüne 300-den gowrak adam üýşüpdir. Ýöne bu ýerdäki adamlaryň köpüsi türkmen häkimiýetleriniň raýatlara zerur bolan resminamalary çykarmak işlerini gijikdirýändigini ýa-da asla bu dokumentleri bermeýändigini aýtdylar” diýip, habarçy 2-nji sentýabrda gürrüň beripdi.

1-nji noýabrda Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmek isleýän raýatlaryň köpçülikleýin uçara goýberilmeýändigini habar berdi.

“Her gün reýsleriň her birinden ortaça 20-30 adam uçara goýberilmeýär” diýip, habarçy aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýokarda aýdylanlar, şeýle-de daşary ýurtlara işlemäge ýa-da ýaşamaga gidýän türkmenistanlylaryň sany hem-de olaryň duçar bolýan kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1 million 879 müňden gowrak raýatyň daşary ýurtlara çykyp gidendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG