Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ‘gülençidigi’ güman edilýän bir türkmenistanly tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýede ruhany Fethullah Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän, ýagny “gülençidigi” öýdülýän Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.

CCNTürk neşiriniň 20-nji noýabrda çap eden habaryna görä, adynyň K.İ.M. diýlip diňe baş harplary köpçülige mälim edilen türkmenistanly raýat Edirne welaýatynyň Uzynköpri etrabynda ele salyndy.

“FETÖ agza bolmakda, ýagny ‘gülençidigi’ gümän edilýän Türkmenistanyň raýaty bikanun ýollar arkaly Türkiýeden Gresiýa geçmäge synanyşan mahaly, serhet gullukçylary tarapyndan saklanyldy. Türkmen raýaty polisiýa işgärlerine tabşyrylanda, onuň ‘FETÖ/PDÝ terror toparyna agza bolmak’ aýyplamasy esasynda hasaba alnandygy anyklandy” diýlip, habarda aýdylýar.

“Gülençidigi” öýdülýän türkmen raýatynyň sud öňüne çykarylandan soňra tussag edilendigi we türmä iberilendigi hem bellenilýär. Ýöne türkmenistanlynyň sud işiniň doly tamamlanandygy ýa tamamlanmandygy, şeýle-de oňa näçe ýyl kesilendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýäniň degişli edaralaryndan, şol sanda Edirne welaýat polisiýasyndan kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda Birleşen Ştatlarda ýaşaýan dini ruhany Fethullah Güleniň durandygy öňe sürlenden soň, Türkmenistanda onuň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşiklidigi öýdülýänleriň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Aglabasy telekeçilerden, mugallymlardan we studentlerden ybarat bu türkmenistanlylaryň köpçülikleýin soraga çekilip, gynamalara sezewar edilendigi we ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edilendigi habar berildi.

2017-nji ýylyň aprelinde Azatlyk Radiosyna gowşan, Aşgabadyň şäher kazyýetiniň höküminden göçürmedigi aýdylýan dokumentde, “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamyň jemi 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýar.

Galyberse-de, şol ýylyň maýynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri “diňe Lebap welaýatynda, ‘gülençileriň hereketi’ diýilýän topara gatnaşykda aýyplanyp, azyndan 50 çemesi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar. Bu barada resmi media hem häzire çenli dymýar.

“Gülençiler” bilen ilteşigi bardygy güman edilip basylanlary tanaýanlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussag edilenler “dörän ýagdaýlaryň pidalary bolupdyrlar”.

2018-nji ýylyň iýunynda BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary Türkmenistanda “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamyň “eden-etdilikli tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netije çykardy.

Türkmen häkimiýetleri uly baýramçylyklara gabatlap ýygy-ýygydan günä geçişleri geçirýär. Muňa garamazdan, Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanylýar we türme şertleriniň ýaramaz bolmagynda tankytlanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG