Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident maslahat geçirdi. Alabaýyň heýkeline täzeden garaldy, oba hojalyga we ýyladyşa üns çekildi


Prezident Berdimuhamedowyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda türkmen alabaýynyň Aşgabatda dikiljek heýkeline täzeden garaldy.

25-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň gün tertibine beýleki meseleler bilen bir hatarda Aşgabatda dikiljek heýkeliň täze taslamasy, paýtagtda we welaýatlarda ýyladyşyň gözegçiligi hem-de oba hojalyk meseleleri girizilipdir.

Paýtagyň häkimi Şamuhammet Durdylyýew yakynda prezidentiň dykgatyna hödürlenen türkmen alabaýyň heýkeliniň täzeden işlenen görnüşini görkezdi. Türkmen mediasyndan mälim bolşuna görä, 15 metrlik heýkeliň soňky görnüşiniň öňküsinden tapawudy – itiň heýkeliniň aşagyndaky götertmäniň ýüzüne Türkmen Alabaýy diýlip ýazylypdyr. Şeýle-de, ozal ak reňkde meýilleşdirilen götertmä çägesow reňk çaýylypdyr.

Türkmenistanda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda alabaý itlerine milli buýsanç hökmünde garalýar. Synçylaryň aýtmagyna görä, türkmen prezidenti olaryň wagyz edilmegi ugrunda tagalla edýär. Resmi metbugata görä, täze heýkel öňümizdäki ýyl ulanylmaga berler. Onuň gurluşygyna döwlet býujetinden goýberilýän serişdäniň möçberi aýdylmaýar.

Maslahatda prezident Aşgabadyň häkimine durmuş desgalarda ýyladyşa gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu tabşyryk ýurt raýatlarynyň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde ýyladyş ulgamlary bilen bagly edýän şikaýatlarynyň fonunda berilýär.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 8-nji noýabrda paýtagtyň Parahat hem-de Gaudan etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigini habar berdi. Onuň tassyklamagyna görä, ýerli ýaşaýjylar ýylanmak üçin goşmaça çäre hökmünde öýlerde tok peçleri ulanýarlar. Ýyladyş bilen bagly problemalar Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Maryda we Lebapda-da saklanyp galýar.

Prezident Aşgabadyň häkimine beren tabşyryklarynda paýtagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem möhümdigini belledi. Resmi metbugat Aşgabatda ornaşdyrylmaly sanly tehnologiýalaryň jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmaýar.

Prezident welaýat häkimlerine oba hojalyk işlerini kada laýyk geçirmegi, meýdanlardan galan pagtany ýygnap almak işlerini çaltlandyrmagy, durmuş desgalaryň ýyladyşyna gözegçilik etmegi tabşyrypdyr.

Bu tabşyryk Türkmenistanda býujet işgärleriniň pagta ýygmaga mejbur edilýändigi barada gowşan soňky habarlaryň fonunda berilýär. Duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri welaýatda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, studentleriň we esgerleriň pagta ýygmaga mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berdi. AccuWeather websaýtynyň maglumatyna görä, 25-nji noýabrda Lebapda howa gündiz -2 we gije -12 gradusa barabar boldy. Azatlygyň habarçysy sowuk howa garamazdan, Lebapda lukmançylyk mekdebiniň studentleriniň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň hem-de Türkmenabatdaky Himiýa zawodynyň işgärleriniň pagta ýygmaga çekilendigini aýtdy.

Şeýle-de, wideoşekilli iş maslahatynda prezident Aşgabatda we welaýatlarda elektrik energiýasynyň, gazyň we suwuň kadaly üpjünçiliginiň gözegçilikde saklanmagyny tabşyrdy. Türkmenistanyň raýatlary şu ýylyň başyndan bäri ondan ozal mugt bolan bu serişdeleri tölegli esasda sarp edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG