Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet mediasynda paýtagtda 'ulanylmaga berlendigi' aýdylan jaýlary TW düşürmek üçin wagtlaýyn gurnadylar  


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Döwlet telewideniýesinde Aşgabadyň Parahat 7 etrapçasynda çarşenbe güni ulanylmaga berlendigi aýdylýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary, aslynda, doly ulanylmaga berilmedi.

Jaýlaryň ulanylmaga berlendigi barada telewideniýede efire berlen şekilleri taýýarlamak üçin wideo düşürilmeginiň öňýany, binalar toplumlarynyň 1-nji gatlaryndaky käbir öýlere wagtlaýyn mebel we beýleki öý goşlary getirildi. Dabara gutarandan soň, mebeller, öý goşlary we beýlekiler getirilen ýerlerine ugradyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 13-nji dekabrda habar berdi.


11-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginde paýtagtyň Parahat 7/3 şäherçesinde täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ulanylmaga berlendigi habar berildi. Efirde binalaryň açylyş dabarasyndan tansçylaryň, aýdymçylaryň we öý eýeleridigi aýdylýan täze ýaşaýjylaryň şat we şadyýan görünýän wideo şekilleri görkezildi.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýaşaýyş jaý toplumynda ulanylmaga berlendigi aýdylýan öýleriň açylyş dabarasy üçin emeli gurnalandygyny habar berýär.

“[TW-de] çarşenbe güni Parahat 7 etrapçasynda täze jaýlaryň ulanylmaga berlişi görkezildi. Adatda bolşy ýaly, telewideniýä düşürmek üçin 1-nji gatlardaky birnäçe öý wagtlaýyn gurnaldy Mebel, haly, telewizor we beýleki goşlary getirdiler. Dabara gutarandan soň, ähli mebeller we telewizorlar getirilen dükanlaryna yzyna äkidildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Döwlet telewideniýesi bu ýaşaýyş jaýlaryň bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp açylandygyny aýdýar, hem-de dabaranyň "ýokary ruhubelentlikde" geçendigini öňe sürýär. Wideoda halk tanslaryny ýerine ýetirýän milli lybasda adamlar görkezilýär.

Resmi maglumata görä, 2 sany 54 öýli hem-de 1 sany 108 öýli köp gatly ýaşaýyş jaý toplumlary ulanylmaga berildi.

Döwlet mediasynda dabarada çykyş eden medeniýet işgärleriniň “milli däp-dessurlary çeper” beýan etmekleriniň açylyşyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrandygy öňe sürülýär. Habar gepleşiginde öýleriň täze ýaşaýjylarydygy aýdylýan adamlar görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, mebeller, halylar we beýleki öý goşlary görkezilýär.

Ýöne beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, döwlet mediasynda açylandygy aýdylýan öýlerde açylyş üçin wagtlaýyn gurnalan mebeller dabaranyň yzýany yzyna tabşyryldy.

Döwlet mediasy açylyş dabarasynda jaýlaryň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara sowgat gowşurylandygyny habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal geçen noýabrda Azatlyk Lebapda pagta planyny dolan kärendeçilere häkimiýetleriň gowşuran sowgatlarynyň aslynda kärendeçileriň özlerine aldyrylandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda heniz gurluşygy doly tamamlanmadyk ýaşaýyş jaýlaryň we beýleki desgalaryň ýasama ýagdaýda TW-de emeli ulanylmaga berilmegi täzelik däl. Ýatlasak, 2016-njy ýylyň iýulynda Lebapda prezidentiň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlendigi aýdylan Berkarar Zaman obasynyň açylyş dabarasyndan soňky ýagdaýy barada Azatlyk Radiosy habar beripdi. Şonda Azatlygyň habarçylary açylyp ulanylmaga berlendigi aýdylan obadaky öýleriň içiniň gurluşygynyň heniz tamamlanmandygyny habar berdiler.

"Bereketli zaman": öň we soň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00

Wideo: "Bereketli zaman": öň we soň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG