Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününde geçirilen protestlerde aktiwistler, žurnalistler tussag edildi


Nur-Sultanda polisiýa ofiserleri Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününde geçirilen ýörişlere gatnaşan oppozisiýa tarapdarlaryny tussag edýärler. 16-njy dekabr, 2019 ý.

Hukuklaryň artdyrylmagyna we ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyryp geçirilen üýşmeleňlerde, howpsuzlyk işgärleri birnäçe sagadyň içinde ikinji gezek ara goşulyp, oppozisiýa we raýat hukuklary boýunça aktiwistlerden onlarça adamy tussag etdiler.

Gazagystanyň garaşsyzlyk güni bolan 16-njy dekabrda, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, paýtagt Nur-Sultanda protestçilerden azyndan 50, ýurduň iň uly şäheri Almatyda hem 40 töweregi adam tutulypdyr.

Gazagystanyň garaşsyzlyk güni bolan 16-njy dekabrda dörän tutha-tutluk geçen hepde paýtagt Nur-Sultan we Almatyda azyndan 20 aktiwistiň tutulmagynyň yzýanyna gabat gelýär.

16-njy dekabr protestleri Gazagystanyň öňki paýtagty Almatyda geçirilen sowetlere garşy köpçülikleýin demonstrasiýalaryň 33-nji ýyl dönümine we ýurduň günorta-günbataryndaky Žanözen şäherinde polisiýanyň nebit işçileriniň geçiren protestlerini rehimsizlik bilen basyp ýatyrmagynyň 8-nji ýyl dönümine gabat gelýär.

Nur-Sultanda protestçiler “Žanözen – Želtoksan. Asla ýatdan çykarmarys, asla bagyşlamarys” diýen şygarlar bilen çykyş etdiler. Olar şeýle hem 16-njy dekabr gününiň matam güni diýip bellenmegini talap etdiler.

Polisiýa golaýda dursa-da, ýörişlere garyşmady.

Şäher administrasiýasynyň bir wekili protestçileri ol ýerden çekilmäge yrjak bolup, ýörişe häkimiýetler tarapyndan rugsat edilmändigini, şol sebäpden bikanundygyny aýtdy. Ýöne üýşen märeke onuň bu çagyryşyny äsgermezlik etdiler.

Almatyda protestlere gatnaşanlar “Gazagystan, oýan!”, “Nazarbaýewsiz Gazagystan!”, şeýle hem “garry, çekil-de git” diýip gygyryşdylar.

Gazagystanda 30 ýyla golaý höküm süren prezident Nursultan Nazarbaýew mart aýynda garaşylmadyk ýagdaýda wezipeden çekilip, öz saýlap tutany häzirki prezident Kasym Žomart Tokaýewi özüne oruntutar etdi. Nazarbaýew ýurtda häkimiýet başyndaky Nur-Otan partiýasyna we täsiri güýçli howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk etmek bilen sosial, ykdysady we syýasy ulgamlary şindi-de öz kontrollygynda saklaýar.

Tokaýew 9-njy iýunda geçen saýlawy formal taýdan gazansa-da, ýöne halkara synçylary saýlawyň “parahatçylykly protestçileriň tutulmagy, saýlaw güni ses berişlikde bolan bidüzgünçilikler, demokratik ölçegleriň hormatlanmazlygy sebäpli garalanandygyny” aýtdylar.

Almatyda demonstrasiýa gatnaşanlar ýerli häkimler we kazylar hökümet tarapyndan bellenmeli däl, olar saýlanmaly diýip, ýurtda demokratik reformalary talap etdiler.

Almatydaky resmiler protestler rugsatsyz diýip, ýörişleriň bes edilmegine çagyrdylar. Ýöne protestçiler muny äsgermezlik etdi.

16-njy dekabrda ir bilen polisiýa tarapyndan on töweregi adam, şol sanda žurnalistler tutuldy. Geçen hepde hem Nur-Sultan we Almatyda azyndan 20 aktiwist tutulypdy. Olara üstümizdäki ýylyň başlarynda polisiýanyň buýruklaryna boýun egmezlik we bikanun ýöriş geçirmekde günä bildirilip, 15 gün türme tussaglygy berildi.

Oppozisiýada durýan “Gazagystanyň demokratik seçgisi” atly hereketi guran gaçgak tüçjar telekeçi we oppozision syýasatçy Muhtar Ablýazow Gazagystanyň iki şäherinde we beýleki ýerlerde ýöriş gurnamak üçin planlarynyň bardygyny aýtdy.

Gazagystanyň bir kazyýeti ekstremistik gurama diýip, bu hereketi gadagan etdi. Bu bolsa Ýewropa parlamenti tarapyndan syýasy sebäpli diýip tankytlandy.

“Human Rights Watch” guramasynyň iň soňky hasabatynda “Gazagystanyň 2018-nji ýyla degişli ýaramaz adam hukuklarynyň ýagdaýynda manyly gowulanma ýok” diýilýär. Gurama häkimiýetler hökümetiň alyp barýan syýasatyny tankytlaýan parahatçylykly protestlere ýol berenok diýýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG