Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta planynyň dolandygyny aýdan Berdimuhamedow ýygymy 25-nji dekabra çenli tamamlamagy tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta taýýarlamak boýunça döwlet borçnamasynyň noýabr aýynda ýerine ýetirilendigini yglan edendigine garamazdan, pagta ýygymyny 25-nji dekabra çenli tamamlamagy tabşyrdy.

16-njy dekabrda döwlet baştutany Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary diňledi. TDH-nyň maglumatynda bu hasabatlaryň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Maslahatyň çäginde prezident häkimleriň her birine aýry-aýrylykda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylynyň 25-nji dekabra çenli doly ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny tabşyrdy. Şeýle-de, ol pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin gutarnykly hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmelidigini hem nygtady.

Ýatlatsak, türkmen lideri 8-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ähli oba hojalyk işgärleriniň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigini aýdyp, döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasylyň tabşyrylandygyny yglan etdi.

Berdimuhamedowyň eden soňky çykyşy, Azatlyk Radiosynyň ýurtda pagta ýygymynyň dowam edýändigi we gowaça hasylynyň pes bolandygy baradaky maglumatlaryny gytaklaýyn tassyklady.

25-nji noýabrda Lebap welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň, studentleriň we esgerleriň pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylmagynyň we “ýygym üçin” pul ýygnamak işleriniň dowam edýändigi mälim boldy.

“Olar gowaça meýdanlarynda ýok pagtany ýygmaga mejbur edilýär. Meýdanlarda her gektardan iň köp 20 kilogram pagta çyksa-da, bu ýere azyndan 50 sany adam eltilýär. Ýygar ýaly pagta ýok. Howa bolsa, buz ýaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy gürrüň beripdi. Şuňa meňzeş maglumatlar ýurduň beýleki regionlaryndan hem gelip gowşupdy.

Awgust-sentýabr aýlarynda Azatlyk Radiosy ýurduň käbir regionlarynda bu ýyl gowaça hasylynyň pes bolandygyny, köreklemedik, ine-gana ösüp bilmedik gowaçalaryň gunçalaryny döküp başlandygyny habar berdi.

31-nji oktýabrda bolsa, Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi bu ýyl ýurduň pagta meýdanlaryndaky hasyl ýetmezçiligi bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde howsalaly ýagdaýyň dowam edýändigini gürrüň beripdi.

"Hususan-da Mary welaýatynda hasyl ýabygorly. Ol ýerde ýagdaýlar gözgyny. Borçnamanyň 30 prosente golaýynyň ýerine ýetiriljekdigi aýdylýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren çeşme aýdypdy.

Oktýabryň ahyrynda Turkmen.news neşiri Ahal we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlaryndan 22-nji oktýabra çenli ýygnalan pagta hasylynyň olaryň döwlete tabşyrmaly plan borçnamasynyň bary-ýogy 40 prosentinden gowrakdygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda ýurt boýunça daýhanlaryň gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmäge mümkinçiligiň ýokdugy – suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi barada hem ençeme gezek habar berdiler.

Galyberse-de, mart, aprel, maý alarynda Türkmenistanyň Balkan, Ahal, we Mary welaýatlaryna gelen güýçli sil martyň aýagynda ekilen käbir gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy. Şonda köp sanly kärendeçi gowaça meýdanlaryny söküp täzeden ekmäge mejbur boldy.

Bu aralykda, şu günler Ahal welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçileriň prokuraturada soraga çekilýändigi habar berilýär. Olardan ýerine ýetirip bilmedik pagta plan borçnamasynyň öwezine pul tölemek talap edilýär.

“1 tonna pagta üçin 1500 manat nagt soraýarlar” diýip, Azatlygyň ahally habarçysy 17-nji dekabrda gürrüň berdi.

Mundan öň, noýabryň ortalarynda Lebap welaýatynyň Amyderýa şäherçesinde we Köýtendag etrabynda pagta plan borçnamasyny 50 göterim ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler noýabryň başlarynda ýerli prokuratura edaralaryna çagyrylypdy.

Resmi metbugat pagta planyny dolan kärendeçileriň sylaglanyşy barada reportažlary görkezse-de, ýokarda aýdylanlar hakda maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG