Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny fondunyň bir agzasy mejbury goşun gullugyna çekildi, beýlekilere pul jerimesi salyndy


Ruslan Şaweddinow
Ruslan Şaweddinow

Kremliň garşydaşy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy Fondunyň (FBK) proýekt müdirleriniň biri mejbury goşun gullugyna çekilip, Arktika iberildi diýip, toparyň sözçüsi we oppozison ýolbaşçy 23-nji dekabrda sosial mediada aýtdy.

23 ýaşly Ruslan Şaweddinow Moskwadaky kwartirasynda tutulyp, soňra Arktika deňzindäki bir çola goranyş howa bazasynda gulluk etmek üçin 5600 kilometrlikde ýerleşýän Nowaýa Zemlýa iberilendiginden, Nawalny 24-nji dekabrda habarly bolupdyr.

Prezident Wladimir Putiniň hökümdarlygyna boýun egmän gelýän Nawalny we onuň giň gerimli umumy korrupsiýanyň üstüni açan FBK guramasy bu toparyň proýekt müdiriniň uzak regiona iberilmeginde, Kremliň liderini günäleýärler.

“Biziň Ruslanymyzy çetleşdirmek üçin, bu plany jenap Putiniň hut özi düzene meňzeýär” diýip, Nawalny aýtdy.

Oppozision ýolbaşçynyň ýarany kanuny ýagdaýda goşun gullugyna çagyryldy diýip, Moskwanyň harby komissary Maksim Loktew TASS döwlet habar gullugyna aýtdy.

Şaweddinow 23-nji dekabrda bir kazyýetiň çykaran hökümi esasynda saklandy. Bu kazyýet onuň goşun gullugyna ýarawsyzlygy barada medisina barlaglarynda gelnen netijelere salgylanyp beren şikaýatnamasyny ret etdi.

Loktewiň aýtmagyna görä, Şaweddinow 28-nji oktýabrda sanawa alnypdyr, ýöne ol öz saglygy barada goşun gullugy komissiýasynyň karary bilen ylalaşmandyr.

Şaweddinowyň şikaýatnamasyny aşaky kazyýetleriň biri 11-nji noýabrda ret etdi.

Orsýetde bir ýyl goşun gullugy 18 ýaşyna giren erek raýatlar üçin mejbury, olar bu gullugy 28 ýaşdan bärden tamamlamaly.

Goşun gullugyna täze çagyrylanlar köplenç derejesi ýokarrak esgerleriň rehimsiz kemsitmelerine we ýanamalaryna sezewar bolýarlar. Şol sebäpden ýaşlaryň aglabasy gulluga gitmejek bolup, bar mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.

Bu aralykda, Moskwanyň bir kazyýeti 24-nji dekabrda FBK-nyň adwokaty Lýubow Sobola köpçülikleýin çäreler bilen baglanyşykly iki gezek kanuny bozanlygy üçin, 16 müň dollara deň jerime saldy.

Soňky jerime oppozisiýanyň erkin munisipal saýlawlaryny talap edip, 10-njy we 31-nji awgustda geçiren ýörişlerine degişli. Moskwanyň Tagansk etrap kazyýetiniň höküm çykaran çäreleriniň ikisine-de Sobol ýolbaşçylyk edipdi.

10-njy awgustdaky ýöriş ýerli häkimiýetleriň beren rugsady esasynda geçdi, ýöne Sobolyň özi muňa gatnaşmandyr. Sebäbi, adwokatyň aýtmagyna görä, şol gün FBK-nyň edaralary polisiýa tarapyndan dökülipdir.

Garaşsyz we oppozision kandidatlar ýerli saýlawlara gatnaşyp bilmeýändigi sebäpli tutuş tomsuň dowamynda Moskwada we Orsýetiň beýleki şäherlerinde kadaly protestler geçdi. Aradan salym geçmän bu protestler Orsýetiň syýasy düzgüninden bildirilýän nägileliklere öwrüldi.

“Mediazona” hukuk toparynyň bildirmegine görä, Sobol indi tomusky demonstrasiýalar bilen baglanyşykda jemi bir million rubldan agdyk (16000 dollar) jerime bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.

Şeýle-de, 24-nji dekabrda tomusky protestler bilen baglanyşykda FBK-nyň direktory Iwan Ždanowa 25 müň rubl (400 dollar), şäher geňeşiniň agzasy Ýuliýa Galiçina hem 40 müň rubl (650 dollar) jerime salyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG