Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy sebitdäki ýagdaýlar sebäpli amerikan raýatlaryny hüşgärlige çagyrýar


ABŞ-nyň baýdagy
ABŞ-nyň baýdagy

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda amerikan raýatlaryň ählisine hüşgär bolmak maslahatyny berýär.

“ABŞ raýatlaryna ýokary derejede hüşgär bolmak we ýagdaýlardan gowy habardarlyk praktikasyna eýermek berk maslahat berilýär” diýip, Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň 4-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ilçihana amerikan raýatlaryna özlerine kän ünsi çekmezligi, töwerek-daşdan seresap bolmagy ündeýär.

Mundan başga, amerikan raýatlaryna, kömek gerek bolanda ýüz tutmaklary üçin, telefon nomerleri we beýleki salgylar berilýär.

Ilçihana “sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanmagy” diýende, nämäni göz öňünde tutýandygyny anyklaşdyrmaýar.

Bu hüşgärlik duýduryşy, 3-nji ýanwarda, ABŞ-nyň Bagdat aeroportuna uran zarbasy netijesinde, Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýlama harby bölüminiň – “Kuds” güýçleriniň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmaniniň öldürilmeginiň we Tähranyň muňa ar almak boýunça eden haýbatlarynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG