Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mazarçylykda ýaşaýan Sapargüle hem onuň çagasyna owgan türkmenleri eýe çykdylar


Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Mazarçykda bir gyz çagasy bilen ýaşaýan Sapargül atly türkmen aýaly baradaky wideoýazgy Azatlyk Radiosynyň websahypasynda çykandan soňra, oňa hossar çykdylar.

Mazarlykda ýaşaýan aýalyň ol ýerden ýygnalyp alnandygyny owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy hajy Mustapaguly baý aýtdy.

– Olary biz ýygnap aldyrdyk. Gabyrsytanda ýaşaýan türkmen gelnimizi – öz doganymyzy ýygnap aldyrdyk. Ol häzir gabyrsytanda ýatanok, oňa eýe çykdyk. Hemmämiz eýe bolduk – diýip, owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy aýtdy .

Meýdan komandiri Muhammet Nebiniň aýtmagy boýunça, Sapargülüň doganlary çagyrylypdyr. Olar Sapargüli obasyna alyp gidipdirler.

– Hajy aganyň ýardam etmegi bilen şol aýal baradaky habar onuň doganlaryna baryp ýetdi. Doganlary ol aýaly obalaryna alyp gitdiler. Türkmenler bolup, biz bu ýagdaýa aýratyn seretmeli, biz jemlenişip, özli-özümize kömek berip ýardam etmeli – diýip, meýdan komaniridi aýtdy.

Azatlyk Radiosynda wideo çap edilenden soň, mazarlykda ýaşaýan aýala eýe çykylandygyny owgan türkmenleriniň il ýaşulularyndan ýene biri Gulam Sahy Polat aýdýar.

– Sapargül diýip, bir aýal bärde – gybyrystanda ýaşaýan eken. Ol baradaky habar Azatlykdan çykandan soň, olaryň kowumlary gelip, onuň hemme zadyna biz eýe diýip, Sapargüli alyp gidipdirler. Biz Azatlyk Radiosyna minnetdar – diýip, il ýaşulusy aýdýar.

"Türkmenler bize kömek etdiler"
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:58 0:00

Sahy Poladyň aýdyşyna görä, ýüz beren kynçylyklar sebäpli bu aýal mazarçylykda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Sapargüle bu agyr ýagdaýynda Mazary-Şerif şäherinde ýaşaýan türkmenlerem kömek edipdirler.

– Bu bir kynçylyk-da, ol aýal adam – naçar, aýala kyn, onuň çagasyna-da kyn. Azatlygyň çykyşyndan soň, olary gelip görüp, ýagdaýyny bilip, Mazary-Şerifde ýaşaýan türkmenlerem kömek etdiler. Biz olara-da minnetedarlygymyzy aýdýas - diýip, il ýaşulusy belleýär.

Gynansak-da, kömege mätäç bolan şeýle maşgalalaryň bardygyny hajy Abdylla hem mälim etdi.

– Şolar ýaly sergezdan bolup ýörenler bar, Eýrandan gelýärler, başga ýerlerden gelýärler. Yzyndan sorap gelen bolsa eýe çykýarlar, eýe tapylmasa şeýle sergezdan bolup ýörler. Sapargül diýilýäniň habary bize ýitdi, oňa tiz eýe ykdylar – diýip, hajy Abdylla aýdýar.

XS
SM
MD
LG