Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan "C5+1" duşuşygynda Owganystandaky ýagdaýlary maslahat eder


"C5+1" formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar.

Türkmen delegasiýasy ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) Merkezi Aziýada geçirjek duşuşygyna gatnaşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda Owganystandaky ýagdaýlary maslahat eder.

"C5+1" formatyndaky ýokary derejeli bu duşuşyk 3-nji fewralda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda geçiriljek bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, ony durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, Merkezi Aziýanyň energetika, ulag we söwda ulgamlaryna birikdirmäge ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, TDH ýurduň daşary işler ministri Reşit Meredowyň sözlerini sitirledi.

Meredow 24-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde hasabat bilen çykyş edip, “duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki degişli resminamany kabul etmegiň meýilleşdirilýändigini” hem aýtdy.

Duşuşygyň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleleriň hem giriziljekdigi bellenilýär.

“Şolaryň hatarynda ykdysadyýet we energetika, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk hem-de adam söwdasy ýaly häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak ýaly meseleler bar” diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistan uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen ýylda 33 milliard kub metr gazy Owganystana, Pakistana we Hindistana ibermegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň metbugat serişdeleri bu halkara taslamanyň gurluşygynyň gyzgalaňly ilerleýändigini habar berýär. Şol bir wagtda, synçylar Owganystandaky howpsuzlyk şertlerini nazara alyp, TOPH-yň öňünde esasan howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, döwlet mediasy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek üçin Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilýändigi barada ýylyň dowamynda birnäçe gezek habar berýär.

2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy.

22-nji iýulda bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystana ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.

ABŞ bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky “С5+1” formatyndaky gepleşikler regional meseleleri maslahat etmek maksady bilen 2015-nji ýylda ýola goýlupdy.

Şeýle formatdaky gepleşikler soňky gezek 2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde geçirildi.

Bu duşuşyga Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG