Aşgabatda işleýän welaýat ýaşaýjylaryny ýene-de köpçülikleýin çykarýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.
"Geçen hepdede häkimiýet wekilleri döwlet edaralaryna aýlanyp, Aşgabatda propiskasy bolmadyk işgärleri işden çykarmagy talap etdiler. Diňe aşgabatly bilen maşgala guranlara eglişik edýärler. Duşenbe güni hersinde birnäçe adamy işden çykaran edaralary bilýärin" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy fewralda habar berdi.
Azatlyk Radiosyna welaýat ýaşaýjylary bolan işgärlerini işden çykaran guramalar mälim, emma biz gizlinlik we zerur howpsuzlyk şertlerini berjaý etmek maksatly olaryň atlaryny agzamakdan saklanýarys.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň bellemegine görä, paýtagtda işleýän welaýat ýaşaýjylary üçin işden kowulmak hakyky betbagtçylyga öwrülýär, sebäbi olaryň köpüsi öz maşgalalarynyň ýeke-täk eklenç çeşmesi bolýar. Welaýatlylaryň köpüsi paýtagtda gurluşyklarda we jemagat edaralarynda zähmet çekýärler.
Welaýat ýaşaýjylarynyň paýtagtdan çykarylmagyna degişli ýagdaý yzygiderli ýüze çykýar. Köplenç welaýatlylaryň ýaşaýan ýerlerine polisiýanyň dökülmegi we olaryň paýtagtdan gelen welaýatlaryna zor bilen ugradylmagy uly baýramçylyklaryň we döwlet tarapyndan ähmiýetli hasaplanýan ýagdaýlaryň öňüsyrasynda amala aşyrylýar.
Şu günler Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynda welaýat ýaşaýjylarynyň işden çykarylmagynyň sebäplerini anyklap bolmady.
Türkmenistanyň administratiw-territorial bölünişigi paýtagtdan we bäş welaýatdan düzülýär. Ýurt boýunça ilatyň sany, iş bilen üpjünçiligi we migrasiýasy boýunça resmi maglumatlar berilmeýär. Türkmenistanda ilatyň uly bölegi oba ýerlerinde ýaşaýar.
Bu ýagdaýda soňky ýyllarda ykdysady krizisiň güýçlenmegi sebäpli welaýat ilatynyň uly bölegi gazanjyň gözleginde paýtagta barýar. Aşgabada barýanlaryň arasynda käri dürli adamlar we hünärmenler bar, emma köpüsi az aýlykly işde, gurluşyklarda, bazarlarda, jemagat edaralarynda işleýär. Erkekler köplenç gurluşykda zähmet çekýär. zenanlar köçe süpürýärler.
Aşgabadyň ähli ýerlerinde sübse bilen köçe süpürýän, ýollary, awtobus duralgalaryny, ýollaryň gyralaryny el bilen ýuwýan zenanlary görmek mümkin.
Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, soňky aýlarda Aşgabada welaýatdan gelýän adamlaryň has-da köpelendigi göze ilýär. Gelýänleriň köpüsi öz garyndaşlarynyň öýlerinde ýa-da şäheriň etegindäki oba ýerlerinde ýaşaýarlar.
Türkmenistanda iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän agyr ykdysady krizis ýagdaýynda gazanç gözläp Aşgabada barýan welaýat ýaşaýjylary paýtagtda polisiýa tarapyndan saklanýar, jerimä sezewar edilýär, soraga çekilýär we zor bilen medisina barlagyndan geçirilýär. Azatlygyň habarçylary şeýle wakalaryň ençemesi barada habar beripdi.
Türkmen hökümeti ýurtda işsizligiň resmi sanlaryny yglan etmeýär. Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi 2017-nji ýylyň martynda ýurtda işsizligiň derejesiniň 60 prosent töweregindedigini habar beripdi. Şondan bäri diňe bir 2019-njy ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça döwlet edaralarynyň onlarçasy ýapyldy, müňlerçe adam işsiz galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.