Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta plany 'doldy', resmiler, çagalar prezidenti 'ýeňiş' bilen gutlady, Berdimuhamedow ogluny sylaglady


TW resmileriň baş egip, prezidenti plan dolmagy bilen gutlaýyşlaryny, Berdimuhamedowyň gutlaglary bagtyýarlykda kabul edişini görkezdi. 
TW resmileriň baş egip, prezidenti plan dolmagy bilen gutlaýyşlaryny, Berdimuhamedowyň gutlaglary bagtyýarlykda kabul edişini görkezdi. 

Türkmenistanyň welaýat häkimleri, çagalaryň gatnaşmagynda taýýarlanan goşgy-gazally we döwlet baştutanynyň adyna aýdylýan alkyşlar bilen gelip, prezidente pagta planlaryny dolandyklary barada dabaraly hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatyna görä, şu günki günde döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonna “ak altyn” tabşyryldy we gowaça meýdanlarynda galan pagtany ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam etdirilýär.

Azatlygyň ýurt içinden alan maglumatlaryna görä, bu ýyl pagta plany gowy bolanda ýarpy doldurylmalydy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçylary ýeňiş bilen gutlap, welaýat häkimlerini, şol sanda pagta planyny ilkinji bolup dolandygy aýdylan Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowy “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglady.

Gowy netije gazanan etraplaryň häkimleri, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, kärendeçiler we oba hojalyk pudagynyň beýleki işgärleri “Gaýrat” we “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medallar bilen sylaglandy.

Türkmen telewideniýesi resmileriň elleri birmeňzeş çemenli baryp, baş egip, nobatlaryna prezidenti pagta planynyň dolmagy bilen gutlaýyşlaryny, Berdimuhamedowyň gutlaglary ýylgyryp kabul edişini görkezdi.


Oba hojalyk işgärleri bilen bir hatarda, Babarap obasynyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Baýnazar Begliýew, Türkmenistanyň prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradow, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň harby gullukçysy Berdimuhammet Berdimuhammedow dagy hem medal bilen sylaglandy.

Şeýle-de prezident, öňki ýyllarda bolşy ýaly, noýabryň ikinji ýekşenbesinde, bu ýyl 10-njy noýabrda Hasyl toýunyň dabaralaryny uludan tutmagy tabşyrdy.

Resmi medianyň maglumatlaryna görä, pagta plany ilki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Ahal welaýatynda dolduryldy, soňra beýleki welaýatlar, hatda pagta planyndan boşadylan Balkan welaýaty hem, şertnamalaýyn borçnamalar diýilýäni ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar we Azatlygyň habarçylary bu ýyl pagta hasylynyň garaşylyşyndan has pes bolandygyny, plan dolmak mümkinçiliginiň asla bolmandygyny habar berdiler.

Azatlygyň habarçylarynyň ýurduň regionlarynda, gowaça ekýän etraplarda bolup, kärendeçiler bilen duşuşyp, gowaçanyň we hasylyň ýagdaýyny gowy öwrenip beren maglumatlaryna görä, oba hojalygyndaky kynçylyklar bu ýyl hem saklanyp galdy.

Aýdylmagyna görä, pagtaçylykda suw, dökün, tehnika, adam güýjüniň ýetmezçiligi dowam edýär, häkimiýetler ýyldan-ýyla geçýän meseleleri düýpli çözmän, býujet edaralarynyň işgärlerini ulanmak, meýletin-mejbury ýagdaýda döwletden aýlyk alýan adamlardan gorkuzyp pul ýygnamak, esgerleri pagta ýygmaga çekmek ýaly mejbury zähmet praktikalaryna ýüz urýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, artdyryp ýazmalar praktikasyny ýazgardy, oba adamlarynyň meselelerini çözmegi wada berdi, emma bu wada ýerine ýetmän galdy. Ol soňky ýyllarda oba hojalygyndaky problemalary tas dolulygyna boýun aldy, altyn pula daşardan getirilýän oýa hojalyk önümlerine garşy çykdy we importyň öwezini doljak önümleri öndürmek talabyny öňe sürdi.

Emma muňa garamazdan, sowet döwründen gelýän dolandyryş praktikasy, oba hojalygynda kök uran problemalar, üstesine korrupsiýanyň has çuňlaşmagy netijesinde, agrar pudakdaky gözboýagçylyklar köpelmese, azalmady, obalar tozýar, dahanlar ýyl-ýyldan garyp düşýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.


Şonuň bilen bir wagtda, ýurtdaky suw desgalarynyň idegini gowulandyrmak barada prezident derejesinde berilýän tabşyryklara garamazdan, ýaplaryň, kanallaryň, suw howdanlarynyň iş, göterijilik ukybynyň gelýän ýyllarda has pese düşjekdigi, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň dowam etjekdigi aýdylýar.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň maglumatynagörä, şu ýylyň güýz paslynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan ýurt boýunça 5 müň töweregi işgär işinden boşadyldy.

Işinden boşadylan adamlar esasan pagta, bugdaý kabul edýän harmanlarda, pagta arassalaýan we gaýtadan işleýän, pagta çiginden ýag öndürýän kärhanalarda, un zawodlarynda, dokma fabriklerinde işleýän adamlar bolup durýar.

Türkiýä işlemäge gelen ozalky kärendeçileriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda arkasyz daýhan bolup, ekin ekip, maşgala eklemek barha kynlaşýar we bu ýagdaý adamlary başga çykalgalary gözlemäge barha kän mejbur edýär.

Halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmagy bes etmäge, mugallymlaryň we saglyk işgärleriniň öz işlerini etmegine, okuwçylaryň okamagyna ýol bermäge çagyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG