Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýerasty suwlary çekýän gurallary hasaba alýar, paýtagtda ýerasty suwlar ýokary çykýar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň geologiýa gözegçiligi boýunça döwlet gullugy burawlanyp çykarylýan ýerasty suw çeşmelerini hasaba alýar.

Trend agentliginiň bu edara salgylanyp, 22-nji maýda habar bermegine görä, Türkmenistanyň suw kadastr - sanawyna goşmak üçin ýerasty suwlary ulanýan gurallaryň eýeleri ähli zerur maglumatlary, şol sanda ulanylýan suw we onuň himiki düzümi barada hasabat bermäge borçly.

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda çap edilen karar ýurduň ähli kärhanalaryna, edaralaryna we eýeçilik görnüşine garamazdan, guramalaryna degişli diýlip, maglumatda aýdylýar. Şeýle-de, mundan öň "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň ýerasty suwlary çykarmak üçin skwažinalary burawlamak boýunça işleri amala aşyrýan hususy we ýuridiki şahslara zerur rugsatnamalary berýändigini beýan edendigi bellenýär.

Türkmenistanda suw çykaryjy gurallaryň hasaba alynmagy we ulanylmagy, hususan-da, ýurduň 2017-nji ýylda güýje giren Suw kodeksi tarapyndan düzgünleşdirilýär.

​Ýerasty suwlary çykarýan gurallaryň hasaba alynmagy bilen bir wagtda-da ilatyň suw üpjünçiligine gözegçilik çäreleri hem dowam etdirilýär. Suw mugtçulygynyň doly ýatyrylmagyndan soň, ýaşaýyş jaýlarda suw ölçeýjileriň oturdylmagy we ilatdan suw üçin tölegleriň alynmagy dowam etdirilýär.

Munuň bilen bir wagtda ilat suw ýetmezçiliginden, şol sanda agyz suw kemçiliginden ejir çekýär, ýurt häkimiýetleri bolsa ilaty suwy tygşytly ulanmaga ündeýär.

Şäher ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlaryň suw bilen üpjünçiliginiň kesilmegine yzygiderli duçar bolýarlar. Aýratynam tomus aýlarynda ýaşaýjylaryň birnäçe günläp suwsuz oturan halatlary ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda suwy gündizlerine berip, gijelerine kesýärler.

Suw ýetmezçiligi oba ýerlerinde, şol sanda oba hojalygynda hem duýulýar. Käbir ýagdaýlarda oba ýaşaýjylary öz melleklerini suwlamak üçin ýer astyndan burawlanyp alynýan suwdan peýdalanmaga mejbur bolýarlar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň tomsy örän gurak bolup, ýerli häkimiýetler ilata öz hojalyklaryndaky mellekleri suwlamak üçin ýerasty skwažinalardan peýdalanmagy gadagan edipdir.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda täze suw howdany hem tapyldy. Ýurduň nebit-gaz pudagynyň resmi maglumatyna görä, Lebap welaýatynda tapylan «Halaç-II» diýlip, hasaba alnan suw ýatagy ilaty goşmaça möçberde agyz suwy bilen üpjün edip biler.

Türkmenistanda suwdan peýdalanmak meselesinden başga-da, synçylar ýurtda ýerasty suwlaryň ýokarlanmagyna degişli problemanyň bardygyny belleýärler. Hususan-da, paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryň we şäher infrastrukturasynyň suw basmagy bilen bagly wakalar köpeldi.

"Ýerasty suwlaryň problemasy 6-njy mikroraýonda azyndan bäş ýyl bäri bar. Jaýlaryň ýerzeminlerinde suw saklanýar. Käbir öý eýeleri öz hasabyna nasos satyn alyp, suwy yzygiderli çekip durýarlar. Hökümet bu problemany hiç çözmeýär, jaýlar bolsa çökýär. Şu gün bolsa, suw hasam joşdy we ýerzeminlerdäki duralgalara awtoulaglary salar ýaly bolmady - howply. Ýeriň opurylmagy hem ähtimal" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 23-nji maýda aýtdy.

Ýaňy-ýakynda Aşgabatda yzly-yzyna ýagyn ýagdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG