Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen we rus prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi


Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginde türkmen prezidenti rus kärdeşini “Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň täze düzüminiň döredilmegi bilen gutlady we onuň ähli agzalaryna Russiýanyň halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi” diýip, TDH ýazýar.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň baştutanlary ähli ulgamlarda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi” diýip, TDH ýazýar.

Ýöne ösdürilýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada anyk jikme-jik maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, söhbetdeşligiň barşynda ynsanperwer gatnaşyklary — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem maslahat edilipdir.

Wladimir Putin türkmen kärdeşine iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi” diýip, TDH ýazýar.

Kremliň telefon söhbetdeşligi barada 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda, söhbetdeşligiň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilendigi mälim edildi. Rus tarapynyň beýanatynda-da gürrüňdeşligiň mazmuny barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Beýanatda taraplaryň syýasy, medeni-ynsanperwer, söwda we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahat edilendigi aýdyldy.

Telefon söhbetdeşliginde aktual sebitleýin problemalar boýunça taraplaryň arasynda konstruktiw dialogy ösdürmegiň hem maslahat edilendigi Kremliň beýanatynda aýdylýar.

Türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň Putini Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrandygyny mälim edýär.

Iki lideriň arasynda geçirilen söhbetdeşligiň öňýany, 17 – 18-nji fewralda Berdimuhamedowyň ogly, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde Tatarstan respublikasyna saparda boldy.

Onda ozal, 13-nji fewralda prezident Berdimuhamedow Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetini Aşgabatda kabul etdi.

Şondan bir gün ozal, 12-nji fewralda türkmen prezidenti Russiýanyň iri awtoulag korporasiýasynyň, “KAMAZ-yň” başlygy Sergeý Kogogini kabul etdi.

Russiýa 2016-njy ýylda, Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň başlan gabatlary, türkmen gazyny satyn almagy bes etdi. 2019-njy ýylda bu söwda täzeden ýola goýuldy, ýöne Türkmenistanyň döwlet mediasy iki ýurduň arasynda täzeden ýola goýlan gaz söwdasy barada henize çenli agzamany gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG