Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ goňşy Eýrandaky wirus gorkulary sebäpli Azerbaýjan, Türkmenistan üçin hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy


Türkmenistanda wirusdan goranmak usullary şekiller arkaly wagyz edilýär.
Türkmenistanda wirusdan goranmak usullary şekiller arkaly wagyz edilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Azerbaýjan we Türkmenistan üçin, bu ýurtlaryň goňşy Eýranda hem möwjeýän global koronawirus krizisi babatynda görýän çäreleri bilen baglylykda, hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy.

Bu iki ýurt babatyndaky hüşgärlik derejesi 6-njy martda 3-nji derejä galdyryldy, bu iň ýokary duýduryş klassifikasiýasyndan bir dereje aşakdyr.

Döwlet departamentiniň beýanatynda amerikanlar “Eýran serhedinden aňyrdaky COVID-19 hadysalarynyň düýpli köpelmegi we Azerbaýjanyň hökümetiniň bu ugurda gören çäreleri bilen baglylykda dörän töwekgellikler sebäpli Azerbaýjana syýahat etmeklige gaýtadan seretmeli” diýilýär.

Onda hökümetiň Bakuwda daşary ýurtdan gelýän syýahatçylary wirus üçin barlagdan geçirýändigi we “wirus ýokuşmak gümany bolan adamlary hökmany karantin astyna almak we ýörite bellenen karantin desgalaryna ýerleşdirmek düzgünini ýola goýandygy” bellenýär.

Şeýle-de beýanatda, beýleki ýurtlarda girizilen syýahat çäklendirmeleriniň we täjirçilik uçuşlarynyň elýeterliliginiň peselmeginiň syýahatçylaryň zerur bolan halatyndaky lukmançylyk ewakuasiýasynyň öňüni alyp biljekdigi duýdurylýar.

“Azerbaýjandaky lukmançylyk ýardamy ABŞ-nyň standartlaryna laýyk gelmeýär we käbir sebitlerde esasy lukmançylyk enjamlarynyň elýeterli bolmazlygy mümkin” diýip, beýanatda aýdylýar.


"Syýahatçylar Azerbaýjana syýahat etmezlerinden öň bu faktorlary we saglyklaryny nazara almalydyr we syýahat etmek kararyna gelseler, Kesellere gözegçilik merkezleriniň koronawirusyň öňüni almak babatyndaky görkezmelerine eýermelidir."

Döwlet departamenti başga, aýrylykda çap eden gysgarak beýanatynda amerikanlaryň “syýahat çäklendirmeleri we Türkmenistanyň hökümetiniň koronowirusa garşy gören çäreleriniň çäginde girizen karantin proseduralary bilen baglylykda, Türkmenistana syýahat etmeklige gaýtadan seretmelidigini” hem aýtdy.

Bu iki ýurt Hytaýdan uç alan täze wirusyň agyr zarba uran ýurtlarynyň hatarynda agzalmaýar, emma olar Eýran bilen araçäkleşýär. Eýranda bolsa, azyndan 4700 adama wirus ýokuşmagy, 124 adamyň bolsa täze wirusdan ölmegi netijesinde, bu ýokanç keseliň ýaýrawy krizisi derejelerine baryp ýetdi.

Azerbaýjan alty adama wirus ýokuşandygyny habar berdi, olaryň azyndan üçüsi Eýrandan dolanyp gelen adamlardyr.


Türkmenistanda koronowirus ýokuşandygy resmi taýdan habar berlen adam ýok, emma bu merkezi aziýa ýurdy täze dörän ýokanç kesel krizisine garşy gören çäreleriniň çäginde öz serhetleriniň aglabasyny ýapdy.

Birleşen Ştatlar Eýran üçin, özüniň diplomatik gatnaşyklary bolmadyk ýurdy babatynda hüşgärlik derejesini bireýýäm 4-nji derejä galdyrdy.

“ABŞ raýatlarynyň alnyp gaçylmak, eden-etdilikli tussag edilmek we türmä basylmak töwekgelligi sebäpli Eýrana syýahat etmäň. Häzir Eýranda bolanlar COVID-19 wirusy sebäpli has seresap bolmaly” diýip, hüşgärlik beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG