Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýene obasenagat pudagyndan nägile, regionlarda "Watan" habarlary üçin gowaça ekişi ýazgy edilýär


Türkmenistanda hasyl toýlary barha uludan tutulýar. Noýabr, 2019.
Türkmenistanda hasyl toýlary barha uludan tutulýar. Noýabr, 2019.

Regionlaryň käbirinde ýaşulularyň "indi gowaça ekip başlasaň bolýar" diýip, TW üçin ak pata bermegi bilen, Türkmenistan nobatdaky gowaça ekişine başlady; ekin meýdanlarynda döwlet telewideniýesinde prezidentiň patasyndan soň beriljek "Watan" habarlary üçin ekiş sahnalary ýazgy edilýär, surata düşürilýär.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň bu maglumaty prezidentiň ýene bir gezek obasenagat pudagynyň işinden nägilelik bildiren wagtyna gabat geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji martda geçiren wideoşekilli maslahatynda oba hojalygyna jogap berýän orunbasarynyň we welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. TDH-nyň ýazmagyna görä, ol ýene bir gezek "obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi".

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, bu pudakdaky esasy problema ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ýeterlik derejede ideg edilmezligi bilen bagly. Ýöne prezident daýhanlaryň öz eken ekinlerine ýeterlik derejede ideg etmezlikleriniň anyk sebäplerine aralaşmakdan saklanyp, "birnäçe tabşyryk" bermek bilen çäklendi.

Bellemeli ýeri, TDH ýa-da döwlet telewideniýesi ol tabşyryklary ne gündelik resmi habaryň dowamynda, ne-de soňky gepleşiklerinde ýa synlarynda anyklaşdyrýar.


Şol bir wagtda, adatça bolşy ýaly, mejlisde ýene bir gezek ýerleri, degişli tehnikalary ekişe taýýarlamak, dökün, tohum üpjünçiligi, zyýan berijileri ýok etmek, suwaryş meseleleri barada umumy sözlerde durlup geçildi.

Geçen ýyl Türkmenistan, resmi maglumata görä pagta planyny dolan hem bolsa, Azatlygyň habarçylary ýyl başyndan suw, dökün, tehnika ýetmezligi, soň güle duran gowaçalaryň zyýanly mör-möjekleriň öňünde goragsyz galyşy barada yzygiderli habar berdiler.

Şeýle-de, 2019-njy ýyl Berdimuhamedowyň ozalky oba hojalyk reformalarynyň netijesiz bolandygyny boýun alyp, täze teklipleri yglan etmegi bilen başlandy we olaryň daýhanlaryň ýagdaýlaryny we girdejilerini nähili gowulaşdyrýandygy belli bolman galýar.

Ýöne daşary ýurtlardan gazanç gözleýän oba adamlarynyň sany, koronowirus aladalary sebäpli ýolagçy gatnawlaryna girizilen cäklendirmeler netijesinde azaljaga we barha kän adam ýerden ýapyşmaly boljaga meňzeýär.


Prezident öňki ýyllarda ýerleriň şorladylandygyny, hasyllylygyň peselendigini, daýhanlaryň netijeli işläp bilmeýändigini bölekleýin boýun aldy. Ýöne hökümetiň ýerli dökün kärhanalaryny güýçlendirip, içerki we daşarky bazarlary dökün bilen üpjün etmek planlary, ýurduň himiýa pudagyndaky problemalar, Garlyk kombinatyndaky ýagdaý bilen baglylykda, bu ýyl hem başa barjaga meňzemeýär.

Mundan başga, yssy we gurak klimatly Türkmenistanda ummasyz kän möçberde suw talap edýän gowaçany azyndan 4-5 gezek suwarmak üçin suw ýeterlik däl, sowet ýyllarynda gurlan Garagum kanalynyň mümkinçiligi, akabany gyrmança basmagy netijesinde, ýyl-ýyldan peselýär, suw howdanlary, uly kanallar, ara ýaplary, şol sanda şor suwlary çekýän zeýkanallar, arassaçylyk, ideg-esewan işleri üçin, ýüzlerçe, belki milliardlap dollar serişde goýberilmegine mätäç diýip, adyny aýtmazlyk şerti bilen gürleşen ahally hünärmen aýdýar.

Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistan ýylyň-ýylyna planlaşdyrlan pagta hasylyny ýygnamakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bu ekin ýurtdaky mejbury zähmetiň esasy ojagy bolmagynda galýar.

Emma muňa garamazdan, hökümet şu ýyl bugdaý öndürmek planyny azaldylyp, pagta planyny artdyrdy, has anygy, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirmegi nazarda tutýar.


Bu talap bir tarapdan ýurtda gurlan egirme-dokma fabriklerindäki çig mal ýetmezligi bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, Türkmenistanyň pagtany we pagta süýmini daşary ýurtlara satyp, altyn pul gazanmak zerurlygy bilen bagly.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän oaba adamlary, agronomlar ýurtda geçirilýändigi aýdylýan oba hojalyk reformalarynyň daýhanlaryň durmuşyny ýeňletmekden geçen, barha agyrlaşdyrandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýy geçen ýyl noýabrda hem dowam etdirlen pagta ýygymy barada gowşan habarlar, prezidentiň ýyl aýagynda hem meýdanlarda galan pagtany übtügini galdyrman çöplemegi talap etmegi bilen hem tassyk bolýar.

Synçylar Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň çökmegini daýhanlara erk berilmezligi, ýeriň we suwuň esasan döwlet eýeçiliginde ýa-da döwlet tarapyndan goldanylýan Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ygtyýarynda galýandygy, ýönekeý adama ekerançylykdan eklenç etmegiň tas mümkin däldigi bilen düşündirýärler.

Şu aralykda goňşy Özbegistan, Türkmenistandan tapawutlylykda, halkara hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna gulak asyp, daýhanlaryň üstüne ýüklenýän pagta planlaryny ýatyrmak we olara has kän erkinlik bermek bilen, hukuk guramalarynyň öwgüsine mynasyp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG