Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar


Türkmen we özbek prezidentleri Hazar deňzinde gämili gezim edýärler. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Hazar deňzinde gämili gezim edýärler. Arhiw suraty

Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi.

TDH bu sadakanyň prezidentiň öz kitaplaryndan alan galam haklarynyň hasabyna berlendigini aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki medianyň maglumatyna görä, döwlet baştutany soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär.


Ýöne bu gezekki sadaka regionyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda goňşy Özbegistanda koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin has berk çäreleriň görülýän we köpçülik üýşmeleňleriniň berk çäklendirilen wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de, bu gezekki telefon gürrüňi Berdimuhamedowyň koronowirus pandemiýasynyň dünýäde uly aladalary döredýän wagtynda goňşy ýurduň prezidenti bilen gysga wagtda eden ikinji telefon söhbetdeşligi bolup durýar.

Mirzoýew 18-nji martda türkmen kärdeşine telefon edip, koronowirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler barada maslahat etdi.

Emma TDH bu gezek, iki prezidentiň ozalky söhbetdeşligi barada beren habaryndan tapawutlylykda, olaryň koronowirusa garşy göreş tagallalary barada eden gürrüňlerini agzamady we telefon gürrüňinde “türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň maslahatlaşylandygyny” aýtmak bilen çäklendi.

Türkmen DIM-i hem telefon söhbetdeşligindäki esasy meselä, koronowirusyň ýaýrmagynyň öňüni almak üçin bilelelikde görülmeli çäreler hakynda edilen maslahata göz ýumup, TDH-nyň habaryny göçürip çap etmek bilen çäklendi.

Mundan başga, telefon söhbetdeşliginde Daşoguzda ýaşaýan etniki özbekler hakynda hem gürrüň edildi: Berdimuhamedow kärdeşine özüniň Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbekleriň wekilleri bilen duşuşandygyny, “olaryň ...öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini” habar berdi.


Emma habarda bu sebitde ýaşaýan ilatyň, şol sanda özbekleriň häzirki pursatda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary agzalmaýar. Muňa derek, türkmen prezidentiniň bu sebitde ýaşaýan özbekleriň ýurduň “syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belländigi” habar berilýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda türkmenler bilen bilelikde, milli azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň esasy adam hukuklary yzygiderli bozulýar we olar soňky ýyllarda öz çagalaryny ene dillerinde okatmak hukuklaryny hem ýitirdiler.

Türkmen mediasyndan tapawutlylykda, Özbegistanyň milli UzA habar gullugy taraplaryň koronowirus aladalary, onuň ýaýramalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hem maslahat edendigini habar berdi.

Bu maglumaty, özbek prezidentiniň resmi saýtyna salgylanyp, "Biznes Türkmenistan" neşiri hem habar berdi.

"Taraplar epidemiologiki ýagdaýyň, hususan-da serhetýaka sebitlerinde degişli edaralaryň we guramalaryň yzygiderli gözegçilik işlerini alyp barşyny kanagatlanma bilen bellediler" BT belleýär.

"Pandemiýanyň söwda, ykdysady, energiýa, ulag, aragatnaşyk, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky özbek-türkmen gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini azaltmak üçin bilelikdäki işjeň çäreleri dowam etdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berilýär" diýip, UzA ýazýar.

Özbegistan 27-nji martda ýurtdaky ilkinji koronowirus ölümini tassyklap, pandemiýanyň merkezi aziýa ýurduna ýaýramagynyň öňüni almak üçin görýän çärelerini has-da güýçlendirendigini yglan etdi.


Saglyk işgärleriniň arasynda azyndan 11 adama koronowirusyň ýokuşandygy barada habar berlenden soň, häkimiýetler saglygy saklaýyş pudagynyň işgärlerine uly möçberde goşmaça töleg tölemegi teklip edýändiklerini aýtdylar.

Lukmanlar her iki hepdeden adaty aýlyklaryndan birnäçe esse köp möçberdäki pul sylagyny, 2500 dollar alarlar, şepagat uýalary, laboratoriýa işgärleri bolsa, her iki hepdeden 1500 dollar sylag alarlar, kiçi saglyk işgärlerine her iki hepdeden 1 müň dollar berler, beýlekilere 500 dollardan berler diýip, “Roýters” habar berýär.

Eger-de koronowirus ýokuşan hassany bejerýän wagtynda özüne wirus ýokuşsa, beýle saglyk işgärleriniň her birine 10 müň dollar berler.

Biraz öň özbek prezidentiniň COVID-19-a garşy göreşiň çäginde 1 mlrd dollarlyk gazna döredendigi habar berildi.

ABŞ-nyň John Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Özbegistanda häzire çenli 104 adama koronowirus ýokuşandygy, iki adamyň wirusdan ölendigi aýdylýar.

Gazagystanda koronowirus ýokuşanlaryň sany 28-nji martda 150-ä ýetdi, hökümet COVID-19-yň ýaýramagyny togtamak üçin has berk çäreleri görýär.

Ýurdyň paýtagty Nur-Soltanda we iň uly şäheri Almatyda gelýän hepde kompaniýalaryň köpüsiniň işini togtatmak buýruldy, raýatlaryň bolsa işe, azyk ýa derman satyn almaga gitjek bolmasa, 28-nji martdan başlap öýlerinden çykmagy gadagan edilýär.

Şeýle-de häkimiýetler şäherara transport terminallaryny, Gazagystanyň üçünji uly şäheri Şymkentdäki jemgyýetçilik ýerlerini ýapdylar.

Bu ýurt pandemibadan bir adamyň ölendigini habar berdi.

Bişkekde we ýene birnäçe şäherde we regionlarda adatdan daşary ýagdaý yglan eden Gyrgyzystanda 28-nji mart güni irden tassyklanan koronowirus hadysalarynyň sany 58 boldy.

Sebitiň beýleki iki ýurdy, Türkmenistan bilen Täjigistan tassyklanan koronowrus hadysasy barada habar bermedi.


Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň koronowirus ýokuşan türkmenistanlylar barada ýerli çeşmelere salgylanyp berýän resmi däl maglumatlaryna reaksiýa bildirmeýärler we bu keseliň garşysyna ýüzärlik tütetmek, unaç içmek ýaly tebipçilik emlerini salgy berýärler.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda köpçülik çärelerini bellemek, öňde duran köpçülik çärelerine taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.


Prezident Berdimuhamedow 23-nji martda geçiren iş maslahatynda häkimleriň her birinden öňde duran çäreler görülýän taýýarlyk hakynda hasabat sorady we dabaralary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek barada "birnäçe tabşyryk berdi" diýip, TDH habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG