Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda koronawirusa garşy göreş bat alýar


Bitarap Türkmenistan şaýoly, Aşgabat

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çärelerini güýçlendirýär. Ýurduň içinde bu kesele garşy göreşmek üçin keselhanalar taýýarlanýar, ilatyň gyzgyny köpçülikleýin barlanýar. Ýurt ýolagçylar üçin halkara howa gatnawyny ýatyrmagyndan soň, indi ýük gatnawyny hem togtadýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda ýurduň keselhanalarynda koronawirusly hassalary bejermek üçin taýýarlygyň alnyp barylýandygyny habar berýärler.

"Keselhanany koronawirusa garşy ýokanç keseller hassahanasy edip ulanarlar. Häzirlikçe bu resmi taýdan yglan edilmedi, emma lukmanlar taýýar bolmaly. Şeýle-de, keselhanalary boşadyp, diňe agyrlaryň galdyrylýandygy aýdyldy. Ähli edaralarda adamlar ellikli ýöreýärler. Planly operasiýalar soňa galdyryldy" diýip, habarçymyz saglygy saklaýyş edaralaryndaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp, 1-nji aprelde habar berdi.

Azatlyk Radiosyna taýýarlyk geçirilýän takyk keselhanalar mälim, emma biz öz çeşmelerimiziň gizlinligini üpjün etmek maksady bilen olary agzamakdan saklanýarys. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden hem resmi maglumat alyp bilmedi.

Şu günler ýurduň jemgyýetçilik ýerlerinde, ýollarynda ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna görä, käbir regionlarda ilatyň gyzgynyny barlamak üçin olaryň öýlerine-de barýarlar.

Turkmen.news neşrine görä, Mary welaýatynda daşary ýurtlardan noýabr-ýanwar aralygynda dolanyp gelen ýaşaýjylar hasaba alynýar. Migrasiýa gullugynyň wekili, lukman we oý dolandyryş edarasynyň işgäri üç bolup, öýlere aýlanýarlar we adamlaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gyzgynyny barlaýarlar. Gyzgyny ýokary adamlary karantine salýarlar.

31-nji martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda paýtagta barýan ýollarda awtoulaglary barlaýan gözegçileriň Mary welaýatyndan barýanlara has uly üns berýändigini aýdypdy.

"Barlag geçirilende hemmeden soralýar kimiň Marydan gelýändigi, kimiň şol ýerde ýazga durandygyny we soňky gezek şol ýere haçan barandygyny" - diýip, habarçymyz aýdýar. Emma barlagçylaryň Mary welaýatyna näme sebäpden has uly üns berýändigini anyklap bolmady.

Türkmenistanda koronawirus sebäpli mekdep kanikullarynyň möhleti uzaldyldy, aprel aýyna bellenen medeni çäreler, şol sanda 10-njy we 11-nji aprelde Aşgabatda geçirmeli "Goliwudyň sazlary" atly konsert ýatyryldy.

19-njy martdan bäri ilatyň paýtagta girip-çykmagy, 20-nji martdan bäri ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirildi. 17-nji martda Türkmenistan ýolagçylar üçin halkara gatnawyny ýatyrdy.

1-nji aprelde Reuters agentligi Türkmenistanyň öz giňişliginden ýük gatnawyny wagtlaýyn togtadandygyny habar berdi.

"Ýükleriň alnyp barylmagy, şol sanda tranzit geçirilmegi tutuş apreliň dowamynda çäklendirilýär we hiç hili ýeňillikler göz önünde tutulmaýar" diýip, Reuters Türkmenistanyň DIM-niň dokumentine salgylanyp habar berýär.

Şol bir wagtda-da, türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleri bilen bir wagtda ýurtda azyk gytçylygy we gymmatçylygy güýçlendi. Bu ýagdaýda häkimiýetler ilatyň azyk satyn almak mümkinçiliklerini çäklendirdi we telekeçilere bahalary aşaklatmak boýunça basyşlaryny güýçlendirdi.

"Döwlet dükanlarynda her aýlyk un we ýag paýyny almak üçin nobatlar uly. Polisiýa käbir dükanlara aýlanyp, satyjylardan azygyň bahalaryny düşürmegi talap edýär. Käbir dükan eýeleri öz dükanlaryny ýapdylar, sebäbi olara harytlary köne bahadan satmak amatly däl" - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri 31-nji martda habar berdi.

Mundan başga-da, häkimiýetler güýç bilen nobatlaryň we ilat arasynda dowul döremeginiň öňüni almaga synanyşýarlar.

"Milli howpsuzlyk ministrliginiň adamlary oba ýerlerine aýlanýarlar. Olar ýerli arçynlardan ilaty köşeşdirmegi talap edýärler, adamlaryň azyk gytçylygy barada geplemezligini talap edip, dowul dörän ýagdaýynda olardan soraljagyny duýdurýarlar" ​- diýip habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda, türkmen hökümetiniň gözegçiligindäki habar serişdeleri ýurtda koronawirusa garşy amala aşyrylýan käbir çärler barada habar berip başladylar. 31-nji martda "Turkmenportal" neşri Saglygy saklaýyş ministrliginiň ýanyndaky sanitariýa-epidemiologiýa gullugyna salgylanyp, Türkmenistanda COVID-19 koronawirusyna degişli epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçilik astynda galýandygyny habar berdi.

Bir aýa golaý wagt mundan ozal resmi Aşgabat ýurtda koronawirus bilen kesellän ýekeje-de adamyň ýokdugyny yglan edipdi, emma mundan soň meseläni agzamady. Tersine türkmen häkimiýetleri koronawirusy köpçüligiň öňünde agzamakdan saklanýarlar, resmi beýanatlar bilen çykyş etmeýärler. Gaýtam, ilatyň COVID-19 keseli barada gürrüň etmegine garşy çäre görýärler. Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik ýerlerinde koronawirus barada gürrüň eden adamlaryň tussag edilýändigini habar berýärler.

31-nji martda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň ilata koronawirusyň howpy barada düşündiriş berýän çap görnüşli maglumatlaryndan indi koronawirus sözüniň aýrylandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG