Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM çopanlaryň ‘syr saklamagyny’ talap edýär, VPN ulanmazlyk hakynda dilhaty alýar


Çekene sürüsini oba sürüp getirýän çopan. 2013 ý.
Çekene sürüsini oba sürüp getirýän çopan. 2013 ý.

Azatlygyň habarçysynyň 11-nji aprelde beren maglumatyna görä, häzir çopanlar dowarlara düşýän gurçuga garşy ulanylýan dermanlaryň ýetmezçiliginden kösenýärler, tok generatorlary, dizel ýangyjy hem hemişe problema bolmagynda galýar.

Azatlyk radiosy fewral aýynda Serdar etrabyndaky maldarlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda habar bereninden soň, sebitiň milli howpsuzlyk işgärleri garaşsyz neşire maglumat bermekde güman edýän çopanlaryny sorag etdiler, adamlary gorkuzyp, olaryň öz kynçylyklary barada hiç kime maglumat bermezligini buýurdylar.

“MHM etrapda VPN we telegram ulanýan ýaşaýjylaryň bir toparyny soraga çekdi, olardan gaýdyp VPN we telegram ulanmajakdygy barada dilhaty aldy, güman edilýän çopanlaryň daşynda bolsa gizlin şugulçylary goýdy” diýip, Azatlyga geçen hepdäniň aýagynda gowşan ynamdar maglumatda aýdylýar.

Milli howpsuzlyk işgärleriniň geçiren “düşündiriş” işlerinden soň habarçy bilen duşuşan çopan olaryň “Azatlygyň bizi tankyt etmekden başga işi ýok” diýen ýaly “akyl-maslahatlary” berendiklerini, emma problemalary inkär etmändiklerini hem gürrüň berdi.


Türkmen häkimiýetleriniň 24-nji fewralda çap edilen maglumata beýle reaksiýa bildirmekleriniň sebäbi anyk däl.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki maldarçylygyň agyr ýagdaýy, mal keselleri, çopanlaryň owlak-guzy almak boýunça döwlet planlaryny ýerine ýetirip bilmezligi, olaryň iş şertleriniň gowulaşmaýandygy açyk syr bolmagynda galýar we ýerli resmileriň birnäçesi bu fakty ikiçäk söhbetdeşlikde tassyk etdi.

Azatlygyň iki ýyl mundan öň alan resmi bolmadyk, emma ynamdar maglumatlaryna görä, sebitde “90 müň, 120 müň dowarly hojalyklaryň deregine döredilen daýhan birleşikleriniň käbirinde dowar sanynyň 10 müňe ýetmeýän ýerleri hem bar”.

Türkmen häkimiýetleri şonda bu maglumatyň çap edilmegine häzirki ýaly reaksiýa bildirmändi.

Diňe Serdar etrabynyň Azady hem-de Goç daýhan birleşiklerindäki çopanlar däl, ýurduň beýleki etraplarynda hem maldarlar weterinarlaryň zerur dermanlary wagtynda ýetişdirip bilmezligi, ot-iým ýetmezçiligi bilen baglylykda, ene goýunlara we geçilere ideg etmekde barha kän kynçylyk çekýärler.

Emma muňa garamazdan, haram ölen goýun-geçileriň her biri üçin çopan prokuraturada jogap bermeli bolýar, bu ýagdaý käte olary “ýamandan boýuny satyn almaga”, ýagny para berip, başyny gutarmaga hem mejbur edýär diýip, ýerli hünärmen anonimlik şertinde eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol çopanlaryň goýunlaryň baş sanynyň ýyl-ýyldan azalýandygy, yzy üzülmeýän döwlet çäreleri, hususan-da döwletiň hasabyna uly metjitlerde, prezidentiň gatnaşmagynda berilýän sadakalar üçin semiz we sagdyn mallaryň öldürilýändigi, tohumlyk üçin ýarym kesel goýun-geçileriň goýulýandygy” barada berýän maglumatlaryny doly tassyk etdi.


Resmi maglumata görä, soňky döwürde beýle sadakalaryň prezidentiň öz kitaplaryndan alan galam haklarynyň hasabyna berilýändigi aýdylýar, emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň söwdasyndan gelýän girdejiler, olaryň näçe böleginiň sahawatçylyk işlerine gönükdirilýändigi barada resmi maglumat elýeterli däl.

Azatlyk öri meýdanlaryndaky şertleriň ýaramazlygy, möwsümleýin waksinalaryň gijikdirilmegi, hususan-da goýunlaryň bagrynda dürli keselleriň döreýändigi baradaky maglumatlaryanyklamak üçin başga-da birnäçe çopan bilen söhbetdeş boldy.

Olar ýagdaýyň agyrlaşmasa ýeňlemeýändigini tassyklap, bu ýagdaýda döwletiň maldarçylygy diňe zyýan çekilýän pudaga öwürýändigini, işsizligi köpeldýändigini öňe sürdüler.

Çopanlaryň ýagdaýy iki ýyl mundan öň hem ýeňil däldi.

Azatlygyň 2018-nji ýylyň fewralynda ýerli synçy bilen geçiren söhbetdeşliginde maldarçylykda dörän agyr ýagdaýa ünsi çekmek, häkimiýetlerden bu barada düşündiriş almak synanyşygy edildi. Emma ýurduň degişli resmileri radionyň diňleýjilerine düşündirş bermekden saklanmagy dogry tapdylar.

Synçylaryň tassyklamagyna görä,hökümetiň garaşsyzlyk ýyllarynda ýöreden maldarçylyk syýasaty ozal müňlerçe adama iş ýeri bolan pudagyň barha çökmegine alyp geldi.


Mysal üçin, başda “Türkmen mallary” bileleşiginiň düzümine diňe maldarçylyk bilen meşgullanýan 110 daýhan birleşigi girýärdi. Emma bu edara ýapylanda, onuň düzüminde 50 çemesi daýhan hojalygy galdy. Şeýle-de synçy şonda ozal Serdar (Gyzylarbat) we Bereket (Gazanjyk) etraplaryndaky dowarlaryň sanynyň 3 milliondan geçendigini, Balkan welaýatynyň daýhan hojalyklarynda 5 million çemesi goýun-geçiniň bolandygyny tassyklady.

Azatlygyň habarçysynyň 11-nji aprelde beren maglumatyna görä, häzir çopanlar dowarlara düşýän gurçuga garşy ulanylýan dermanlaryň ýetmezçiliginden kösenýärler, tok generatorlary, dizel ýangyjy hem hemişe problema bolmagynda galýar.

“[Saparmyrat] Nyýazow döwründe çopanlar her möwsümde doglan owlak-guzynyň 50 prosentini alýardy, indi köp çopan bergidar çykýar” diýip, habarçy bilen gürleşen çopanlar gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, döwlet telewideniýesinde mallaryň sany barada aýdylýanlaryň ondan biri hakykat bolsa, zor boldugy.


Şu aralykda, Türkmenistanda hususy hojalyklarynda mal saklaýanlaryň hem ýagdaýynyň ýeňil däldigi habar berilýär.

Çekene sürülerini, hususy mallary bakýan çopanlar 600 manat töwereginde aýlyk alýarlar, emma hususy mallaryň eýeleri hem, ot-iým gytçylygy, gymmatçylyk zerarly zyýan çekýärler.

“1 kg künjara 4-5 manat,bir bogum mekgejöwen oty 4 manat, bir kip ýorunja 25 manat, bularyň üstesine mal dermanlary hem örän gymmat, bu ýagdaýda mal saklap, girdeji almak barha kynalýar” diýip, hojalygynda mal saklaýan türkmen raýaty bazarlary et önümleri bilen üpjün etmegiň barha çylşyrymlaşýandygyny tassyk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG