Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidenti alkyşlamaga 'bagyşlanan' Bedew baýramçylygynda Berdimuhamedowyň at sürüsi ulaldy


G.Berdimuhamedow 'zähmetkeşleriň sowgat beren' atlarynyň birinde gezim etdi. Türkmen TW-sinden alyndy.

TDH welaýatlardan we paýtagtdan berlen sowgatlyk atlaryň yzly-yzyna meýdança çykarylandygyny, olar bilen birlikde sebit ýolbaşçylarynyň, ýaşulularyň we ýaş nesilleriň wekilleriniň hem öňe çykandygyny habar berýär.

Türkmenistan dünýäde dowam koronawirus aladalarynyň arasynda köp adamyň gatnaşmagynda guralýan dabaraly çäreleri, sport ýaryşlaryny, at çapyşyklary geçirmegini dowam etdirýär.

Şu aralykda Täjigistan, Merkezi Aziýada koronowirus näsagyny resmi hasaba almadyk we köpçülik çärlerini çäklendirmedik ikinji ýurt, mekdepleri ýapýandygyny, futbol ýaryşlaryny togtadýandygyny yglan etdi.


At sportyny ýyl-ýyldan ösdürýändigini aýdýan, prezidentiniň ata aşyklygy bilen dünýäniň habar serişdelerine çykan, şol sanda ABŞ-nyň meşhur satiriki gepleşginde iň uly at şekilli tortuň taýýarlanmagy baradaky ideýany beren Türkmenistan bolsa, futbol ýaryşlaryny hem dowam etdirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisinde çykyş edip, ýurtda atçylygy ösdürmek üçin uly işleriň edilýändigi barada her ýyl aýdýan sözlerini ýene bir gezek gaýtalasa, döwlet telewideniýesi at baýramçylygyny prezidenti öwmegiň, onuň adyna aýdylýan alkyşlary we aýdymlary ýene bir gezek dünýä ýaýmagyň mümkinçiligi hökmünde ulandy.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary, şeýle-de ýurtdaky atçylyk pudagynyň problemalaryny gowy bilýän ekspertler ahal-teke atlarynyň soňky ýyllarda uly korrupsiýanyň we şahsyýet kultuny ösdürmegiň guralyna öwrülendigini öňe sürýärler.


Döwlet baştutanynyň anyk wagtyny anyklaşdyrmazdan aýtmagyna görä, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdeleri goýberildi.

Şeýle-de Türkmenistan golaýda, nobatdaky Bedew baýramçylygynyň öňünden, Britan kompaniýasyndan £1 mln möçberindäki serişdä at çapyşyk ýodalaryna düşelýän täze örtük satyn aldy.

Berdimuhamedow 26-njy aprelde, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çap eden gutlagynda döwletiň geljekde hem atçylygy ösdürmäge uly goldaw berjekdigini aýtdy.

Ol, adatça bolşy ýaly, 25-nji aprelde hem Ahalteke atçylyk toplumynda guralan dabaralara gatnaşdy, öz şanyna aýdylýan aýdymlary, alkyş sözlerini diňledi, öňünde, gyrmyzy halylaryň üstünde tans edýän tansçylary synlady we sowgat berlen atlary uly minnetdarlyk bilen kabul etdi.

TDH welaýatlardan we paýtagtdan berlen sowgatlyk atlaryň yzly-yzyna meýdança çykarylandygyny, olar bilen birlikde sebit ýolbaşçylarynyň, ýaşulularyň we ýaş nesilleriň wekilleriniň hem öňe çykandygyny habar berýär.


Netijede, prezidente bu ýyl Ahaldan Nowruz, Balkandan Hazar, Daşoguzdan Gerçek, Lebapdan Köýten, Marydan Kowum, Aşgabatdan Paýtagt diýen bedewler sowgat berildi. Mundan başga, harby we hukuk goraýjy edaralar Edermen, atşynaslar Toýly diýen atlary sowgat berdi.

Prezident käte özüne sowgat berlen atlara, taýlara bagyşlap goşgy ýazýar, aýdym döredýär, olar bilen ýygy-ýygydan 'didarlaşyp' durýar.

Bu atlaryň prezidente esasan zähmetkeşleriň adyndan sowgat berlendigi aýdylýar we soňky ýyllarda Berdimuhamedowyň saýlama ahal-teke atlarynyň sanynyň ýüzlerçe bolandygy habar berilýär.

At sürüsiniň üsti ýetirilen prezident üç ýaşar mele atyň boýnuna alaja daňyp, onuň üstüne atlandy we birsellem gezim etdi. TDH mundan öňki ýyllarda Berdimuhamedowyň sowgat atlara, ozalky içeri işler ministri Isgender Mulikow tarapyndan berlen taýçanaga ejesiniň işen alajasyny dakandygyny habar beripdi.


Dabara ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bilen dowam etdirildi we 2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň Gyrsakar diýen gara bedew bolandygy yglan edildi. TDH bu atyň Türkmenistanyň prezidentiniň atçylyk toplumyna degişlidigini aýdýar.

Bu bäsleşigiň prezidentiň adyndan berlen baş baýragy “Audi Q8” awtoulagy boldy.

Şeýle-de, türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly eseri üçin 3 müň;naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary zergärçilik işi üçin 2 müň; iň gowy nakgaş eseri üçin 1 müň 500; iň gowy heýkel eseri üçin 1 müň;iň gowy neşir önümi – kalendar foto işleri üçin 1 müň;iň gowy telewizion wideoşekili üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.


Atçylygy ösdürmek bilen bagly serişdeler ýurtda işsizligiň ösýän, ozaly energiýa bahalarynyň aşak gaçmagy, global pandemiýa bilen baglylykda, türkmen ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolan agyr krizisiniň çuňlaşýan wagtynda harçlanýar.

Türkmenistanda Bedew baýramy 1992-nji ýylda, şol wagtky prezidentiň karary boýunça, her aýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýär.

Ýöne synçylar Bedew baýramynyň hakykatda prezidenti şöhratlandyrmak çäresine öwrülendigini, şol bir wagtda türkmen atşynaslarynyň dünýä atçylyk medeniýetine beren iki tohum atynyň biriniň – ýomut atlarynyň ünsden düşürilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk şu we beýleki meseleler barada ýazyjy we at janköýeri Amanmyrat Bugaýew bilen 2009-njy ýylyň aprelinde geçirilen söhbetden bir bölegi arhiwinden alyp, gaýtadan çap etmegi makul bildi.

A.Bugaýew: Türkmen atlary sowhuna gurban edilmeli däl
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:46 0:00


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG