Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk at çapyşygynda aýagyny döwen at uruldy


At aýlawy, Türkmenistan (arhiw suraty)
At aýlawy, Türkmenistan (arhiw suraty)

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşykda bir atyň ýykylandygy we baş baýraga çäklendirme girizilendigi mälim boldy. Azatlyk Radiosy 28-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen at çapyşykda ýüze çykan ýagdaýlaryň käbir jikme-jiklerini anyklady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň atçylyk toplumynda geçirilen at çapyşygyň tomaşaçylary bir atyň ýykylyp aýagyny döwen pursadyna şaýat boldular.

"28-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ipodromda at çapyşyk geçirildi. Tribunalara studentleri alyp bardylar. 11 sany aýlaw bolmalydy. Atlaryň biri ýykylyp aýagyny döwdi. Ony aýa galdyrjak bolup, köpçüligiň gözüniň alnynda urup başladylar. Netijede onuň ikinji aýagyny hem döwdüler. Soň awtoulagly alyp gitmeli boldular. Şonuň üçin diňe 10 aýlaw boldy" diýip, habarçymyz şaýatlara salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri 28-nji sentýabrdaky Ahalteke halkara atçylyk toplumynda geçirilen bu at çapyşyga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hökümet resmileriniň gatnaşandygyny habar berdiler. Maglumatda jemi 7 aýlaw geçirilip, hersine 12 atyň gatnaşandygy habar beridi. At çapyşygynda atyň aýagyny döwmegi bilen bagly waka ne resmi media, ne-de türkmen resmileri tarapyndan agzaldy.

Azatlyk Radiosy ipodromyň administrasiýasyndan kommentariý alyp bilmedi. Emma şäher ipodromynyň işgärleri atyň ýykylandygyny tassykladylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, baýramçylyk at çapyşygynda bigünä haýwana görkezilen rehimsizlikli pursatdan başga-da, bu ýerde 15 müň amerikan dollary möçberli esasy baýragyň gowşurylmagyna degişli garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykypdyr.

"Şol ýerde at çapyşygyň guramaçylary prezidentiň fondundan ýeňijä 15 müň amerikan dollaryny gowşurdylar. Bukjany açdylar we adamlar dollar pullaryny gördüler, emma çempionyň eline dollar däl-de, döwlet kursy boýunça manat berildi. Üstesine, ol bu puly özüne däl-de, atçylyk esbaplary üçin sowmaly edildi" diýip, habarçymyz Aşgabatdan habar berýär.

​Ahalteke atlary Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanylýar, atçylyk toplumy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözegçiliginde dolandyrylýar.

Hem atşynas, hem-de seýis hökmünde çykyş edýän prezident Berdimuhamedow geçmişde at çapyşyklarda çapyksuwar hökmünde ençeme gezek gatnaşypdy.

2013-nji ýylyň aprel aýynda at çapyşyga gatnaşan Berdimuhamedow atdan ýykylmagyna garamazdan, 11 million dollar möçberli baýrakly bu ýaryşyň ýeňijisi diýlip yglan edilipdi.

2017-nji ýylyň aprel aýynda prezident Berdimuhamedow ýene-de at çapyşyga çapyksuwar hökmünde gatnaşypdy we ýeňiji bolup, baş baýraga awtoulaga eýe boldy. Şonda prezidentiň şol baýragy atçylaryň zerurlyklary üçin peşgeş berendigi resmi mediada habar berlipdi.

2018-nji ýylda prezidentiň aty Guness rekordlar kitabyna girizildi. Atyň 10 metrlik aralygy yzky aýaklarynda tiz geçmegi başarandygy aýdyldy.

Üstesine, Türkmenistanyň prezidentiniň yzygiderli atly gezelençleri däbe öwrüldi. Türkmen TW-si prezidentiň köplenç ogly ýa-da agtygy bilen atly gezelenje çykýan pursatlaryny görkezýär.

Ahalateke atlarynyň Türkmenistanyň prezidentiniň döredijiliginde-de öz oruny bar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedew atlaryna bagyşlanan birnäçe kitaby, goşgusy we aýdymy bar.

Berdimuhamedow ýene-de rep aýtdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri bellenýän bedew baýramçy soňky ýyllarda milli baýram statusyna eýe boldy.

Türkmenistan atçylyk boýunça bilermenleri taýýarlamak üçin ýörite ýokary okuw jaýyny döretmek, arassa ganly ahalteke atlarynyň sanawyny düzmek, şeýle-de bedew atlaryny BMG-niň UNESCO fondunyň medeni miras sanawyna girizmek planlaryny yglan edipdi.

Emma ýerli synçylar döwletiň türkmen atlary we atçylyk toplumy babatynda geçirýän işleriniň propaganda gönükdirilendigine we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny berkitmek üçin ulanylýandygyna, atçylygyň ösüşine itergi bermeýändigine ünsi çekýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG