Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň eteginde esger daşaýan harby ulag ýolagçy awtobusy bilen çakyşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Duşenbe güni irden Aşgabadyň eteginde heläkçilikli ýol hadysasy boldy. Harby ulag ýolagçy awtobusy bilen çakyşdy. Zarbanyň öňüni almak üçin ugruny üýtgetmäge synanyşan awtobus sürüjisi heläk boldy. Ýol hadysasyndan ejir çekenleriň köpüsi agyr ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji maýda ýurt içinden habar berdi.

“4-nji maý duşenbe güni irden sagat 7:15-de içi esgerli harby ulag Büzmeýinden Aşgabada barýan 74 belgili ýolagçy awtobusy bilen çakyşdy. Awtobusyň sürüjisi zarbanyň öňüni almak üçin gurluşygy dowam edýän hususy ýaşaýyş jaýyna baryp urdy, beton döwüldi, ýyladyşhana ýykyldy. Awtobusyň sürüjisi aradan çykdy” diýip, habarçymyz aýdýar.

Zarbanyň güýjüne awtobusyň yzky oturgyçlarynda oturan ýolagçylar ilki awtobusyň öňüne, soňra yzyna zyňylyp gidýär.

Ýol hadysasynyň bolan ýerine köp sanly “Tiz kömek” ulagy bardy. Ýaralanan ýolagçylaryň köpüsiniň saglyk ýagdaýy agyr. “Olaryň arasynda çagalar bar. Olaryň ykaly entek näbelli” diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri, galyberse-de ýarym resmi neşirler Aşgabadyň eteginde bolan heläkçilikli ýol hadysasy barada habar bermedi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde bolýan iri ýol hadysalary barada metbugat serişdelerine maglumat bermeýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi içi esgerli harby ulagyň ýol heläkçiligine uçramagy bilen baglylykda köpçülikleýin habar serişdelerine maglumat bermedi.

Azatlyk Radiosy heläkçilikli ýol hadysasy barada degişli edaralardan kommentariýa alyp bilmeýär.

Bellenişi ýaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda adam pidalaryna getirýän ýol heläkçilikleri we ýol hadysalary barada maglumat bermeýärler. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem bu baradaky statistiki sanlary köpçülige hödürlemeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosy ýurtda bolýan ýol hadysalary barada soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

23-nji ýanwarda Aşgabadyň etegindäki Gurtly obasynyň golaýynda bolan ýol heläkçiliginde üç adamyň ölendigi barada ýerli habarçylarymyz habar berdi.

Geçen ýylyň aprelinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabat – Türkmenbaşy magistral ýolunyň ugrunda bolan awtoulag heläkçiliginde dört adamyň ölendigini we 10-a golaý adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Şeýle iri ýol hadysalary mundan ozal yzyly-yzyna 2018-nji ýylyň güýzünde boldy. 21-nji oktýabrda adamlary pagta meýdanyna alyp barýan awtobus kerweni Aşgabadyň eteginde ýol hadysasyna uçrady, 20-ä golaý adam Köşüdäki täze hassahananyň trawmatologiýa, ýagny döwük-ýenjik bölümine ýerleşdirildi. Onuň öňýany sentýabryň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobusyň Nissan Versa kysymly ýeňil maşyn bilen çakyşyp agdarylandygyny, munuň netijesinde awtobusdaky 20-den gowrak adamyň arasynda ýaralananlaryň hassahana ýerleşdirilendigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG