Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran metbugaty: Tähran Türkmenistana serhetdäki ýangyny söndürmäge kömek etdi


Illýustrasiýa suraty

Eýranyň demirgazygyndaky Golestan welaýatynda ýerleşýän serhetçiler Türkmenistana öri meýdanlara we fermalara ýaýran ýangyny söndürmäge kömek etdiler. Bu barada Eýranyň “Fars” habar agentligi ýerli komandire salgylanyp, 10-njy maýda habar berdi.

“Ýangyn şenbe güni Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky serhet nokadynda döredi" diýip, neşir bu barada Golestan welaýatynyň Atrak serhet polkunyň polkownigi Muhammet-Reza Sarawaniň ýekşenbe güni maglumat berendigini aýtdy.

Sarawaniň sözüne görä, ýangynyň dörändigi yglan edilen dessine Eýranyň serhetdäki goşuny goňşy ýurda ýangyny söndürmäge kömek etdi.

“Türkmenistan tarapyndan rugsat berlenden soňra, Eýranyň serhetdäki garawullary ýangyny söndürmek üçin türkmen topragyna geçdi. Geçen ýyl iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Eýranyň we Türkmenistanyň serhetçileri biri-birine bolup biljek ýangyny söndürmäge kömek eder” diýip, Sarawani aýtdy.

Bu maglumaty degişli türkmen häkimiýetlerine, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Bu waka barada türkmen media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de, bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň websaýtlarynda hem maglumat çap edilmändir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG