Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) žurnalistiň separatistlere tarapdar şahsyýetler bilen geçiren söhbetdeşligini ýurduň gündogaryndaky uruş wagtynda amala aşyrylan jenaýatlara, şol sanda Malaýziýa howa ýollarynyň 17-nji reýsiniň (MH17) urlup ýykylmagyna garşy subutnama hökmünde ulanjakdygyny aýdýar.
SBU-nyň 19-njy maýdaky beýanaty ukrain žurnalisti Dmytro Gordonyň öz YouTube kanalynda çap eden iki söhbetdeşligine degişli. Prokurorlar söhbetdeşliklerde Strelkow ady bilen tanalýan öňki separatist lider Igor Girkin we basylyp alnan Krymyň öňki baş prokurory Nataliýa Poklonskaýa tarapyndan aýdylýan zatlaryň olara garşy delil hökmünde ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.
"Bu söhbetdeşliklerde aýdylan maglumatlaryň ählisi Russiýa Federasiýasynyň Ukrainanyň territoriýasyny basyp alandygyny we biziň döwletimiziň gündogaryndaky urşuň hakykat ýüzünde başlanandygyny görkezýän goşmaça subutnama hökmünde ulanmak üçin eýýäm [SBU] işgärleri tarapyndan jikme-jik seljerilýär" diýip, SBU aýtdy.
Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) öňki polkownigi Girkin Donetsk sebitinde, 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda separatistleriň gözegçiligindäki territoriýadan atylan rus ýaragy, Buk raketasy MH17 belgili ýolagçy uçaryny urup ýykan wagtynda Orsýet tarapyndan goldanýan separatist toparyň goranmak ministri diýilýän boldy.
Girkin 18-nji maýda çap edilen söhbetdeşlikde, bu sebitdäki harby serkerde hökmünde, ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagynda "gytaklaýyn jogapkärçilik" duýýandygyny, ýöne öz ýolbaşçylygyndaky güýçleriň uçaryň üstündäki 298 ýolagçyny we ekipaž agzalaryny öldüren raketany atmandygyny aýtdy.
Gollandiýaly derňewçiler Girkini, beýleki iki rusy we bir ukraini Gollandiýadan Malaýziýa barýan uçary urup ýykmak bilen baglanyşykly hasaplaýarlar. Golland sudy mart aýynda Orsýetde diýlip ynanylýan dört separatist şahsyýetiniň garşysyna jenaýat işine başlady. Gollandiýaly resmileriň ynanjyna görä, bu raketa rus serhedinden Ukraina gizlinlikde eltilen bolmaly.
Orsýet özüniň bu betbagtçylyga baglanyşygynyň bolandygyny ret edýär.
Gordonyň Poklonskaýa bilen geçiren we 11-nji maýda çap edilen başga bir söhbetdeşligi hem SBU tarapyndan 2014-nji we 2016-njy ýyllar aralygynda anneksiýa edilen Krymyň prokurory bolan şahsa garşy jenaýat işini açmakda ulanylyp bilner.
Häzir Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputaty bolan Poklonskaýa Ukrainada "konstitusion gurluşy zor bilen üýtgetmek ýa-da agdarmak, ýa-da döwlet häkimiýetini ele geçirmek maksady bilen edilen işler" sebäpli gözlenýär.
Iki söhbetdeşlik hem Ukrainada galmagal döretdi we käbirleri Gordony rus we separatistik propagandany ýaýratmakda aýyplady.
Hususan-da, Ýewropa raýdaşlyk partiýasy SBU-ny Gordona garşy "duşmançylygy öjükdirmek, terrorçylygy goldamak we Ukrainanyň özygtyýarlylygyny gowşatmak" aýyplamalary esasynda derňew geçirmäge çagyrdy.
Gordon 19-njy maýda çap eden wideo beýanatynda Poklonskaýa we Girkin bilen "ukrain gizlin gulluklary bilen hyzmatdaşlygyň" çäginde söhbetdeş bolandygyny aýtdy.
SBU söhbetdeşlikleriň Gordonyň "başlangyjy" bilen geçirilendigini aýtdy.
Gordon söhbetdeşlikleriň diskleriniň Haaga iberilendigini, olardaky görkezmeleri Orsýetiň Krymy bikanun anneksiýa etmegine we Ukrainanyň gündogaryndaky urşa garşy halkara sud işlerinde ulanyp boljakdygyny nygtady.