Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Türkmenistan Owganystanda ýükleri dezinfeksiýa etmek üçin ýörite binalary gurmaga taýýarlyk bildirdi


Türkmen-owgan serhedindäki Ymamnazar-Akina serhet geçelgesinde ýerleşdirilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghaniniň portretleri

Türkmenistan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystanyň serhetýaka demirýol stansiýalarynda, barlag geçiş nokatlarynda we beýleki ýerlerinde demirýol transportyny we ýükleri dezinfeksiýa etmek boýunça ýörite binalary gurup bermäge, şeýle-de olary abzallaşdyrmaga taýýardygyny aýdýar. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji maýda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani bilen geçiren telefon gepleşiginde aýdypdyr.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, iki ýurduň prezidentleri COVID-19 pandemiýasy bilen bagly meseläni ara alyp maslahat edipdir we ýurtara serhetlerinde karantin-sanitariýa boýunça sazlaşykly çäreleriň zerurdygyny belläpdir.

Türkmen ýolbaşçylary Türkmenistanda COVID-19 keseline uçranlaryň hasaba alynmandygyny aýdýarlar. Owganystanda şu günki gün kesellänleriň hasaba alnan sany 12,5 müň adama barabar.

Owgan resmileriniň sözlerine görä, ýurduň serhetýaka regionlarynda koronawirusy anyklamak üçin şertlere uly zerurlyk bar.

Jowzjan welaýatynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Abdylkadyr Maliýa häzirki wagtda serhetdäki barlag-geçiş nokatlarynda we tutuş serhetýaka regionlarynda koronawirusy anyklamak üçin şertleriň ýokdugyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Bu ýerde Serpulda, Farýapda we Jowzjanda koronawirusy anyklamak üçin merkezler ýok. Alnan testleri Balh welaýatyna iberýäris. Serhetdäki üç welaýatda koronawirus bilen kesellänleri bejermek üçin hem merkezler ýok. Merkezler gurulsa koronawirusy ilat arasynda anyklamak üçin mümkinçiligiň boljagyna umyt baglaýarys. Serhetden geçýän ýükleri anyklamak hem möhüm iş" diýip, Jowsjan welaýatynyň ýolbaşçysy Abdylkadyr Maliýa aýtdy.

Uzynlygy 800 kilometr çemesi owgan-türkmen serhetinde häzir iki sany barlag-geçiş nokady işleýär. Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň sözlerine görä, häzir Ymamnazar - Akina we Serhetabat-Turgudy serhet geçelgelerinden diňe ýük ulaglary gatnaýar.

Türkmenistan COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksatly fewral aýynda goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen serhetlerini ýapypdy. Gysga wagtdan soň Owganystanyň söwda we maýa goýumlar edarasy Türkmenistan bilen serhetleriň açykdygyny we söwda dolanyşygyň dikeldilendigini yglan etdi. Bu barada 15-nji martda Etialaatroz.com neşri habar berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary häzirki döwrüň koronawirus ýaly agyr global problemalaryna garşy göreşde netijeli usul hökmünde ylmy diplomatiýany hödürleýärler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň bu inisiatiwasyny 27-nji maýda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghanä hem ýatladypdyr.

​Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19 ýokdugyny aýdýan wagtynda Türkmenistanda keselçiligiň derejesine degişli umumy maglumatlar hem sanlar elýeterli däl. Aprel aýynda ýurtda ilatyň saglygyny barlamak boýunça giň derejeli çäreleriň başlanandygy yglan edildi, emma onuň netijeleri henizem çap edilmedi.

22-nji aprelde Saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow ýurtda COVID-19 anyklamak üçin 30 müň sany testiň bardygyny we ýene 40 müň testiň Orsýetden, Germaniýadan we Türkiýeden gelmegine garaşylýandygyny hasabat berdi, emma ol geçirilen testleriň sanyny ​anyklaşdyrmady.

Häzirki wagtda BSG-niň bilermenleri Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy anyklamak üçin ýurda sapar etmäge synanyşyp gelýärler, munuň üçin bir aýdan gowrak wagt bäri türkmen hökümeti bilen gepleşik geçirýärler.

Bu aralykda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa ýurtda koronawirus bilen hasaba alnan ýagdaýlaryň ýokdugyny aýtdy.

​"Biz Türkmenistanyň hökümetiniň COVID-19-nyň ýurduň territoriýasynda özgermegine ýol bermezlik boýunça gören operatiw çäreleri üçin häzir ýurtda wirusyň hasaba alnan ýagdaýlarynyň ýokdugyny ykrar edýäris" diýip, Panowa "Trend" agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG