Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nagt kynçylyklarynyň fonunda prezident aýlyklaryň gijikdirilmegini gözegçilikde saklamagy talap etdi


Illýustrasiýa suraty. Bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Mary. Sentýabr, 2019-nji ýyl.
Illýustrasiýa suraty. Bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Mary. Sentýabr, 2019-nji ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda zähmet haklarynyň wagtynda tölenilmegi bilen bagly meseläni gozgaýan wagty, ýurtda käbir edara-kärhanalar öz işgärlerine aýlyk haklaryny töläp bilmeýär.

“Lebap sement zawody mart aýynyň aýlygyny bermändir. Türkmenabadyň himiýa zawody aprelden bäri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody aprelden bäri, mekdepler, keselhanalar we medeniýet öýleri maý aýynyň aýlygyny bermedi. Lebapda oba hojalyk pudagynyň ähli bölümleri ýanwardan bäri aýlyk görmändir” diýip, lebaply habarçymyz 7-nji iýunda habar berdi.

Aşgabatly habarçymyz paýtagtda maý aýy üçin pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň tölenendigini ýöne aýlyklaryň heniz saklanýandygyny habar berýär.

“Anna we şenbe günleri adamlar pul nagtlaşdyrmak umydy bilen bankomatlaryň öňünde nobata garaşdylar we olar öz pullaryny nagtlaşdyryp bilipdirler” diýip, habarçymyz pul nagtlaşdyran adamlaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maýyň ahyrlarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň işgärleriniň ýanwar aýyndan bäri zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini habar berdi.

Şeýle-de ol Awazanyň tas ähli myhmanhanalarynda jemi 1 müňden gowrak işgäriň işlerinden boşadylandygyny habar berdi.

5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak we işgärleriň zähmet haklarynyň wagtynda tölenilmegi bilen bagly meseleleri bilelikde gozgady:

“Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagy çaltlandyryp, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmeli. Zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň ýüze çykýan ýagdaýlaryny berk gözegçilikde saklamaly. Bu meseleleri seljeriň-de, degişli çäreleri görüň!” diýip, prezident Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet maslahatynda orunbasarlaryna ýüzlendi.

Ýatlasak, mundan ozal Azatlyk Radiosy Awazada ýerleşýän myhmanhanalaryň ençemesiniň hususylaşdyrylýandygyny 2018-nji ýylyň aprelinde habar beripdi, şol ýylyň aprelinde Türkmenistanda Alyjylar jemgyýetleri hem hususylaşdyryldy.

Eýsem, prezident Berdimuhamedow hususylaşdyrylýan kärhanalardaky zähmet haklarynyň gijikdirilmegini göz öňünde tutdumy, ýa-da eýeçiligine garamazdan ýurduň ähli edara-kärhanalarynda aýlyklaryň gijikdirilmeginde döreýän bökdençliklere ünsi çekdimi? Bu TDH-nyň habarynda aýdyňlaşdyrylmaýar.

Sebäbi, 5-nji iýunda geçirilen maslahatda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow “ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly möçberde hem-de öz wagtynda maliýeleşdirilendigini” prezidente hasabat berdi.

Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi boýunça meseläniň hökümet maslahatynda gozgalmagy, ýurtda aýlyklaryň gijikdirilýän wagtyna hem-de raýatlaryň pul nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklarynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy 3-nji iýunda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda, Gazojak şäherinde hem-de Mary welaýatynyň merkezinde ýerli ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary barada, 5-nji iýunda pul nagtlaşdyrmak boýunça Aşgabatda dowam edýän kynçylyklar barada, 24-nji aprelde Türkmenabat we Türkmenbaşy ýaly ýurduň iri şäherlerinde adamlaryň pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada yzygiderli habar berip geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG