Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident gurluşyklar we atlar bilen 'didarlaşdy', synçylar onuň 'özüne aşyk bolandygyny' aýdýarlar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze kurtka geýip, şäher gurluşygy bilen tanyşdy.

Türkmen telewideniýesiniň 4-njj fewraldaky “Watan” programmasynyň ýaryndan gowrak wagty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kurtkaly şäher gurluşygy bilen tanyşmagyna, atlaryň heýkelleri ýa atlar bilen didarlaşmagyna bagyşlandy.

36 minut çemesi dowam eden habar programmasynda Berdimuhamedowyň Türkmenistanda 'gadagan' edilen gara reňkli awtoulagda gelip, krokodil derisinden tikilene çalymdaş garamtyl kurtkaly, soňky ýyllarda bina edilen belent desgalaryň, gurulýan jaýlaryň fonunda şäher häkimine “birnaçe tabşyryk” berendigi habar berildi.

Emma Köpetdagyň eteginde, durşuna haly düşelen otagda we dikuçaryň üstünde, kaşaň bezegleri bilen tapawutlanýan iş otagynda, bezelen at üstünde bir zatlary aýdýan prezidentiň, onuň aýdýan sözlerini depderçä bellemek bilen meşgul bolýan resmileriň ýeke sözi hem eşitdirilmedi.


TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany Aşgabadyň şäher häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça, paýtagtyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy.

Berdimuhamedowyň Aşgabadyň günorta-günbatar künjegindäki täze guruljak desgalarynyň taslamalary bilen tanyşmagy Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygyna 1,5 mlrd dollar möçberinde serişde harçlamak baradaky karara gol çekmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet TW-si prezidentiň Köpetdagyň eteginde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanşyp, soň dikuçarly Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurulýan ýeriniň ýokarsynda öwrüm edişini görkezýär.

Türkmenistan, resmi metbugatda aýdylyşy ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi we soňky on ýylda bu gurluşyklar esasan Aşgabadyň töwereginde jemlendi.

Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende daşary ýurtlaryň, hususan-da Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary bilen “umumy dil tapman” başlady, netijede indi uly döwlet kontraktlarynyň köpüsi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine berilýär.

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe türk firmalary, türkmen lideriniň talaby esasynda, ýerli işçilere türk işçilerine garanda has az aýlyk berýärdi. Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, işçilere we hünärmenlere şol bir derejedäki iş üçin deň hak tölemek meselesi hem gün tertibine geldi, ýöne soňra bu talabyň nähili berjaý edilendigi belli bolman galdy.


Metbugatda yglan edilen plana görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň gurluşyk firmalary, Aşgabat-Türkmenbat awtobany ýaly birnäçe ululy-kiçili döwlet kontraktlarynyň gapdalyndan,Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygyny iki tapgyrda, 2019-2021-nji hem-de 2020-2022-nji ýyllarda amala aşyrmaly.

Emma muňa garamazdan, türkmen telekeçileri tarapyndan gurulýandygy aýdylýan desgalarda ýurduň näçe raýatynyň işleýändigi, olaryň zähmet haklary hakynda maglumat berilmeýär.

Berdimuhamedow dikuçardan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny, öz garyndaşy Aba Annaýewiň adyny göterýän täze şäherçäni synlady, ahal-teke bedewi Polatlynyň ýadygärliginiň golaýynda gondy diýip, türkmen TW-si prezidentiň bu heýkeliň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, öňde duran dabaraly çärelere giňden taýýarlyk görmek hakynda hem tabşyryk berendigini belleýär.

Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen iş maslahatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna, türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygynataýýarlyk görmek hakynda gürrüň edildi.

Habarda aýdylmagyna görä, prezident bu “çäreleriň aýratyn belent dabaralara beslenmelidigini” belldi,ahal-teke bedewlerine bagyşlan kitaplarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmek baradaky teklibi oňlady, “bu çäräniň... daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çeker ýaly derejede guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny" aýtdy.


Synçylaryň köpüsi, şol sanda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin türkmen telewideniýesiniň prezidenti öwmekden başga çäresiniň ýokdugyny, bu ýagdaýyň prezidentiň töweregindäkileriň “ony ilata hemmeler hakynda alada edýän, sagat we görmegeý, supermen hökmünde görkezmek islegi bilen baglydygyny" aýdýar.

F.Tuhbatulliniň Azatlyk bilen söhbetdeşliginde bellemegine görä, bu Berdimuhamedowyň “özüne aşyk bolandygyny” görkezýär.

Şeýle-de synçylar ýurduň ilatynyň Aşgabadyň töweregindäki gurluşyklardan, atçylykdan we dabaraly çärelerden başga ýüzlerçe problemasynyň bardygyny, regionlardaky ýollaryň we köprüleriň köpüsiniň tas otuz ýyl bäri bejergi görmeýändigini, işsizligiň we garyplygyň barha ösýändigini öňe sürýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG