Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri ABŞ-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň üýtgedilmegine garşy protest geçirýär


Türkmen aktiwistleri belarus raýatlaryna raýdaşlyk bildirýär. Arhiw suraty
Türkmen aktiwistleri belarus raýatlaryna raýdaşlyk bildirýär. Arhiw suraty

Türkmen aktiwistleriniň üçünji protest çäresi 2-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň baş binasynyň öňünde geçiriler. Bu çäräniň hem ýerli wagt bilen sagat 12-de başlanjakdygy aýdylýar.

Türkmenistanly aktiwistler Birleşen Ştatlarda Türkmenistanyň prezidentiniň alyp barýan syýasatyna we ýurduň Konstitusiýasynyň ýene bir gezek üýtgedilmegine garşy protest çärelerini taýýarlandyklaryny yglan etdiler.

Bu çäreler esasy kanuny üýtgetmek üçin döredilen Konstitusion toparyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky karara gol çekmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Konstitusion toparyň başlygynyň 19-njy awgustdaky kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy umuman tamamlandy we 25-nji sentýabrda geçiriljek Halk maslahatynda tassyklanan halatynda, doly kanunlaşdyrylmagy üçin, Türkmenistanyň parlamentine hödürlenmeli.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda geçirilýän konstitusiýa üýtgetmeleriniň şahsyýet kultuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Berdimuhamedowyň dolandyryşyny çäksiz uzaltmak maksatlaryndan ugur alýandygyny, jemgyýetdäki adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bähbidine ters gelýändigini öňe sürýärler.

ABŞ-daky protest çäreleriniň guramaçylarynyň biri, Türkmenistanyň demokratik saýlawy atly halk hereketiniň egindeş başlygy Myrat Gurbanowyň 29-njy awgustda Youtube kanalynda ýerleşdirilen wideoýüzlenmesinde habar bermegine görä, birinji protest çäresi 30-njy awgustda, ýerli wagt bilen sagat 12-de başlanyp, Hýuston şäherinde geçiriler.

Berdimuhamedowyň dolandyryşyna we Konstitusiýa üýtgetmelerine garşy ikinji protest çäresi 1-nji sentýabrda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçiriler. Başda aktiwistler bu ýerdäki türkmen ilçihanasynyň öňüne toplanyp, soňra kongrese tarap ýöriş etmegi planlaşdyrýarlar.

Türkmen aktiwistleriniň üçünji protest çäresi 2-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň baş binasynyň öňünde geçiriler. Bu çäräniň hem ýerli wagt bilen sagat 12-de başlanjakdygy aýdylýar.

Moskwa. Türkmen ilçihanasynyň öňünde geçirilen proteste gatnaşyjylar, 10-njy aprel, 2003.
Moskwa. Türkmen ilçihanasynyň öňünde geçirilen proteste gatnaşyjylar, 10-njy aprel, 2003.

Türkmenistanlylaryň hökümete garşy protestleri tas 25 ýyl arakesmeden soň, soňky aýlarda, hususan-da häkimiýetleriň Lebapda we Maryda gopan harasatdan ejir çekenlere kömek bermezligi, koronawirus aladalary bilen baglylykda Stambulda ýasama arkadan zäherlenen onlarça türkmen raýatynyň jesetleriniň ýurda getirilmegine ýol bermezligi, syzyp çykýan ölüm habarlaryna garamazdan, COVID-19 hadysalaryny resmi taýdan ykrar etmezligi we milliardlarça dollar harçlanýan gurluşyk taslamalaryny, dabaraly çäreleri, mejbury zähmeti dowam etdirmegi, bu ýagdaýlary tankytlaýan aktiwistleri yzarlamagy güýçlendirmegi sebäpli ýokarlanan nägilelikler netijesinde, gaýtadan janlandy we Türkiýe, ABŞ we Demirgazyk Kipr topraklarynda yzly-yzyna geçirilmäge başlandy diýip, synçylar belleýär.

Synçylar bu syýasy aktiwleşmäni ýurtdaky syýasy-ykdysady we sosial çökgünligiň aşa çuňlaşmagy we koronawirus çäklendirmeleri bilen baglylykda adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has-da agyrlaşmagy, ozal syýasatdan çeke duran raýatlaryň, hususan-da ýaşlaryň hem çykalga gözläp başlamagy bilen düşündirýärler.

1995-nji ýylyň tomsunda, 12-nji iýulda Aşgabatda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň hökümetine garşy geçirilen protest çäresi, şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, aldaw we dürli wadalar bilen dargadyldy we soňra onlarça adam tussag edildi.

Bu çäräniň guramaçylarynyň biri, 1996-njy ýylyň ýanwarynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan, emma Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň Norwegiýadan yzyna dolanan Gulgeldi Annanyýazow henizem türmeden boşadylmaýar.

1995-nji ýyldakydan tapawutlylykda, türkmen aktiwistleriniň soňky aýlarda guraýan protestleri indi internet, sosial media mümkinçilikleri arkaly barha kän türkmenistanla we daşary ýurtlulara aýan bolýar, olar esasan ýurduň prezidentiniň işden çekilmegini, demokratik saýlawlaryň geçirilmegini, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini talap edýärler.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1995-nji ýyldaky 12-nji iýul protestçilerini "neşekşler, arakhorlar we bozgaklar" hökümnde ýazgaryp, telewideniýede çykyş edipdi.

Emma özüne Arkadag diýilmegini buýran Gurbanguly Berdimuhamedow özüni Türkmenbaşy diýip yglan eden ilkinji prezidentden tapawutlylykda, özüni tankytlaýan we işden çekilmegini talap edýän aktiwistleriň öňe sürýän delillerine garşy açyk hiç bir reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG