Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Erkin Türkmenistan” YouTube kanaly wagtlaýyn ýapyldy


Illýustrasiýa suraty.

YouTube sosial media platformasy Türkmenistanyň hökümetine garşy tankydy gepleşikleri bilen tanalýan, şeýle-de edebi makalalary, syýasy synlary we şuňa meňzeş mazmunda gaýry maglumatlary efire berýän “Erkin Türkmenistan” kanalyny wagtlaýyn ýapdy. Bu barada kanalyň esaslandyryjysy we ýazyjy Ak Welsapar 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda habar berdi.

YouTube dissident mazmuny bilen türkmen sosial media ulanyjylarynyň arasynda tanalýan kanalyň wagtlaýyn işiniň togtadylmagyny “awtorlyk hukugyna degişli düzgünleriň berjaý edilmezligi” bilen düşündirýär.

Ýöne Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýazyjy Welsapar kanalyň wagtlaýyn petiklenmegine türkmen režiminiň täsiriniň mümkindigini we “Erkin Türkmenistan” kanaly bilen bagly YouTube saýtyna edilen şikaýatyň türkmen häkimiýetleriniň erkin sözi basyp ýatyrmak ugrunda edýän nobatdaky synanyşygydygyny aýdýar.

“Soňky bir hepdäniň içinde biziň üstümize hüjüm güýçlendi. Biziň göwnümize bolmasa, türkmen halkynyň puluna, türkmen döwletiniň puluna, mümkin Ýewropadan, garaz Türkmenistanyň daşarsyndan ýuristler, hukukçylar hakyna tutulyp, şolaryň kömegi bilen biziň üstümizden YouTube-a arz edilipdir” diýip, Welsapar aýtdy.

Ol arzada kanalyň Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlary gepleşiginiň wideolaryny paýlaşýan bir kanalyň wideolaryndan peýdalanandygy aýdylypdyr.

Ýöne “Erkin Türkmenistan” munuň hakykata gabat gelmeýändigini, hem-de öz kanallarynda çap edilýän degişli wideolaryny Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden gönüden-göni ýazyp almaga özleriniň tehniki mümkinçilikleriniň doly bardygyny aýdýar.

“Soňky bir hepdäniň içinde tiz-tizden üç sany duýduryş geldi. Üç duýduryş gelensoň hem Erkin Türkmenistan kanalynyň işi duruzyldy wagtlaýynça. Eger-de öz garşyňa bildirilen günälemä garşylyklaýyn argumentler bilen çykyş etmeseň, 10-njy sentýabrda siziň kanalyňyz ýapyljak diýip hem gutarnykly duýduryş geldi ” diýip, Welsapar aýtdy.

Ol bu mesele boýunça häzirki wagtda onlarça halkara guramanyň aýaga galandygyny, hem-de özleriniň hem ýuristleriň kömeginden peýdalanyp, garşy argument taýýarlaýandyklaryny aýtdy.

Bu YouTube kanaly 2016-njy ýylyň tomsunda öz işine başlady.

Welsapar geçen döwrüň dowamynda režim tarapdarlarynyň ozal hem kanalyň işine päsgelçilik döredendigini gürrüň berdi.

“Häzirki tapylan mekirlik ol demokratik ýurtlardaky demokratik kanunlary demokratiýanyň garşysyna ulanyp edilen bir ädim” diýip, Welsapar aýtdy.

Ol Türkmenistanda sosial ulgamlaryň, şol sanda YouTube saýtynyň häkimiýetler tarapyndan petiklenendigine ünsi çekdi hem-de diňleýjileri we kanalyň abonentlerini söz azatlygynyň tarapynda çykyş etmäge çagyrdy.

Kanalyň esaslandyryjysy “Erkin Türkmenistanyň” abonent sanynyň 30 müň ulanyjydan geçendigini hem-de onuň şu wagta çenli umuman jemi 17 million gezek tomaşa edilendigini aýtdy.

“Erkin Türkmenistan” kanalynyň geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada, "onuň ölendigi barada" beren habarlary dürli halkara media we metbugat serişdelerinde ençeme gezek sitirlendi.

Kanalyň ýapylmagy daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň syýasy taýdan işjeňleşýän wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG