Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri studentlere pul ibermek düzgünlerine täze talap girizdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul ibermek düzgünlerine täze talap girizdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

"15-nji sentýabrdan başlap şäheriň banklary daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň öz okaýan ýokary okuw jaýyndan alyp, gös-göni ene-atalaryna iberen resminamalaryny kabul etmän başladylar. Türkmen banklarynyň täze talabyna görä, indi studentler öz okaýan ýerinden alan ähli resminamalaryny ene-atalaryna däl-de, ilki "Türkmen Telekomyň" ýörite elektron poçta adresine ibermeli" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şondan soň ene-atalar "Türkmen Telekomyň" edarasyna baryp, resminamalary alýarlar, ýöne studentiň iberen her bir kagyzy üçin 3 manat tölemeli bolýarlar.

"Türkmen Telekomyň işgärleri bu kagyzlaryň aşagyna, sag tarapyna möhür basýarlar we ene-atalaryň her kagyz üçin 3 manady töländigi baradaky kwitansiýany berýärler. Bu resminamalar käte ençeme sahypa bolýar. Ene-atalar diňe şu usul bilen iberilen, ýagny "Türkmen Telekomyň" möhüri basylan resminamalary alyp baranda, bankdan pul iberip bilýärler. Mundan ozal studentler bu resminamalary gös-göni ene-atalaryna iberip bilýärdiler" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy bu täze talabyň sebäpleri barada ne türkmen banklary, ne-de "Türkmen Telekom" tarapyndan resmi düşündiriş berilýändigini belleýär. Ýöne ene-atalar munuň "raýatlary kösemegiň we olardan goşmaça pul almagyň ýene bir usulydygyny" aýdýarlar.

"Bu talap güýje girizilenden soň, "Türkmen Telekomyň" edarasynyň öňünde uly nobatlar emele geldi. Indi ene-atalar ilki bu edaranyň, soňra-da bankyň öňünde nobata durmaly bolýarlar" diýip, çagasy Russiýada okaýan ene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy türkmen banklarynyň şu ýylyň iýulynda Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetleriniň gaýybana okuwlaryna kabul edilen studentleriň okuw töleglerini heniz-de geçirip bermeýändigini aýdýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň we studentleriň ençemesi munuň sebäplerini türkmen banklarynyň "edýän adatdan daşary talaplary" bilen düşündirýärler.

"Bu studentler synaglary onlaýn görnüşinde tabşyrdylar. Olaryň synagdan geçip okuwa kabul edilendikleri barada resminamalary bar. Ýöne türkmen banklary olardan talyp şahadatnamasyny hem talap edýärler. Ýokary okuw jaýlary bolsa, bu şahadatnamany diňe studentler okuw töleglerini geçirenden soňra berýärler" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu talaplar barada ýurduň Merkezi bankyndan we "Türkmen Telekomdan" goşmaça almak boýunça eden synanyşygy netije bermedi.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurduň Merkezi banky dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada çenli gymmatlady.

Ýurtda dollaryň resmi söwdasy gadagan edileni bäri türkmen banklary çagalary daşary ýurtlarda okaýan raýatlara käbir konwertasiýa ýeňilliklerini hödürleýärler. Muňa laýyklykda, ene-atalar çagalarynyň daşary ýurt ÝOJ-laryndaky okuw töleglerini milli manatda türkmen banklaryna tabşyrýarlar. Türkmen banklary bolsa, bu pul serişdesini resmi kurs esasynda dollara çalşyp, ony daşary ýurt ÝOJ-laryna iberip berýärler.

Ýöne Türkmenistanda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerine yzygiderli çäklendirmeleri girizýärler.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen banklarynyň daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) bank hasaplaryna öz wagtynda geçirip bermeýändigi barada hem her ýyl diyen ýaly habarlar peýda bolýar.

Türkmenistayň häkimiýetleri bu çäklendirmeler barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Döwlet mediasy hem çäklendirmeler we olaryň ene-atalara hem-de studentlere ýetirýän täsirleri barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG