Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp-Baýden çekişmesi: Başdan soňa şahsy hüjüm, gyzyşan gürrüň


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden 2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň ilkinji çekişmesine gatnaşýar.

29-njy sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden özleriniň ilkinji telewizion çekişmesinde çekeleşdiler. At dakyşmadan we söz kesişmeden dolan 90 minutlyk bulam-bujar çekişme iki dalaşgäriň biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan özboluşlylygyny açyk görkezdi.

Çekişme koronawirus pandemiýasy, Ýokary kazyýete kandidat hödürlenmegi, kanun we tertip-düzgün, jyns gatnaşyklary we gaýry temalary öz içine aldy. Tramp Baýdene gazaply hüjüm etdi, öňki wise-prezident ýiti garşylyk görkezdi.

Iki erkek adamdan biri gepleýän wagty ýygy-ýygydan beýlekisi hem gepledi. Baýden Trampy ýalançy, masgarabaz, “Putiniň güjügi” atlandyrdy we çekeleşigiň barşynda birden “Sem bolarmyň, adam?” diýip hem dilinden sypdyryp goýberdi.

Öz gezeginde Tramp “radikal çep” Baýdeni “barmagynda pyrlaýar” diýdi, hem-de onuň saglyk hünärmenleriniň maslahatlaryny berjaý edip, koronawirusyň öňüni almak üçin maska geýmekdäki tutanýerliligini nyşana aldy. Tramp Baýdeniň ogly Hanteriň Ukrainada işleýän wagty kakasynyň tanyşlaryndan ýerliksiz peýda görendigini aýtdy.

“Fox News” kanalynyň moderatory Kris Wallas Trampyň söz kesişinden ýadap, oňa düzgünleri berjaý etmegi öwüt berdi.

Çekeleşik Ohaýo ştatynyň Kliwlend şäherindäki bir uniwersitetiň auditoriýasynda, koronawirus çäklendirmeleri sebäpli 100-den az adamdan ybarat mähelläniň öňünde boldy.

Beýleki formallyklar bilen bir hatarda çekişmäniň başynda taraplaryň elleşip görüşmek däbi, dowam edýän pandemiýa sebäpli, berjaý edilmedi.

Baýden Trampyň pandemiýa çemeleşigine hüjüm etdi, ol wirus Amerikanyň kenaryna barýança prezident “garaşdy, garaşdy” diýdi, we heniz hem “onuň plany ýok” diýdi.

Ol Trampa (onuň golf oýnamagyny göz öňünde tutup) “çägeden çyk-da”, adamlary halas etmek ugrunda iki partiýaly plany işläp düzmek üçin Tegelek ofise bar diýdi.

“Biz uly iş bitirdik” diýip, Tramp jogap berdi. “Ýöne, Jo, men saňa bir zat aýtjak, sen hiç haçan biziň bitiren işimizi bitirip bilmezdiň. Bu seniň ganyňda ýok” diýip, ol sözüne goşdy.

Dalaşgärler aradan çykan Ruth Bader Ginsburgyň ornuna Trampyň Emi Koneý Barretti Ýokary kazyýete hödürlemegi barada çekişdiler. Baýden we beýleki demokratlar Trampyň saýlawlara gaty golaý wagtda kazyýete kandidat hödürlemegini tankyt etdiler.

Tramp respublikanlaryň 2016-njy ýylda saýlawlarda ýeňiş gazanandyklaryny, şol sebäpden muňa öz hukuklarynyň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de, Tramp “Nýu-Ýork Taýmsyň” (New York Times) Trampyň soňky ýyllarda az şahsy salgyt tölemek üçin boşluklary ulanandygyny öňe süren derňew habaryna ähmiýet bermedi.

Tramp özüniň “millionlarça” dollar salgyt töländigini we beýleki biznes liderleriniň hem “eger samsyk bolmasalar” şeýle etmelidigini erjel aýtdy. Ol halkyň onuň tölän şahsy salgytlaryny görjekdigini aýtdy, ýöne munuň haçan boljakdygyny mälim etmedi.

Çekişmeden birnäçe sagat ozal, Baýden özüniň tölän salgytlaryny çap etdi we bu maglumatlar onuň we aýaly Jilliň 2019-njy ýylda 985 müň dollar möçberindäki girdeji üçin federal salgyt hökmünde 346 müň dollardan gowrak salgyt töländigini görkezdi.

Haçan-da jyns gatnaşyklary barada tema gozgalyp, Trampyň akýakgyz jynsparazlary we milisiýa toparlary ýazgaryp-ýazgarmajakdygy barada soralanda, ol bu soragdan sowuldy.

“Men görýän tas ähli zadymy çep ganatdan däl, sag ganatdan görýändigimi aýdyp bilerin” diýip, Tramp jogap berdi. “Men islendik zady etmek isleýärin. Men parahatçylyk görmek isleýärin” diýip, ol aýtdy.

Baýden Trampy “hemme zady jynsparaz ýigrenji, jynsparaz bölünişigi döretmek üçin ulanmakda” aýyplady.

Tramp öňki senatoryň 90-njy ýyllarda goldaw beren jenaýat boýunça kanun taslamasyna salgylanyp, “şu ýurtda Baýden afrikan amerikalylara [erbet çemeleşen] tas islendik adam bilen deň derejede erbet çemeleşdi” diýdi.

Ilkinji çekişmäniň ajy äheňi Baýden bilen Trampyň arasynda planlaşdyrylan beýleki çekişmeleriň planlanyşy ýaly başa baryp-barmajakdygy barada dessine sorag döretdi.

Kampaniýalardaky ikinji çekişme wise-prezidentleriň arasynda bolar. Wise-prezident Maýk Pens we senator Kamala Harris 7-nji oktýabrda çekeleşer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG