Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda arassaçylyk güýçlendirildi, hojalyk işgärleri uzaldylan iş sagatlaryndan şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu hepdäniň başyndan bäri Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdirligi şäherde arassaçylyk işlerini güýçlendirdi. Arassaçylyk işçilerinden irden sagat 6-dan agşam sagat 7:00-ä çenli işlemek talap edilýär. Işçiler 13 sagat iş ýükünden şikaýat edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Jemagat hojalygy müdirligine degişli arassaçylyk awtoulagy öňler şäheriň ýollaryna her gün diňe bir sapar suw sepýän bolsa, şeýle çäreleriň ýygylygy indi iki gün bäri üç esse ýokarlandy.

“Indi her gün 3 gezek suw sepip, ýoly ýuwýarlar. Şäheriň içindäki baglara suw berýärler. Ýol gyralaryndaky agaçlaryň ýapraklaryny kakyp düşürýärler. Ýanýodalaryň gyralaryndaky betonlary, baglaryň düýbüni aklaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy oktýabrda Marydan habar berdi.

Türkmenistanyň şäherlerinde baýramçylyk seneleriniň öňüsyrasynda ýa-da iň ýokary wezipeli hökümet resmileriniň ýerlere edýän saparlarynyň öňýany arassaçylyk işleri güýçlendirilýär.

Habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, Maryda arassaçylygyň güýçlenmegi bilen şähere “gözegçiligiň” gelmegine garaşylýar.

Onuň sözlerine görä, Mary şäherinde güýçlendirilen arassaçylyk işleri şäheriň diňe belli-belli köçelerini öz içine alýar.

“Arassaçylyk işleri aeroportdan başlaýar, Kemine köçesine, Mollanepes köçesine hem-de Magtymguly köçesine üns berilýär. Beýleki köçelere az üns berilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Şäherde güýçlendirilýän arassaçylyk Jemagat hojalygy müdirliginiň arassaçylyk işçileriniň iş sagatlarynyň uzaldylmagyna getirdi. Ýöne olaryň iş sagatlarynyň uzaldylandygyna garamazdan, olaryň aýlyk haklaryna goşmaça töleg tölemeýär. Bu barada birnäçe arassaçylyk işçileri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Olar özleriniň adaty iş sagatlarynyň 8:00-17:00 aralygyndadygyny, bir sagat günortanlyk naharyna çykýandyklaryny, jemi 8 sagat işleýändiklerini ýöne bir hepdä golaý wagt bäri 13 sagat işleýändiklerini, munuň üçin goşmaça töleg edilmeýändigini, ony talap etmäge-de özleriniň işlerini ýitirmek aladalary sebäpli çekinýändiklerini gürrüň berdiler.

Öňlerem şeýdip artykmaç sagat işledip, şol bir aýlygy beripdiler” diýip, bir hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Düýn 4 işgäri işden çykardylar. Olar 1 sagat ýaly işe gijä galyp gelipdirler” diýip, atlandyrylmazlygyny soran hojalyk işgäri gürrüňe dowam etdi.

Işlerinden çykarylan işçiler özleriniň uzak ýoldan şähere gelýändiklerini, ýollarda ir bilen ulag hereketiniň örän seýrekdigini, taksi saklamagayň wagt alýandygyny aýdyp öz ýagdaýlaryny düşündirmäge synanyşypdyrlar.

“Olara ‘siz işden boş’ diýip, aýtdylar. Olar näme etsin!? Ýüzlerini aşak salyp, işden çykaýmasalar, başga çykalga ýok” diýip, hojalyk işgäri gürrüň berdi, hem-de özleriniň iş goraglylygynyň ýokdugyny, ozal işden çykarylan adamlaryň prokuratura eden arzalarynyň netije bermändigini aýdyp şikaýat etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Jemagat hojalygy müdirliginden öwrenen maglumatlaryna görä, müdirlikde “ulag sürüjisi”, “slesar” ýa-da “işçi” kärlerinde atlary ýöredilip, işe gelmän aýlyk alýan adamlar bar we olar, habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, kanun goraýjy edaralarynda ýa-da häkimliklerde işleýän adamlara ýakynlykda tanalýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginden hem-de Marynyň şäher häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan bir aýal hojalyk işgäri her işgäre ýer agdaryp, gül ekmek üçin 20-30 metr ýeriň bölünip berilýändigini we aýal işgärleriň üstüne bir erkek adamyň ýolbaşçy bellenilýändigini gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG