Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleriniň idegsiz haýwanlara garşy göreşi öý pişikleriniň ölümüne getirýär


Aşgabat (Illýustrasiýa suraty) 

Aşgabatda pişikleriň we itleriň jemagat gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ýok edilmegi dowam edilýär. Aktiwistleriň aýtmagyna görä, şäher häkimligi tarapyndan idegsiz haýwanlara garşy ýyllarboýy alnyp barylýan göreş indi öý haýwanlaryna täsir ýetirýär. Barha köp öý haýwanlary köçede zäherli iýmitleri iýip jan berýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary çeňňek görnüşinde her ýerde ýatan azyk bölejiklerini şäheriň hemme ýerinde görüp bolýandygyny habar berýärkä, aşgabatly haýwan goraýjy aktiwistler jemagat gulluklaryň işgärleriniň bu zäherli azyk bilen itleri hem pişikleri ýok etmäge synanyşýandygyny öňe sürýärler.

"Howdan-B etrapçasynda, soňky günlerde "Arassaçylyk" diýen bellikli gök eşikli jemagat işgärleri, pişikleriň saklanýan ýa-da iýmitlenýän ýerlerine zäherli kolbasa böleklerini bilkastlaýyn taşlap çykdylar" - diýip, haýwanlary goraýjy aktiwist adyny agzamazlyk şerti bilen Azatlyga habar berdi.

Soňky bir hepdäniň dowamynda habarçylarymyz öý pişikleriniň gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesini anyklady.

"Ýagdaýlaryň birinde birinji gatda ýaşaýan aýalyň gündizlerine öz howlusynda gezelenç edýän öý pişikleri zäherlendi we gynalyp, jan berdi. Olar pasportly we sterilizasiýa edilen idegli pişiklerdi. Başga bir aýalyň pişikleri öýde ýaşap, köçede gezýärdi. Olar hem zäherlenip öldi. Şol aýal köçede gezýän pişikleri hem naharlaýardy. Şeýle hem çörek bişirilýän kärhananyň aňrysynda ýaşaýan we rehimdar ýaşaýjylar tarapyndan naharlanýan öýsüz pişikleriň ençemesi birden öldi" diýip, aşgabatly habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda itleri we pişikleri ýok etmek işi şäher häkimliginiň garamagyndaky jemagat gulluklarynyň we öý dolandyryş edaralaryň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüňdeş bolan jemagat gulluklarynyň işgärleriniň Azatlyga aýtmagyna görä, haýwanlary zäherlenen iýmit bilen zäherlemeklik, itleri we pişikleri tutup ýok etmek bilen bir hatarda ýörgünli usullaryň biri bolup durýar.

Şu ýylyň iýul aýynda şäher häkimligi ýaşaýjylardan öý haýwanlaryndan özbaşdak dynmagyny talap edipdi.

Aşgabat häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegine degişli problema barada resmi düşündiriş bermeýär. Azatlygyň Aşgabat häkimliginiň işgärleri bilen gürleşmek üçin eden ençeme synanyşygy oňyn netije bermedi.

Habarçylarymyz Aşgabadyň köçelerinde itleriň we pişikleriň ýok edilýändigini yzygiderli habar berýärler. Haýwanlary goraýjylar we öý haýwanlarynyň eýeleri itler we pişikler babatyndaky rehimsizlige uly alada bildirýärler we köpçüligiň ünsüni çekmäge synanyşýarlar.

"Gynansak-da, haýwanlaryň köpüsi golaýda ölýär, beýlekileri ýerzeminlere gysylýar we şol ýerde jan berip, çüýräp ýatýar . Soňra Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary çydap bolmajak maslyk ysyndan zeýrenýärler. Jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň aýdyşy ýaly, bu indiki baýramçylyga - Bitaraplyk gününe adaty taýýarlykdyr. It-pişikleri gowy görýän şäher ýaşaýjylary bu " türkmen baýramçylyklarynyň ysy" diýip, haýwanlaryň çüýrän jesetleriniň ysy barada ýaňsylamak bilen aýdýarlar" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabadyň dürli etraplarynda ýaşaýjylar pişikleriň ýitmeginden we agyr ysdan zeýrenýärler.

Paýtagt bilen birlikde ýurduň beýleki sebitlerinde hem haýwanlara garşy göreş ýitileşdi. Geçen hepde Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde köçelerdäki itler atyldy.

Habarçymyzyň 28-nji oktýabrda irden habar berşi ýaly, döwlet edarasynyň belgisi bolan uly ulagda şäheriň köçelerine aýlanýan adamlar haýwanlary atdylar. Itleri atmak, howpsuzlyk çärelerini görmezden, geçip barýan adamlaryň gözüniň öňünde amala aşyryldy. “Toyota HILUX” ulagynda oturan adamlar ulagdan düşmän ot açdylar diýip, habarçymyz şonda gürrüň berdi.

Aşgabatly aktiwistleriň pikiriçe, häkimiýetleriň haýwanlary ýok etmegi we öz raýatlarynyň ýurtda haýwanlara garşy zalymlyk meselesine ünsi çekmek baradaky çagyryşlaryny äsgermezligi ýaş nesil üçin negatiw mysal bolýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly haýwanlary goraýjy: "Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda haýwanlary öldürmegiň we sütem etmegiň sany gitdigiçe artýar" - diýip belledi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG