Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply býujet işgärlerinden Bitaraplyk we koronawirus barada taýýarlanjak plakatlar üçin pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda býujet işgärlerinden ýene bir çäre üçin näresmi derejede pul ýygnalýar. Bu gezek olardan ýygnalýan pullara Bitaraplyk baýramyna we koronawirusyň öňüni almak çärelerine degişli köçelerde asyljak plakatlar satyn alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, pul ýygnamak boýunça nobatdaky bu çäre geçen hepdäniň ahyrynda Farap we Darganata etraplarynda möwç aldy. Etraplaryň bilim we polisiýa bölümleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, keselhanalaryň we Saglyk öýleriniň ýolbaşçylary işgärleriň her birinden, aýlyklaryna görä, 70-100 manat pul ýygnap başladylar.

"Edara ýolbaşçylary bu pullara 12-nji dekabrda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli şygarlaryň taýýarlanjakdygyny we olaryň köçelerde uly yşyklandyryjy harplar bilen asyljakdygyny aýtdylar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran faraply býujet işgärleriniň biri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol bu pula koronawirusdan goranmak, maska dakmak, 2 metr sosial aralygy saklamak, elleri antiseptik bilen arassalamak düzgünlerini öwredýän plakatlaryň hem taýýarlanjakdygyny aýtdy. "Bu plakatlar etraplaryň we obalaryň köçelerinde asylar" diýip, býujet işgäri belledi.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, puly bermekden ýüz öwrüp, garşylyk bildirenlere, adatça bolşy ýaly, işinden kowuljakdygy barada haýbat atylýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Lebap welaýat, Darganata we Farap etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň býujet işgärlerinden dilden görkezme esasynda dürli maksatlar üçin pul ýygnamak işleri köpýyllyklaryň dowamynda däbe öwrüldi. Olar beýlekiler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna we gowaçanyň çürtüm işlerine hakyna tutma işçi ugratmak, prezidentiň portretlerini we welosiped satyn almak üçin ýygnalýan puly tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

Şu aýyň başynda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň sport mekdeplerinde dezinfeksiýa serişdelerini we temperaturany ölçemäge niýetlenen termometrleri satyn almak üçin pul toplanýandygyny habar berdi.

Mejbury pul ýygnamak çäresiniň ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän wagty amal edilmegi býujet işgärleriniň maşgala býujetlerine agram salyp, olary has-da köseýär.

"Sentýabr aýyndan bäri pagta ýygymy, wideoregistator, prezidentiň portretini we nahal satyn almak hem başga-da ençeme maksatlar üçin pul ýygnaldy. Şeýle-de, arçynlygyň döwlet ulagynyň remonty, onuň tekerlerini çalyşmak işi hem işgärleriň hasabyna amal edildi. Sentýabrdan bäri aýlygymyzyň tas ählisi ýygnalýan bu pullara gidýär. Maşgalamyzda ýeke-täk aýlyk alýan adam men. Başga iş bolmany üçin çydap, işläp ýörün" diýip, Darganatanyň bir obasynyň arçynlygynda işleýän işgär anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiyetleri býujet işgärlerinden pul ýygnalýandygy baradaky habarlary, şeýle-de ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, munuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun almaýar. Bu barada resmi metbugatda hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG