Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ymamlary we ýaşululary ilata näme üçin maska ​​dakynmalydygyny düşündirerler


Marynyň metjidi, noýabr, 2020. (Illýustrasiýa suraty)
Marynyň metjidi, noýabr, 2020. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmen ruhanylary we ýaşulular ilata gözegçilik etmek we onuň lukmançylyk maskalaryny dakynmagyny gazanmak bilen meşgullanarlar. Şu aýda ýurduň häkimiýetleri maska dakynmak talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirdi we bu polisiýa bilen birlikde býujet işgärlerini we mugallymlary çekdi. COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň täze tolkunynyň fonunda, BSG özüniň "COVID-19-dan erkindigini" aýdýan Türkmenistana barmak boýunça tagallalaryny güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 19-njy noýabrda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň gündogaryndaky häkimiýetler oba ymamlaryna we ýaşulularyna ilatyň maska dakynmagyny üpjün etmegi we maskalaryň peýdasy barada gürrüň bermegi tabşyrypdyr. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda bu buýruk dini işler boýunça häkimiň orunbasary tarapyndan edilipdir. Lebap, Çarwadar, Kepbeli oba birleşikleriniň ýaşulularyna hem şuňa meňzeş tabşyryklar berlipdir.

Ýerli ymamlaryň sözlerine görä, häkimiýetleriň buýrugy bilen metjitler 21-nji ýylyň mart aýyna çenli ýapyk galar, toýlarda, jynazalarda we sadakalarda adamlaryň sanynyň 20 adamdan geçmegine rugsat berilmeýär. Her kim maskaly bolmaly.

Ruhanylaryň we ýaşulularyň ilata maska geýmegiň zerurlygy barada wagyz-nesihat edenlerinde onuň zerurlygyny nädip düşündirjekdigi entek belli däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri sebäplerini düşündirmezden, ilatyň köpçülik ýerlerinde maska geýmegini talap edýär. Mundan öň ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan häkimiýetler güýçlendirýän karantin çärelerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündiripdi, maska dakynmagyň bolsa, ilaty "howadaky tozan bölejikleriniň köpelmeginden" goramak üçin gerekdigini aýdypdy.

Bu aýda maska talaplarynyň ýerine ýetirilmegine basyşlar has-da güýçlendi.

Aşgabatda maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik polisiýa işgärleri we harby uniwersitetleriň kursantlary tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenabatda reýdler häkimlik işgärlerinden, polisiýa işgärlerinden we sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerinden ybarat ýörite döredilen toparlar tarapyndan edilýär. Maryda polisiýa işgärleri bilen bir toparda bir döwlet işgäri hem mekdep mugallymy gözegçilik edýär.

Ýatlatsak, koronawirus pandemiýasynyň başynda ýurduň ilatyna maska geýmek, dermanhanalara bolsa maska satmak gadagan edilipdi.

Türkmenistan ilatdan jemgyýetçilik ýerlerinde maska geýmek talabyny iýul aýynda, BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň sapary wagtynda, Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat bermeginden soň başlanypdy.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmesine görä, BSG Türkmenistana sapar etmek boýunça tagallalaryny güýçlendiripdir.

"Bütindünýä saglyk guramasy bu gezek has giňişleýin wekilçilikde we has uzak möhletde Türkmenistana öz missiýasyny ibermekçi bolýar. Haýyş 10 gün mundan öň gelen hem bolsa, biziňkiler entek jogap bermediler" diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşme 18-nji noýabrda habarçymyza aýtdy.

Çeşme BSG-niň wekilleriniň Türkmenistana sapar etmek rugsady we logistika kömegi üçin birnäçe gezek ýüz tutandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy BSG-niň wekillerinden jikme-jik maglumat almaga synanyşýar.

Mundan ozal, BSG-niň resmileri Türkmenistana ýene-de sapar etmek niýetini awgustda mälim edipdi.

BSG-niň baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 7-nji awgustda geçiren wideo duşuşygynda Türkmenistanda pnewmoniýa wakalarynyň artmagyna özleriniň çynlakaý alada bildirendiklerini aýdyp, BSG toparyna ýurt içinden COVID-19 test nusgalaryny garaşsyz almaga we olary ýurduň daşynda barlamaga ýol berilmelidigini sorapdy. BSG-niň Ýewropadaky edarasynyň başlygy Hans Kluge türkmen prezidentiniň munuň bilen ylalaşandygyny Twitter hasabynda ýazdy.

BSG 6-njy noýabrda dünýäde koronawirus ýokançlygynyň gündelik sanynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede artandygyny yglan etdi we onuň jemi 581 müňden köp bolandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda dünýäde 1 million 300 müňden gowrak adam COVID-19-yň pidasy boldy. Dünýäde kesel ýokaşan adamlaryň sany 56 milliondan geçdi.

Türkmenistan, COVID-19 tassyklanan ýekeje hadysany hem hasaba almandygyny öňe sürýän az sanly ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. 13-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň COVID-19-dan "azatdygyny" ýene-de bir gezek yglan etdi we muny "begendiriji" hem-de "uly üstünlik" diýip atlandyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG