Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Joe Baýdeni gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Joe Baýdeniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty Berdimuhamedowyň Baýdeni tüýs ýürekden gutlandygyny habar berdi. Resmi maglumata görä, türkmen prezidenti halkyň we hökümetiniň adyndan ýollan hatynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläpdir.

"Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň we gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de güýçlenjekdigine berk ynanýaryn" - diýip Berdimuhamedow Joe Baýdene ýollan hatynda ýazypdyr.

Şeýle-de, türkmen prezidenti Baýdene jan-saglyk, bagt we ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edipdir.

Demokratik partiýadan dalaş eden, iki möhlet wise-prezident we Delaware ştatyndan uzak wagtlap senator bolan Joe Baýden ABŞ-nyň nobatdaky prezidenti bolmak üçin 3-nji noýabrda geçirilen umumy saýlawlarda öňe saýlandy we 7-nji noýabrda ýeterlik elektoral sesleri almagy başardy.

Tramp Baýdeniň ýeňlişini ykrar etmejekdigini, saýlawyň netijelerini sudda şikaýat etjekdigini aýtdy. Saýlaw netijeleri ähli ştatlarda tassyk edilse we Trampyň ýuridiki göreşi netije bermese, Baýdeniň we saýlanan wise-prezident Kamala Harrisiň innagurasiýa dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçer.

Joe Baýdeniň 20-nji noýabrda 78 ýaşy dolýar, şeýle-de ol ABŞ-nyň taryhynda prezident saýlanan iň ýaşuly adam bolar. Ol saýlaw kampaniýasy döwri milleti jebisleşdirmek, koronawirusyň ýaýramak gerimini gowşatmak, ýaranlar bilen baglary ýaňadandan gurmak, şeýle-de Trampyň häkimiýet başyndaky “tas ähli çäreleri” sebäpli ýurduň gowşan “ygytbarly we täsirli” abraýyny täzeden dikeltmek wadalaryny berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG