Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mekdep okuwçylary COVID-19 bilen keselleýärler. It ýagy we üzärlik geçýän haryda öwrüldi


Aşgabat (illýustrasiýa suraty) 
Aşgabat (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda COVID-19 keseli köpelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu keseliň Aşgabadyň birnäçe mekdebinde ýüze çykandygyny habar berdiler. Käbir çagalar mekdepden hassahana äkidilýär. Bu aralykda, köpler halk bejeriş usullaryna ýüz tutýarlar, häzirki wagta çenli iň meşhurlary it ýagy we üzärlik.

Azatlygyň habarçylary mekdep okuwçylarynyň arasynda koronawirus keseliniň Aşgabadyň dürli etraplaryndaky birnäçe mekdepde ýüze çykandygyny habar berdiler.

Bu wakalaryň biri Aşgabadyň 32-nji mekdepde boldy. Bir gyz okuwçynyň sapakda gyzgyny ýokarlandy, demi gysyp üsgürip başlady. Bu mekdep paýtagtyň 30-njy mikroraýonynda ýerleşýär.

Soňky birnäçe günüň dowamynda şäheriň dürli künjeklerinde ýerleşýän beýleki şäher mekdeplerinde hem koronawirusa mahsus alamatlar ýüze çykyp, mekdep okuwçylary mekdepden hassahana äkidildi. 11-nji etrapçadaky 42-nji mekdepde koronawirus azyndan iki okuwçyda ýüze çykaryldy, olar keselhanada galýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary anonim şertlerinde gürleşen paýtagtyň bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp, 2-nji dekabrda habar berdiler.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň mekdeplerinde koronawirus keseliniň ýüze çykarylmagy barada bilim we saglygy saklaýyş edaralaryň wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi. Resmiler şu wagta çenli Türkmenistanda COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň-da hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen mugallymlaryň we mekdep okuwçylarynyň garyndaşlarynyň sözlerine görä, COVID-19 alamatlary bolan çagalar derrew hassahana ýerleşdirilýär, synagdan geçirilýär we keselhanada galdyrylýar. Synag netijeleri aýan edilmeýär.

Mundan öň, 18-nji noýabrda Aşgabatdaky habarçylarymyz 15-nji mekdepde koronawirus keseliniň ýüze çykandygyny habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde, maskalaryň dakylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi barada habar berildi. Polisiýa şol mekdebe geçiren reýdinde bäş mugallyma we dört mekdep okuwçysyna maskany nädogry dakynandygy üçin 52 manat jerime saldy.

30-njy noýabrda habarçylar paýtagtyň mekdepleriniň ähli mugallymlaryna koronawirus üçin synag tabşyrmak buýrugynyň berlendigini aýtdylar. 100 manat möçberdäki test mugallymlaryň öz hasabyna geçirilýär. Azatlygyň habarçysy bilen anonim gürleşen mugallymlar synaglaryň yzygiderli esasda girizilmeginden howatyrlanýarlar.

Mundan başga-da, Aşgabadyň mekdeplerinde beýleki keseller köpelýär. 44-nji mekdepde ýaş okuwçylaryň arasynda bokurdakda follikulýar angina keseli ýüze çykdy. 22 okuwçy we 2 mugallym ýokanç keseller hassahanasyna äkidildi. Käbirleri birnäçe günden soň keselhanadan öýlerine goýberildi.

Ýurtda koronawirus bilen baglanyşykly köp sanly hadysalar häzirki wagtda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem ýüze çykýar.

Öňden bäri dürli keselleri bolan garrylar köp ölýärler. 40 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň öz ýaşaýan ýerlerinden başga regionlara çykmagy gadagan edilýär. Syýahat etmäge mejbur bolanlar, şol sanda iş üçin başga welaýatlara barýanlar ýörite rugsatnamalary almaga we ýerli hassahanalarda yzygiderli synaglardan geçmäge mejbur edilýär.

Bu aralykda, daşary ýurtdaky türkmen raýatlaryny we daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärlerini getirýän çarter reýsleriniň Türkmenistana gelmegi dowam etdirilýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 1-nji dekabrda aýtmagyna görä, 29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçýän gije 178 adam Türkmenabat şäherine getirilipdir. Türkmen howa ýollarynyň Boeing-737 kysymly uçary bilen Mýunhenden 70 adam we Stambuldan 108 adam gelipdir. Çeşmelere görä, Mýunhenden gelen ýolagçylaryň käbiri ozal Nýu-Yorkdan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Günorta Koreýadan başga uçarlar bilen Germaniýa aşyrypdyr. Stambuldan baranlar bolsa türk kompaniýalarynyň 10 işgäri we galanlary Türkmenistanyň raýatlary bolupdyr. Türkmenistana şol uçarly baranlaryň ählisi karantine ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýoklugyny öňe sürýän wagtynda ilat halk bejeriş usullaryna ýüz tutmagyny dowam etdirýär, olaryň arasynda iň meşhurlary it ýagy we üzärlikdir.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň Teke we Ors bazarynda aç-açan satylýan it ýagy inçekesele we COVID-19-a garşy bejergi hökmünde hödürlenýär.

Maryda üzärligiň gytçylygy döredi. Şu sebäpden, ýerli häkimiýetler üzärligi tütetmegi azaltmagy buýurdylar. Olaryň täze tabşyrygyna görä, häzirki wagtda döwlet edaralarynda, bilim edaralarynda, söwda nokatlarynda günde iki gezek däl-de, hepdede bir gezek üzärlik tütetmeli.

Koronawirusa garşy halk bejeriş usullarynyň wagyzçysy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, dünýäde koronawirusyň çalt ýaýramagynyň başynda fewral aýynda COVID-19-a garşy göreşde üzärligi, sazagy we burçly unaşyň peýdalaryny ilkinji gezek öňe süripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG