Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilata dümewe garşy sanjym edilýär we hassa işgärler işden kowulýar


Aşgabat, 28-nji dekabr, 2020
Aşgabat, 28-nji dekabr, 2020

Türkmenistanyň döwlet edaralary öz işgärlerinden dümewiň garşysyna sanjym etmegi we muny tassyklamagy talap edýärler. Bolmasa olara işden çykaryljagy aýdylýar. Bu döwürde saglyk işgärleri dümew sanjymlaryny etmek üçin ýaşaýyş jaýlara aýlanýarlar. Bu, COVID-19 alamatly keselçiligiň giňden ýaýramagynyň fonunda bolup geçýär. Ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda ýokdugyny aýtmak bilen ilatdan test etmegi talap edýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, birnäçe döwlet kärhanalary öz işgärlerinden dümewiň garşysyna sanjym edilmegini, şeýle hem sanjymlaryň resminama bilen subut edilmegini talap edýär.

Hususan-da, 22-nji dekabrda "Aşgabat ýyladyş" guramasynda geçirilen ýygnakda ähli işgärlerden dümewiň garşysyna sanjym edilmegi we resminama getirilmegi talap edildi we boýun gaçyranlaryň işden aýryljagy duýduryldy. Şol ýygnakda häzirki möhüm ýyladyş möwsüminde kesellän adamlaryň sagalansoň iş başyna goýberilmejegi we işden kowuljagy mälim edildi. Bu barada 27-nji dekabrda Azatlygyň habarçysy kärhananyň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, keselläp, hassahana ýerleşdirilen dört syrkaw işgäri işden aýyrmak şol ýygnakda tabşyrylypdyr. "Işgärler azyk satyn almak ugrunda entäp, nobatlarda kesele uçraýarlar, şonuň üçin olary saglyk ýagdaýy sebäpli işe golaýlatmaly däl" diýlip, ýygnakda çykyş eden ýolbaşçynyň aýdandygyny habarçymyz belleýär we şondan birnäçe gün soň, 24-nji dekabrda üç bölüm müdiriniň kesändigini aýdýar.

Jemi 4 müň çemesi işgärli bu guramanyň işgärleriniň köpüsi dümewden sanjym etmäge howlukýarlar, beýlekiler sanjym etmezden edilendigi hakynda resminama almaga synanyşýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň paýtagtyny ýyladyş hyzmaty bilen üpjün edýän bu guramadan resmi düşündiriş almaga synanyşýar.

Bu wagt aralygynda Aşgabatda lukmanlar ilata dümewiň öňüni almak üçin sanjymy teklip etmek maksady bilen ýaşaýyş jaýlara aýlanýarlar. Sanjymdan ýüz öwrenler dilhat bermeli bolýarlar.

Soňky günlerde bu ýagdaý Aşgabatyň ençeme ýerinde, şol sanda Parahat etrapçalarynda, şeýle hem soňky ýyllarda paýtagtyň düzümine goşulan çetki etraplarda köp duş geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, lukmanlar öýme-öý aýlanyp, sanjym edýärler. Sanjymlar mugt edilýär. Käbir adamlar munuň koronawirusa garşy sanjymdygyna ynanýarlar, sebäbi lukmanlar hem käte şeýle diýýärler, emma beýleki lukmanlar edilýän sanjymyň immuniteti ýokarlandyrýandygyny düşündirýärler.

Habarçy ilatyň arasynda sanjymlardan ýüz öwürýänleriň köpdügini habar berdi we sanjym etmäge islegsizligiň esasy sebäbiniň sanjymlara ynamsyzlyk däldigini, ýöne onuň mugtdugyna we häkimiýetleriň sanjymlary etdirmek üçin basyşyna şübhe bildirilýändigini belleýär.

Türkmenistanda edilýän waksinalar barada ýurduň Saglyk ministrliginden resmi düşündiriş alyp bolmady.

Ýatlatsak, oktýabr aýynda Türkmenistanda ilatyň arasynda köpçülikleýin waksinasiýa geçirildi. Lukmanlar şonda sanjymlaryň möwsümleýin dümewe garşydygyny aýtdy. Sanjym hökmany boldy we tutuş jaýlaryň ýaşaýjylaryna guramaçylykly edildi. Sanjymdan ýüz öwrenlerden jenaýat jogapkärçiliginden habarlydygy barada dilhat alyndy. Bu aralykda ýurtda infeksiýanyň öňüni almak we COVID-19 bejermek üçin diýlip satylýan dermanlaryň gara bazary döredi.

Häzirki wagtda ýurtda koronawirusyň alamatlary bilen geçýän keselçiligiň ýaýramagy dowam edýär we ölüm wakalary köpelýär.

"Dürli tanyşlarymdan kesellänler we ölenler hakda köp eşidýärin. Howdanda 30 ýaşly bir adam öldi" - diýip, aşgabatly zenan adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

27-nji dekabrda Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky bilim edaralarynda koronawirus bilen kesellän birnäçe adam barada habar berdiler. Şol sanda 51-nji mekdepde azyndan üç okuwçy keselläpdir. Näsaglan okuwçylar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem bar. Studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynda karantin döredilipdir.

Habarçy karantinde saklanýanlar üçin nahar bilen üpjünçiligiň guralmandygyny, studentleriň ene-atalarynyň öz çagalaryna azyk we sanitariýa enjamlaryny eltmek işini özbaşdak guramalaşdyrmaly bolýandygyny we muňa rugsat almak üçin 100-200 manat pul bermeli bolýandygyny aýtdy.

COVID-19 alamatlary bilen keseliň giňden ýaýramagyna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda ölüm howply wirusyň ýokdugyny öňe sürýärler. Ýurduň prezidenti, käri boýunça lukman Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýanyň başyndan bäri dürli ösümlikleriň we halk bejeriş usullarynyň koronawirusa garşy peýdalaryny wagyz edip gelýär. Ol 25-nji dekabrda buýan köküniň koronawirusa garşy göreşde täsirli derman bolup biljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan BSG-niň teklibi boýunça ýurtda koronawirus bar ýaly hereket edýär, çäklendirmeleri girizýär we ilatdan COVID-19 testlerini talap edýär. Emma Türkmenistan BSG-niň başga bir möhüm talabyny äsgermeýär, ýagny koronawirus testleriniň nusgalaryny garaşsyz barlaglar üçin halkara laboratoriýalaryna ibermän gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG