Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa döwründe Internet 'öz ähmiýetini ýene-de bir gezek subut etdi'


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda Internetiň tizliginiň töweregindäki aladalar, ýerli we halkara onlaýn platformalar, olaryň howpsuzlygy ýaly meselelerden söz açýar.

Türkmenistanda Internetiň elýeterliligi dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan türkmenistanly üçin möhüm bolup durýar. Dünýä türkmenleri Internetiň üsti bilen Türkmenistanda galan dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýa-da tanyş-bilişleri bilen aňsat habarlaşyp bilýär.

Ýöne ýanwaryň ikinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanda Internetiň tizliginiň juda pesdigini, onuň bahasynyň gymmatdygyny hem-de IMO messenjeri arkaly hat ýa-da surat ugratmagyň görgüdigini habar berdi.

Tutuş dünýä koronawirusa garşy göreşýän mahaly, Internet öz ähmiýetini ýene bir gezek subut etdi. Petiklenen kontinentler, ýurtlar, şäherler köpçülikleýin Internet hyzmatlaryndan peýdalanyp başlady. Köp adam öz işini onlaýn ýerine ýetirmeli boldy, köp ýurtda okuwçydyr studentler sapaklaryny uzak aralykdan onlaýn geçip başlady.

Pandemiýa döwründe Internet 'öz ähmiýetini ýene-de bir gezek subut etdi'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Wirtual dünýäniň adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz aýasyna almagy öz ýany bilen käbir soraglary we aladalary getirdi. Ýurtlar şahsy maglumatyň eldegirmesizligi, şahsy maglumatlaryň goraglylygy, iri tehnologiýa kompaniýalarynyň adamlaryň şahsy durmuşyndaky roly ýaly meseleleri gozgap başlady. Muňa aýakdaş aýry-aýry hökümetler öz raýatlaryna ýerli ulgamlary maslahat berip başlady. Birnäçe ýurt Whatsapp ýa-da başga iri platformalaryň ýerli görnüşlerini köpçülige hödürläp başlady.

Ýöne tutuş dünýä Internetiň toruna düşen wagty, Türkmenistan täze şertlere nähili uýgunlaşdy?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda Internetiň tizliginiň töweregindäki aladalar, ýerli we halkara onlaýn platformalar, olaryň howpsuzlygy ýaly meselelerden söz açýar. Gepleşigimize Norwegiýadan sanly tehnologiýalar boýunça hünärmen Nazar gatnaşdy.

Geliň, ilki Türkmenistanda Internetiň bahasy we tizligi barada käbir maglumatlara syn edeliň!

Dünýä ýurtlarynda Internetiň bahalaryny we tizligini deňeşdirýän cable.co.uk saýtynyň 2020-nji ýylda ýaýradan iň soňky hasabatyna görä, Türkmenistan 1 giga baýtlyk (GB) mobil internetiň bahasy boýunça dünýäde 206-njy orunda durýar.

1 GB mobil Internetiň bahasy Türkmenistanda 55 manat. Bu dollaryň resmi nyrhynda 16 dollara, resmi däl nyrhynda takmynan 2,5 dollara barabar bolýar.

Hasabata görä, 1 GB mobil internetiň bahasy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan dünýäde üçünji orunda durýar. Onda aýdylmagyna görä, Gyrgyzystanda 1 GB mobil internet 2020-nji ýylyň tomsunda ortaça 21 sente durýardy.

SpeedTest saýtynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan öýe çekilýän Wi-Fi Internet hyzmatynyň tizligi boýunça dünýäde 176-njy orunda durýar. Türkmenistanda Wi-Fi arkaly Internetden 3 Mbit/s töweregi maglumat indirip bolýar.

Türkmenistanda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk mobil operatorydyr. Şol bir wagtyň özünde, “Türkmentelekom” milli aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk internet üpjünçisidir. Ýurtda işleýän seýrek messenjerleriň biri IMO programmasydyr.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy ulanyjylara “tmchat” atly ýerli messenjerden peýdalanmagy mahabatlandyrýar. Sanly tehnologiýalar boýunça halkara ekspertler ýerli messenjerleri ulanmagyň ygtybarlylygyny sorag astyna alýar. Ynha bu günki gepleşigimizde, biz siziň dykgatyňyza sanly tehnologiýalar boýunça türkmen hünärmeni bilen geçiren söhbetdeşligimizi ýetirýäris!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG