Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada türkmenistanly gyzyň damagyny çalmakda güman edilýän saklandy


Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde türkmenistanly bir gyzy öldürmekde güman edilýän ele salyndy. Bu barada rus habar serişdeleri kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp maglumat berýärler.

Geçen hepde türkmenistanly 26 ýaşly bir gyzyň damagy çalynan jesedi Ýekaterinburgyň Stepan Razin köçesindäki jaýlarynyň birinde tapylypdy. Munuň yzy bilen, polisiýa güman edilýän jenaýatçynyň yzyna düşdi we birnäçe günden soň ony saklady.

Rus habar serişdelerindäki maglumata laýyklykda, Türkmenistanly gyzy onuň tanyşy – gyrgyzystanly bir erkek kişiniň öldürendigi güman edilýär. Ol raýat öň neşe maddalaryny saklamakda günäli tapylypdy. Oňa Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat Kodeksiniň 105-nji maddasyna laýyklykda “adam öldürmek” aýyplamasy bildirildi.

E1 habar serişdesi güman edilýäniň 11-nji fewralda saklanandygyny, polisiýa garşylyk görkezmändigini we gyzy pul üçin öldürendigini boýun alandygyny belleýär. Häzirki pursat derňew işleri dowam edýär.

Öldürilen gyzyň we güman edilýän jenaýatçynyň şahsyýetleri aýan edilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG