Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz žurnalist S.Açylowa Berdimuhamedowa ýüzlendi


Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist, adam hukuklary boýunça halkara Martin Ennals baýragynyň 2021-nji ýyldaky finalçysy Soltan Açylowa Türkmenistanyň prezidentine wideo arkaly ýüzlenip, raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we kynçylyklary barada çykyş etdi.

70 ýaşly žurnalist Açylowanyň wideo-ýüzlenmesi 18-nji fewralda “Türkmenistany Hronikasy” neşiriniň YouTube saýtynda çap boldy.

Soltan Açylowa wideo ýüzlenmesinde, hususan-da, 2012-nji ýylda jaýlary ýumrulan raýatlara öwezine berlen Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyndaky kwartiralarda iň zerur, şol sanda ýyladyş ýaly amatlyklaryň berjaý edilmeýändigine, ýerli degişli edaralaryň hem muňa çäre görmäeýändigine ünsi çekýär.

Açylowa etrapçadaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň suw turbalarynyň ýarylyp, ýerzeminleriň hem suwdan dolýandygyny; çyg çeken otaglaryň suwaglarynyň hem gaçýandygyny nygtap, muňa delil hökmünde, suwaglary çat açan diwarlary görkezýär.

Bu ýagdaýlaryň sowuk howa şertlerinde, hususan hem gartaşan adamlara, ýaş çagaly maşgalalara köp kynçylyk döredýändigi hem bellenilýär.

Soltan Açylowa ýaşaýjylaryň öz meseleleri boýunça döwlet edaralaryna, şol sanda prokuratura ýüz tutup ýazan köpçülikleýin arzalarynyň hem jogapsyz galdyrylýandygyny nygtaýar.

Garaşsyz žurnalist Açylowa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet mediasyndaky at çapýan, balyk tutýan, ulaglary sürýän, saz çalyp, aýdym aýdýan görnüşli reportažlaryna hem ünsi çekip, bularyň deregine ýurt baştutanynyň raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen gyzyklanmalydygyny aýdýar.

Türkmenator dolandy: Berdimuhamedow ýene ýaraglardan atdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00

Soltan Açylowa prezidentiň adyna ýedi gezek hat ýollandygyny, emma Merkezi poçtadaky resmileriň ýüze çykdy diýilýän näsazlyklar sebäpli, žurnalistiň hatlarynyň ýollanmandygyny öňe sürendiklerini hem sözüne goşýar.

Açylowa her ýyl millionlarça düýp nahal baglaryny oturmak boýunça döwlet býujetinden köp sanly çykdajylaryň edilýändigini, emma bu baglaryň soňy bilen idegsiz, guradylýandygyny hem belleýär.

Şeýle-de, wideoda pensionerlere berilýän pensiýa haklarynyň, ýurduň bazarlarynda bahalaryň dowamly gymmatlamagynyň arasynda, gün-güzerany aýlamaga ýetmeýändigi hem nygtalyp geçilýär.

Soltan Açylowa hökümet maslahatlarynda ýyldan-ýyla galla, pagta planynyň doly ýerine ýetirilýändigi barada hasabatlaryň berilmegine garamazdan, iş ýüzünde pagta ýagy, un ýaly harytlaryň ýiti gytçylygynyň saklanyp galýandygyny aýdýar.

Soltan Açylowa daşary ýurtlarda türkmen häkimiýetleriniň ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny aradan aýyrmakda ýeterlik tagalla etmeýändigine nägilelik bildirip, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetden çekilmegini talap edilip geçirilen protest çärelerine hem ünsi çekip, wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda prezidentiň wezipesinden gitmek baradaky çagyryşlaryna goşulýandygyny hem aýtdy.

Aktiwistler türkmen hökümetinden kanunçylygy, adalaty we hak-hukuklary talap etmäge çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:02 0:00

Açylowa Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda prezidentlige dalaş eden pursady adamlaryň sowet döwründe amanat kassalarynda ýitiren pullaryny gaýdyp bermek ýaly beren wadalaryny hem häzirki güne çenli berjaý etmändigini belledi.

Azatlyk Radiosy hem ýokarda beýan edilen ýagdaýlarlar dogrusynda, adamlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada ýyldan-ýylda dowamly maglumatlary berip gelýär.

Soltan Açylowa ençeme ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi we diňleýjilere Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinden tapawutlanýan alternatiw maglumatlary obýektiw görnüşde berdi.

Soltan Açylowa alyp baran žurnalistika işi bilen baglylykda Türkmenistanda ençeme gezek dürli gysyşlara we hüjümlere sezewar boldy.

Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda metbugat azatlygy boýunça ýyllarboýy dünýäde iň ýaramaz derejede galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG