Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk işgärleriniň girdejileri azalýarka, ilatyň medisina hyzmatlary üçin çykdajylary artýar


Lukmanlar hassahananyň howlusyny arassalaýarlar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Lukmanlar hassahananyň howlusyny arassalaýarlar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ilat üçin medisina hyzmatlarynyň elýeterliligi barha azalýar. Keselhanalaryň hassalaryň köplügine döz gelmeýän, saglyk öýleriniň waksinasiýa taýýarlanýan we lukmançylyk işgärleriniň girdejileriniň azalan wagtynda, ilatyň saglygyny bejermek üçin çykdajylary ýokarlanýar.

Azatlygyň habarçylarynyň 19-njy fewralda berýän maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň hassahanalarynda adam köp, bu şertlerde köp adam keselhana ýerleşdirilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de goşmaça töleg bilen keselhana ýerleşmek mümkinçiligi saklanýar.

"Hassahana ýerleşmek üçin boş ýeriň ýokdugyny aýtdylar. Şondan soň bölüm müdiriniň ýanyna baryp, ýagdaýymy we saglyk halymyň agyrdygyny düşündirmeli boldum. Bölüm müdiri bir ýeriň bardygyny, emma oňa ýerleşdiriljek bir hassa garaşylýandygyny aýtdy. Ýöne 200 manat berenimden soň, derrew bir ýeriň bardygyny aýtdy"- diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berip, mundan daşary barlagyň, analizleriň, bejeriş we derman serişdeleriniň umumy bahasynyň hem goşmaça töleglidigini belledi. Köp medisina hyzmatlary hökmany saglyk ätiýaçlandyryşyň düzümine girmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bu soňky günlerde Türkmenabatdaky saglyk edaralaryna ýüz tutanda hassalaryň köp ýüzbe-ýüz bolýan hadysalaryndan biridir. Şeýle-de bolsa, berilýän hyzmatlaryň hili we saklanýan şertleri gowulaşmandyr.

Azatlyk Türkmenabadyň Köpugurly klinikasynyň we regionyň beýleki saglyk edaralarynyň resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.

Ýerli ýaşaýjylar resmi we biresmi tölegleriň köpelmeginiň sebäpleriniň birini saglyk işgärleriniň girdejileriniň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Fewral aýynyň başynda, Lebapdaky habarçylarymyz ýerli medisina edaralarynda işleýän işgärleriň aýlyklarynyň kemelendigini we munuň belli bir derejede olara tölenýän goşmaçalaryň kesilmegi bilen baglydygyny habar berdiler. Medisina işgärleriniň hususa-da, gijeki smenalar üçin goşmaça tölenýän we agyr iş şertler üçin berilýän goşmaçalar aýrylypdyr. Şeýlelikde, medisina işgärleriniň alýany diňe stawka ýagny kesgitli aýlyk hakyna düşürilipdir we zähmet haky ozalkysyndan 20% azalypdyr.

Saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň duýdansyz azalmagy bilen birlikde soňky aýda käbir medisina edaralarynyň lukmanlaryna dynç alyşa çykmak gadagan edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda koronawirusa garşy waksinasiýa geçirilýär, ýöne ol ýurduň beýleki ýerlerinde, şol sanda Lebapda başlanmady. Şunuň bilen baglylykda Lebapdaky maşgala lukmanlarynyň dynç alyşa çykmagy gadagan edilipdir.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň hökümeti, geçen ýyllaryň däbine görä, şu ýylyň başyndan hem döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň 10% ýokarlanýandygyny yglan edipdi. Muňa garamazdan, saglyk işgärleriniň girdejileri azaldy. Deňeşdirme üçin, 2020-nji ýylyň başynda saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ortaça aýlygy 1800 manat bolan bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ortaça aýlyk 1440 manat boldy.

Ýurduň häkimiýetleri lukmanlara ýeňillik tölemek baradaky wadalaryny hem ýerine ýetirmediler. Türkmen hökümeti prezidentiň geçen sentýabrda saglyk işgärlerine wada beren goşmaça ýeňilliklerini tölemedi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedik COVID-19 keseliniň simptomlary bilen geçýän keselçiligiň ýaýramagy saglyk işgärleri üçin agyr ýük boldy. Keselhanalar köp sanly hassa döz gelip bilmeýär, lukmanlar kyn şertlerde işleýär we karantinlerde goşmaça işlemäge mejbur edilýär. Lukmanlaryň arasynda kesel we ölüm derejesi ýokarlanýar. Saglygy goraýyş işgärleri ýörite eşikleri, maskalary we ellikleri öz hasabyna satyn almaga mejbur bolýar.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň girdejileriniň azalmagy we ilatyň lukmançylyk hyzmatlaryna çykdajylarynyň köpelmegi ýurtda koronawirus alamatly keseliň ýaýramagynyň we waksinasiýanyň başlanan döwründe, şeýle-de ykdysady meseleleriň güýçlenýän wagtynda bolup geçýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG