Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident özbek etrabyny sylaglaýan mahaly, käbir özbek maşgalalar deňsizlikden şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň habar bermegine görä, Mary şäheriniň “Parahatlyk”, “Samarkant” we “Şamyradow” köçeleriniň ugrunda etniki özbek milletiniň wekilleri ýaşaýar. Olar dürli problemalara, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan etrabyny 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglady.

Azatlyk Radiosy ýyllar boýy Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş üpjünçiligi bilen bagly problemalary barada habar berip gelýär. Bu sapar, Marynyň üç köçesiniň özbek ýaşaýjylary özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýaşaýyş jaý problemalary barada Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, köçeleriň ugrundaky käbir howly jaýlarda üç maşgala, käbirlerinde bolsa bäş maşgala ýaşaýar, howly jaýlaryň tutýan meýdany hem uly däl . “5 sotuk meýdanda [gurulan howly jaýlarda] 4-5 hojalyk ýaşaýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi. Şeýle-de, olar öz ýaşaýan ýerlerinde kanalizasiýanyň abat däldigini, käwagt lagym suwlarynyň çogýandygyny aýdýarlar.

Olar ýerli Öý dolandyryş müdirliklerine ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly şikaýat bildirýärler. Habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň “Atabaýewa”, “Aga Hanjanow”, “Garagum” hem-de “Bauman” köçeleriniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlary bina edilipdir, ýerli ýaşaýjylar şol jaýlara isleg bildirýär.

Ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly ýüz-ýüz bolýan problemalary bilen bir hatarda, Maryda ýaşaýan özbek milletiniň bir wekili özleriniň döwlet durmuşynda hem çetledilýändiklerini aýdýar.

“Biziň günümiz kyn. Özbek milletinden bir edarada ýolbaşçy ýok. Hökümet edarasyna barsak hem, bizi işe kabul etmeýärler” diýip, Maryda ýaşaýan bir etniki özbek Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Türkmenistanda iş üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň giň ýaýrandygyny aýdýarlar. Türkmen hökümeti ýurtda işsizligiň derejesi boýunça anyk statistiki sanlary köpçülige hödürlemeýär.

Maryda ýaşaýan özbek milletiniň wekili özleriniň ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmekde-de kynçylyk çekýändiklerini gürrüň berdi. Ol bu kynçylyklara özleriniň etniki aýratynlyklarynyň sebäp bolýandygyny öňe sürdi. Ýokary okuw jaýynyň synaglaryndan geçip bilmedik bir ýaş gyz habarçy bilen gürrüňdeşlikde özüniň özbek milletiniň wekili bolandygy sebäpli synagdan ýykylandygyny öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy ýokary okuw jaýlaryna dalaş edýän raýatlaryň etniki aýratynlyklarynyň olaryň synag netijelerine täsir edýändigi barada öňe sürülýän bu maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrligine tassykladyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanly ýaşlar ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin uly möçberde para soralýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, türkmen hökümeti özbek diasporasynyň ýurduň ösüşlerine goşant goşýandygyny we dürli milletleriň wekilleriniň ýurtda agzybir ýaşaýandygyny we olaryň deň mümkinçiliklerden peýdalanýandygyny aýdýar.

Golaýda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda özbekleriň kowçum ýolup ýaşaýan etrabyny bir ýaryşyň ýeňijisi yglan edip, ony 1 million dollar bilen sylaglady.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap yglan edildi. Berdimuhamedow bu etrabyň häkimligini 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak barada buýruga gol çekdi.

Özbek etrabynyň ýeňiji yglan edilmegi Özbegistanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana eden iş saparynyň öň ýanyna gabat geldi. 17-nji fewralda özbek baş diplomaty Abdulaziz Kamilow Türkmenistana sapar edip, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda özbekleriň uly kowçum bolup, türkmenler bilen agzybir ýaşaýandyklaryny aýtdy.

“Olar öz zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Munuň bir mysaly hökmünde 2020-nji ýylyň iň oňat etrabynyň sylaglanylmagyny görkezmek bolar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýörite bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy etrap diýip yglan edildi” diýip, döwlet mediasy türkmen prezidentini sitirleýär.

Şeýle-de, prezident Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň guruljakdygy barada özbek diplomatyna habar berdi. Daşkent şäheri Özbegistanyň paýtagtydyr.

Mundan ozal, Özbegistanyň paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähi guruldy, şeýle-de Daşkentde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdyldy. Aşgabadyň “Ylham” seýilgähinde bolsa tanymal özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň ýadygärligi oturdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG