Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatly saglyk işgärleriniň ençemesine waksina heniz edilmedi. Ýurda täze waksinalar getirildi 


Saglyk işgäri. Türkmenistanyň döwlet TW-siniň reportažyndan alnan pursat.  

Aşgabatda saglyk işgärleriniň ençemesine koronawirusa garşy waksina henizem edilmändir. Bu aralykda Türkmenistanyň Orsýetden satyn alan waksinalarynyň ençeme wagtlap garaşylan nobatdaky bölegi ýurda getirildi. Ýurtda koronawirusly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy, şol sanda mekdep okuwçylarynyň kesellemegi dowam edýär.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýa fewral aýynyň başyndan bäri dowam edýän hem bolsa, medisina işgärleriniň ençemesi henizem waksina alyp bilmändir.

Aşgabatly habarçylarymyzyň 17-nji fewralda beren maglumatyna görä, paýtagtyň saglyk öýlerinde, şeýle-de keselhanalaryň birnäçesinde saglyk işgärleri waksina garaşýarlar. Hususan-da koronawirus bilen kesellänleriň köpçülikleýin alnyp barylýan Kardiologiýa merkezinde we Semaşko adyndaky keselhanada işgärler zerur dokumentleri we anketalary esli wagt mundan öň doldurupdyr we henizem waksina garaşýarlar.

Resmi derejede COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny yglan eden Türkmenistan ýanwar aýynda Orsýetde öndürilýän iki sany waksinany hasaba aldy. Ýurtda tizden-tiz waksinasiýa başlandy. Häkimiýetler waksinasiýanyň we onuň alnyp barlyşynyň tertibi barada resmi taýdan habar bermediler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy sanjymlar üçin "Sputnik V" rus waksinasynyň ulanylýandygyny we waksinasiýanyň paýtagtdan başlanandygyny we töwekgelçilik toparyna girýänleriň arasynda edilýändigini habar berdiler. Ilkinji bolup waksina alanlaryň arasynda saglyk işgärleri, polisiýa işgärleri, ulag sürüjileri, dükan satyjylary we köp adam bilen aragatnaşykda bolýan edara-kärhanalaryň işgärleri bar.

Şol bir wagtda-da, waksinasiýa taýynlyk tutuş ýurt boýunça ýanwarda başlandy. Ilatyň ýaşy 60-dan geçen gatlagy gan barlagyndan geçirildi. Welaýatlarda töwekgelçilik toparyna girýänlere we ýaşuly adamlara waksina almak üçin elektron saglyk kitapçalaryny edinmek tabşyryldy.

Ýatlatsak, 30-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary "Sputnik V" waksinasynyň 350 kilogram möçberiniň Moskwadan Türkmenabat şäherine alnyp barylandygyny we dessine paýtagta iberilendigini habar beripdi.

Türkmenabadyň halkara aeroportundaky çeşmeler waksinalaryň ýene bir böleginiň 12-nji fewralda ýurda getirilmegine garaşylýandygyny habar beripdi. Şol waksinalar 17-nji fewralda Türkmenistana getirilipdir.

Adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürleşen çeşmämiziň sözlerine görä, 17-nji fewralda daňdan Türkmenabadyň aeroportuna baran ýük uçary Moskwanyň Domodedowo aeroportundan gije sagat 1:00 uçupdyr. Getirilen waksinalaryň mukdarynyň ozalkysyndan has uly bolandygyny çeşme belleýär.

Çeşmelerimiz Türkmenistana koronawirusa garşy rus waksinasyny getiren ýük uçarynyň iki günläp Moskwanyň aeroportunda garaşmaly bolandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlar barada Türkmenabadyň aeroportundan we Moskwanyň Domodedowo aeroportundan resmi taýdan maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksina etmek işi ýurtda resmiler tarapyndan boýun alynmaýan keseliň ýaýramagynyň we koronawirus alamatlary bolan keselden ölýänleriň köpelýän wagtynda alnyp barylýar.

Koronawirusly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy, şol sanda mekdep okuwçylarynyň kesellemegi dowam edýär. Munuň bilen baglylykda mekdeplerde dezinfeksiýa işleri geçirilýär.

Habarçylarymyzyň 16-njy fewralda aýtmagyna görä, sanitariýa we epidemiologiýa gullugy paýtagtyň 15-nji mekdebinde düýpli dezinfeksiýa işlerini geçirdi. Munuň sebäpleri düşündirilmedi.

Emma bu ýagdaý mekdepde okaýan okuwçylaryň koronawirus keseli bilen kesellemeginiň yzýanyna gabat geldi. Azatlyga mälim bolşuna görä, azyndan iki okuwçyda COVID-19 keseliniň bolmagy tassyklanypdyr. Çeşmelerimiziň biri olaryň 6-njy klasda okaýandygyny aýdýar.

Türkmenistan geçen ýylda girizen çäklendirmeleriniň käbirini gowşatmagy ähtimal. Hususan-da 1-nji martdan demirýol gatnawynyň dikeldilmeginiň planlaşdyrylýandygyny habarçylarymyz aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, munuň bilen baglylykda ilatyň ýurduň içinde hereket etmegine rugsat bermek boýunça döredilen ýörite komissiýalary ýatyrmak meselesine seredilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG