Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýlyk “paýogyň” möçberi azaldyldy, täze çäklendirmeler girizildi


Ykdysady kriziden ejir çekýän ýerli ilatyň aglaba bölegi döwlet dükanlaryndan goýberilýän degişlilikdäki arzan azyklara garaşly diýip, habarçylarymyz belleýär.
Ykdysady kriziden ejir çekýän ýerli ilatyň aglaba bölegi döwlet dükanlaryndan goýberilýän degişlilikdäki arzan azyklara garaşly diýip, habarçylarymyz belleýär.

Türkmenistanda döwlet dükanlaryndan her aý goýberilýän subsidirlenen, ilat arasynda “paýok” diýlip hem atlandyrylýan azyklaryň möçberiniň, görnüşleriniň azaldylmagy bilen bir wagtda, bu iýmit önümlerini satyn almak boýunça täze çäklendiriji düzgünler hem girizildi. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we azyk gytçylygynyň arasynda, Lebapda adamlar möhleti geçen unaş önümlerini, ownuk tüwini, mekgejöweni üwäp, çörek bişirip başladylar.

Azatlyk döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanandygy barada geçen hepdäniň ahyrynda habar beripdi. Täze bahalara görä, şekeriň 1 kilogramy döwlet dükanlarynda 7 manatdan 9 manada, ösümlik ýagynyň 1 litriniň bahasy 13 manatdan 19 manada, towuk budy 10 manatdan 16 manada çenli göterildi.

Azatlygyň habarçylary goýberilýän subsidirlenen önümleriň möçberiniň hem azaldylandygyny aýdýarlar.

“Biziň maşgalamyzda ýedi adam hasapda dur. Ozal her aý kesgitlenen bahadan 2 sany ‘Ahal ýagyny’, 2 sany günebakar ýagyny, 2 kilogram şekeri we 4 kilogram towuk buduny alyp bilýärdik. Indi hojalygymyzdaky ýedi adama aýda ýagyň her görnüşinden diňe birini we bir kilogram şekeri alyp bilýäris” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 5-nji martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz indi subsidirlenen azyk önümleriniň diňe nagt däl görnüşde satylýandygyny hem belledi.

“Maryda 2-nji martda ‘paýok’ goýberilip başlandy. Ozal nagt däl we nagt görnüşde hem töleg edip bolan bolsa, indi diňe bank ýa-da goýum kartlary kabul edilýär. Bu barada öňünden hiç hili duýduryş berilmändi. Işsiz raýatlarda bank kartlary ýok. Şol sebäpli ýüzlerçe adam ‘paýok’ paýyny alyp bilmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli efirde adynyň Oraz diýlip üýtgedilip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol indi alyjynyň bank kartynyň maşgala sany baradaky her üç aýdan almaly kepilnamada görkezilen at bilen gabat gelmelidigini hem belledi.

“Öňler adamlar pulsuzlykdan kösenen mahaly öz aralarynda ylalaşyp, soňra nagt görnüşde üzlüşmek şerti bilen, goňşylarynyň ýa dost-ýarlarynyň kartlary bilen hem söwda edip bilýärdiler. Indi bolsa bank karty alyjynyň maşgala agzalary baradaky kepilnamasynda görkezilen at bilen gabat gelmeli. Bolmasa, azyk satylmaýar” diýip, Oraz sözüne goşdy.

Ol kartlary bolmadyk adamlaryň gyssagarada goýum kartlaryny edinmek üçin banklara ýüz tutandyklaryny, emma bank işgärleriniň kartlaryň bir aýdan soňra taýýar boljakdygyny mälim edendiklerini hem nygtady.

Bu aralykda, Lebap welaýatyndaky habarçymyz sebitiň ençeme etrapdyr-şäherlerinde, şol sanda Farapda, Darganatada, Dänewde subsidirlenen azyklaryň heniz hem goýberilip başlanmandygyny, azyk gytçylygynyň arasynda pulsuzlykdan kösenýän adamlaryň beýleki dürli önümleri üwäp, çörek bişirýändiklerini aýtdy.

“Adamlar mundan iki ýüz ozalky tejribelerine dolandylar. Unuň ýoklugy, çöregiň hem bahasynyň güýç ýeterden has gymmatdygy sebäpli, olar degirmende möhleti geçen dürli unaş önümlerini, makaronlary, ownuk tüwini, mekgejöweni üwäp çörek bişirýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda walýuta kynçylyklary netijesinde azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky bahalary bilen hususy söwdadaky nyrhlarynyň arasynda uly tapawut emele geldi. Habarçylarymyz ykdysady krizisden ejir çekýän ýerli ilatyň aglaba böleginiň döwlet dükanlaryndan goýberilýän degişlilikdäki arzan subsidirlenenen azyklara garaşly bolup durýandyklaryny hem belleýärler.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy, Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini wagtlaýyn ýitirmegi, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, giň ýaýran korrupsiýa, synçylara görä, hökümetiň emelsizligi bilen goşalanyp, ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ilat garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG