Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda it baýramynyň öňüsyrasynda itler öldürilýär


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda türkmen alabaýynyň baýramyna bir aý gowrak wagt galanda, häkimiýetler paýtagt Aşgabady we Mary şäherini hem-de onuň etegindäki obalary eýesiz itlerden arassalaýarlar.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, şäherlerde we oblarda it awlaýan adamlar ‘aýylganç’ zorluk ulanýarlar. Ozallar, köplenç jemagat gullugynyň ýörite eşigini geýnen adamlar itlere garşy göreş alyp baran bolsa, ýurtdan gowuşýan soňky habarlara görä, bu işlere Aşgabatda raýat eşigindäki adamlar gatnaşýar. Maryda elleri tüpeňli harby lybasly adamlar köçelere aýlanyp, eýesiz itleri atýar.

“22-nji martda öýlän sagat 5 töwereklerinde iki erkek we bir aýal Parahat 2/4 etrapçasynda ýerleşýän dokuz gatly jaýyň ýanynda gulaklary we guýrugy kesilen ak alabai itini öldürdiler” diýip, bir paýtagtly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Görnüşi ýaly, birnäçe gün mundan ozal, bu it Nurmuhamammet Andalyp protokol köçesiniň “10 ýyl abadançylyk” köçesi bilen kesişýän ýeriniň gaty golaýynda gezim edipdir” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatladyp geçsek, 9-njy martda Azatlyk Radiosy Nurmuhammet Andalyp köçesiniň töwerekleriniň eýesiz itlerden we pişiklerden arassalanýandygyny habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylar bu köçäniň ýaňy-ýakynda birbada üç ýokary wezipä bellenen Serdar Berdimuhamedow üçin protokol köçesine öwrülendigini aýdýarlar.

“Erkek adamlaryň biriniň elinde lopata bardy, aýal adam iti tamşandyrdy. Soňra jesedi ulaga ýükläp, ol ýeri terk etdiler. Bu adamlar bu ýerde ençeme gezek görnüpdir” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu aralykda, häkimiýetler Mary şäherinde we töwereklerinde hem eýesiz itleri awlaýar. Aşgabatdan tapawutlylykda, Maryda haýwanlara garşy göreşýän adamlar harby lybasly we olaryň ellerinde ýarag bar.

Bir şäher ýaşaýjysynyň gürrüň bermegine görä, 24-nji martda ýary gijeden soň, Mary şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda partlama sesleri eşidildi.

“Heniz uklamadyk adamlar penjireden seretseler, ala reňkli harby eşikde iki sany adamyň zibilhananyň ýanynda tüpeň bilen itleri atýandygyny gördüler” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan welaýat ýaşaýjylarynyň ençemesi şäheriň eteginde ýerleşýän obalarda-da eýesiz itleriň atylýandygyny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar ýaňy-ýakyna çenli öýsüz itleriň agşamlary atylandygy, ýöne indi it atyjylaryň käbir obalarda gündizlerine hem peýda bolup başlandygyny aýdýarlar.

“Şu günler it atyjylar ‘Gökje’ we ‘Kuweýt’ obalarynyň töwereklerinde gündiz wagty itleri atyp başladylar. Ýoluň kenarynda bir maşgalanyň iti ýatan bolsa we daşarda eýesi ýok bolsa ol iti atýarlar. Eger-de itiň eýesi daşarda bolsa ‘it siziňkimi?’ diýip, soraýarlar. Eger-de ‘hawa’ diýse, ol iti atman göni geçýärler. Eger-de ‘ýok, bilmedim, goňşynyň iti öýdýärin’ diýse, ol iti şol ýerde atýarlar we ‘Niwa’ kysymly awtoulagyň bagažyna ýükläp, alyp gidýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe oba ýaşaýjysy tüpeň sesleriniň çagalaryň we aýallaryň arasynda gorky döredýändigini aýdýar.

“Biz çagalarymyzy daşaryk çykarmaga gorkýarys” diýip, bir aýal maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Öňler obanyň çetinde tüpeň sesleri eşidilerdi, biz şol wagtlar ‘näme bolýarka?’ diýerdik. Şu günler hut işigimizde aýlanyşyp ýörler. Itler eýelimi ýa olaryň eýesi ýokmy, bu olary gyzyklandyrmaýar. Goňşylarym öýlerinde ýok wagty, olaryň itini derwezäniň işiginde atyp, ulaga ýüklediler” diýip, beýleki bir oba ýaşaýjysy gürrüň berdi. Ol bolýan zatlardan çagalaryň gorkýandygyny sözüne goşdy.

“Çaga bar ýerinde-de haýwan atylarmy!? Çagalaryň kakasy towuk soýmakçy bolsa, çagalar görmez ýaly, çagalardan gaçyp soýýar” diýip, bir aýal gürrüň berdi. Ol çagalaryň gözüniň öňünde itleriň atylmagynyň olaryň ruhy saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Türkmenistanda bu ýyl ilkinji gezek bellenilýän türkmen alabaýynyň baýramy apreliň soňky ýekşenbesinde bedew baýramy bilen bilelikde bellener.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG