Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nägilelik listowkalary Maryda peýda boldy, häkimiýetler kamera gözegçiligini güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Häkimiýetler Maryda edara-kärhanalardan kamera oturtmak talaplaryny güýçlendirýär.
Illýustrasiýa suraty. Häkimiýetler Maryda edara-kärhanalardan kamera oturtmak talaplaryny güýçlendirýär.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat, Mary we Baýramaly şäherlerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy işden çekilmäge çagyrýan listowkalar peýda bolup başlandan soňra, howpsuzlyk güýçleri şu günler çagalar baglaryna, mekdeplere, bazarlara we hususy dükanlara kamera oturtmak işlerini çaltlandyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň käbir edara-kärhanalara iki günüň içinde kamera oturdylmagyny talap edýändigini habar berýär.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy martda Türkmenabatda “Gök bazaryň” hem-dä käbir söwda merkezleriniň girelgelerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy işden çekilmäge çagyrýan listowkalaryň peýda bolandygy habar berdi. Onuň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň şäher bölümleri geçen anna we şenbe günleri listowkalar bilen baglylykda çap hyzmatlaryny hödürleýän ýerli telekeçileri we hünärmenleri soraga çekdi.

Azatlygyň habarçysy şu günler prezident Berdimuhamedowyň işden çekilmegini talap edýän listowkalaryň Maryda köp gatly ýaşaýyş girelgelerinde hem peýda bolup başlandygyny habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň güýçlendirýän gözegçiligini ýurt içinde prezidente garşy peýda bolan listowkalar bilen düşündirýärler.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Demokratik saýlawy” oppozisiýa hereketi özüniň YouTube sahypasynda öz aktiwistleriniň ýurt içinde hökümete garşy listowka paýlaýandyklaryny habar berýär. Toparyň paýlaşan wideolarynda köp gatly jaýlaryň girelgelerinde we beýleki ýerlerde asylan listowkalary görmek bolýar.

Häkimiýetler bilim we terbiýeçilik edaralarynda, bazarlarda we hususy söwda merkezlerinde kamera oturtmak işlerini çaltlandyrýan wagty, Azatlygyň ýerli habarçysy güýç edaralarynyň işgärlerinden öýleriniň daş ýüzüne mundan 3-4 ýyl ozal kamera oturtmagyň talap edilendigini habar berýär.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler Maryda hukuk goraýjy işgärler köp gatly jaýlaryň aralarynda kameralar bilen enjamlaşdyrylan ulaglaryny goýup, daş-töwereklerini kamera alýarlar.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, şu hepdäniň başyndan bäri häkimiýetler VPN-leri petiklemek işlerini güýçlendirdiler. “Adamlar Telegram, Viber, Tik-tok, WhatsApps, Instagram we YouTube ýaly ulgamlara girip bilmezleri ýaly işleýän ähli VPN ulgamlaryny petiklediler” diýip, habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Prezidente garşy asylýan listowkalar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna hem-de daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň arasynda raýat işjeňliginiň öňküsinden ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýatladyp geçsek, geçen maýdan soňra, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da ýaşaýan käbir türkmenistanlylar birnäçe gezek türkmen hökümetine garşy protest aksiýalaryny geçirdiler.

Türkmen prezidentine garşy listowkalar soňky ýyllarda ilkinji gezek geçen ýylyň fewral aýynda Stambulda, türkmen migrantlarynyň arasynda meşhur bolan Aksaraý etrabynda peýda boldy. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa şeýle listowkalar Moskwanyň dürli künjeklerinde peýda boldy.

Bu aralykda, dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurt içinde nägilelik listowkalary peýda bolýan mahaly, kamera talabyny güýçlendirýän hukuk goraýjy işgärler Maryda zir-zibil dörýän adamlaryň sanynyň köpelmeginden hem alada galýar. Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler şu günler zir-zibil dörýän adamlar bilen söhbetdeşlik geçirip, olary surata düşürýärler we olardan zir-zibile baranlarynda jemagat gullugunyň işgäriniň formasyny geýmegi talap edýärler.

Maryda prezident Berdimuhamedowa garşy peýda bolan listowkalar barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Içeri işler ministrliginiň şäher bölümleri media serişdeleri üçin kommentariýa bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG