Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe pensiýa çykan 10 admiraly agdarylyşyk gurnamakda şübhe bildirip, tussag etdi


Türkiýe Stambulyň demirgazyk tarapynda Gara deňzi Marmara deňzi bilen birleşdirýän ullakan kanal gurmak planyny tassyklady.

Döwlet metbugatynyň 5-nji aprelde habar bermegine görä, Gara deňziň harbylaşdyrylmagynyň öňüni almak üçin döredilen Montreu konwensiýasynyň Türkiýäniň howpsuzlygy üçin ähmiýetini tassyklaýan açyk hata gol çeken pensiýa çykan 10 türk admiraly tussag edildi.

Anadoly habar gullugyna görä, ýene dört adama üç günüň dowamynda polisiýa barmak tabşyrylypdyr.

Deňiz güýçleriniň 104 sany öňki ýokary derejeli wekilleri tarapyndan gol çekilen açyk haty türk resmileri dessine ýazgardylar we muny harby güýçleriň ýurduň raýat hökümetine gönüden-göni täsir ýetirmek synanyşygy hökmünde kabul etdiler.

Prezidentiň metbugat sekretary Ybraýym Kalin bu hatda hökümeti agdarmak üçin harby meýilnamanyň alamatlarynyň bardygyny aýtdy.

"Pensiýa çykan harbylaryň bir topary harby agdarylyşyk döwrüni ýatladýan sözleri bilen özlerini gülkünç we betbagt ýagdaýa salýar" - diýip Kalin aýtdy.

NTW teleradiokanalynyň habar bermegine görä, 4-nji aprelde prokurorlar pensiýa çykan admirallara "döwletiň howpsuzlygyna we konstitusiýa tertibine garşy jenaýat etmek barada ylalaşmakda" şübhe bildirip, derňew işine başlapdyr.

Geçen aýda Türkiýe Stambulyň demirgazyk tarapynda Gara deňzi günortadaky Marmara deňzi bilen birleşdirýän ullakan kanal gurmak planyny tassyklady.

Türkiýäniň resmileri munuň konwensiýanyň täsiri astyna düşmejegini aýtdylar.

Türkiýäniň bu planlary Bosfor we Dardanel bogazynyň beýleki ýurtlaryň ýük gämileri tarapyndan ulanylmagyny düzgünleşdirýän 1936-njy ýylyň Montreu konwensiýasy barada diskussiýalary döretdi.

Bu konwensiýa Türkiýäniň öz çägindäki bogazlara gözegçiligini we parahatçylyk döwründe raýat gämileriniň girmegini kepillendirýär. Şeýle hem deňiz harby gämileriniň girmegini çäklendirýär.

Pensiýa çykan admirallar Türkiýäniň "Montreu konwensiýasyny sorag astyna goýup biljek islendik beýanatlara we hereketlere" ýol bermeli däldigini aýtdylar.

Olar bu konwensiýany “Türkiýäniň bütewi galmagy meselesinde möhüm şertnama” diýip atlandyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG