Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Günbatarynda ýer titreme boldy


Türkmenbaşy (illýustrasiýa suraty)
Türkmenbaşy (illýustrasiýa suraty)

Duşenbe güni Türkmenistanyň çäginde 4,7 magnitudaly ýer titreme hasaba alyndy. Bu barada Orsýetiň TASS habar gullugy 5-nji aprelde Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezine salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, ýer titremäniň merkezi 87 müň töweregi ilatly Balkanabat şäheriniň 34 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Onuň ojagy 20 km çuňlukda ýerleşýär.

Ýer sarsgynynyň netijeleri barada maglumat bolmady.

Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.

2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Balkan sebitiniň Bereket (Gazanjyk) obasynda güýçli ýer titreme netijesinde onlarça bina ýykyldy, ýurduň hökümeti bu barada habar bermedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG