Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda güýçli ýer titreme baradaky myş-myşlar dowul döredýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary 30-njy mart güni irdenden bäri dowla düşýär. Bu dowla halk arasynda ýaýraýan “ýakyn wagtda ýer titreme boljakmyş” diýen myş-myşlar sebäp bolýar.

“Aşgabatda müňlerçe adam ýakyn wagtda güýçli ýer titreme boljakdygy barada ilat arasynda ýaýran myş-myşlar sebäpli ir sagat 10 töwereklerinden bäri köçä çykýar. Bu gürrüňleriň nireden peýda bolany nämälim. Ýöne bu ýyldyrym çaltlygynda halk arasynda ýaýrady; adamlar birek-birege jaň edip, birek-birege habarlar ýolladylar. Hut şu sebäpden Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hiline täsir ýetdi. Adamlar tolgunyşyp, dokumentlerini gymmatly zatlaryny ýanlaryna alyp öýlerinden köçä çykdylar. Adamlar söwda merkezlerine girmäge gorkýarlar. Hatda Berkarar söwda merkezinde ýerleşýän firmalaryň işgärleri hem [dowul sebäpli] daşaryk çykdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 30-njy mart güni habar berdi.

Habarçymyz öýlän sagat 3-4 töwereklerine çenli hiç hili ýer titremäniň bolmandygyny, ýöne muňa garamazdan ýerli ilatyň öýlerine girmek islemeýändigini aýtdy.

“Ilkibaşda mekdepler çagalary öýlerine ugradyp başladylar. Ýöne, soňra mekdep müdirleri ýagdaýa gözegçilik edip hiç kimiň mekdepden gitmegine rugsat bermediler” diýip, habarçymyz sözüne dowam etdi.

“Aşgabadyň Halk hojalyk uniwersitetinde talyplary okuwdan boşadypdyrlar, ýöne sagat 4 töwereklerinde yzyna çagyrypdyrlar” diýip, habarçymyz belledi.

Şeýle-de Azatlygyň habarçysy ýurduň beýleki welaýatlarynda nämeleriň bolup geçýändiginden bihabardygyny, ýöne Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde myş-myşlar sebäpli adamlaryň dowla düşýändigini aýtdy.

“Myş-myşlaryň nireden peýda bolany nämälim, ýöne bu habar bilkastlaýyn ýaýradylýan habara meňzeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäherinde sosial media ulanyjylarynyň arasynda-da bu gürrüňleriň giňden ýaýraýandygy habar berilýär.

Gürrüňi edilýän ýagdaýlar boýunça Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş bolanda, ol hem ilat arasyndaky tolgunyşygy tassyklap şeýle diýdi:

“Sagat 12-lerden soň “şu gün Aşgabatda ýer titrejekmiş” diýip şäher boýunça gürrüň ýaýrady. Ol hakynda döwlet derejesinde hiç kime habar edilenok, ýöne “agyz agyzdan ýel alar” diýilişi ýaly, häzirki wagtda gundagdaky bäbekli gelinlerem çem gelen bagyň kölegesinde otyrlar. Şu wagt eýýäm iki sagat dagy bäri adamlar köçede. Eger şolar ýaly zat bar bolsa, hökümet habar etmeli, eger ýok bolsa onda bildiriş bermeli” diýip, Bugaýew belledi.

Agzalýan gürrüňler boýunça Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary halk köpçüligine maglumat bermedi.

Ýurduň döwlete degişli media we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde-de bu barada agzalmaýar.

Birleşen Ştatlaryň Geologiki barlag agentliginiň maglumatlaryna görä Aşgabat şäherine iň golaý ýer titreme iki gün mundan ozal, ýagny 28-nji martda Eýranyň Yspyraýan şäheriniň demirgazyk-gündogarynda 10 kilometr çuňlukda bolup geçipdir.

XS
SM
MD
LG